Mikki Maus 2024-nji ýylda jemgyýetçilik gymmatlygyna öwrüler

2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan çagalaryň söýgüli Mikki Mausy jemgyýetçilik gymmatlyklarynyň hataryna giriziler. Meşhur gahrymanyň 1928-nji ýylda surata düşürilen «Williniň gaýyjagy» multfilminde tomaşaçylara ilkinji gezek görkezileni bäri ýüz ýyl töweregi wagt geçdi.
Jemgyýetçilik gymmatlygy hökmünde gahrymanyň ilkinji nusgasy kabul ediler. Birinji nusga, häzirki Mikki Mausdan biraz tapawutlanýar. Onuň guýrugy uzyn we inçe, şeýle-de burny biraz süýnmegräk. 1909-njy ýylda kabul edilen kanuna görä, her bir döredilen eseriň ömrüni gaýtadan 28 ýyllap uzaltmak mümkinçiligi üçin 28 ýyllap gözlerden ýitmeli bolýar. Şoňa görä-de, bu gahrymana awtorlyk hukugy 1984-nji ýylda ýatyrylmalydy.
Şeýle-de bolsa, 1970-nji ýylda «Disney» bu möhleti ýene 20 ýyl uzaltdy. Onuňam sebäbi, «Disney» her gezek Mikki Mausyň keşbine üýtgeşiklik girizende, ol gaýtadan awtorlyk hukugyny alýandygy bilen bagly. Soňra kompaniýa möhleti uzaltmak hakynda gaýtadan gürrüň gozgady we netijede, 1998-nji ýylda syçanjyk Mikkini goramak baradaky kanun güýje girdi.
Kompaniýa täzelik mynasybetli 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan soň bütin dünýäde ýasama Mikki Mauslaryň peýda boljagyndan ýaýdanmaýar. Bu-da, öňem aýdyşymyz ýaly, «Disneyiň» her gezek gahrymanyň üýtgedilen görnüşi üçin awtorlyk hukugy alýandygy üçin. Şonuň üçinem, syçanjygyň häzirki zaman nusgalarynyň ählijesi-de goragly. Şeýle hem kompaniýa, Mikki Mausyň keşbindäki söwda belliklerine hem eýelik edýär.