“Möý adam” we “Transformerler”: 5 ýyldan soň ekranlara dolandy

“Möý adam” we “Transformerler”: 5 ýyldan soň ekranlara dolandy

Täze filmler makalamyzyň bu sanynda kino muşdaklarynyň sabyrsyzlyk bilen garaşýan 2 filmi barada gysgaça maglumat bereris.

Olaryň ilkinjisi “Möý adam: möý älemine geçiş” (Spider-Man: Across the Spider-Verse) ekşn animasiýasydyr. Hoakim Dos Santos, Kemp Powers hem-de Jastin K. Tompsonyň bilelikde režissýorlyk eden filmi “Marvel Comics” eserleri esasynda “Sony Pictures” studiýasynda taýýarlandy.

Mundan 5 ýyl prokata çykan "Möý adam: möý äleminde" animasiýasynyň dowamy bolup, şol ekran eserine tomaşaçylaram, bilermenlerem juda ýokary baha beripdi. Oskar baýragyny gazanan animasiýanyň prokatdan toplany 385 million dollara ýetipdi.

Täze animasiýada baş gahrymana – garaýagyz Möý adama bu gezek Şameik Mur ses berdi. Şol sanda Haili Steinfeld, Braýan Taýri Henri, Luna Lauren Weles, Jeýson Şwartsman, Jeýk Jonson, Issa Rae Oskar Aýzaak, Daniel Kaluuýa ýaly artistler ses bermäge gatnaşdylar.

Animasiýadaky wakalar multi älemleriň çäginde alternatiw älemde bolup geçýär. Radioaktiw möý tarapyndan çakylan Maýlz Morales başga äleme ädim ädýär. Ol bu ýerde öňküsinden has ökde hereketleriň ussady bolýar. Soňlugy bilen, oňa täze başdan geçirmeler garaşýar. Ençeme Möý adam ozal görlüp-eşidilmedik derejede güýji bolan täze duşmana garşy göreş alyp barmaly bolýarlar.

100 million dollar býujetli animasiýa görkezilip başlanyndan bäri 260 million dollara golaý girdeji gazandy. Täze animasion aýratynlyklar bilen bezelen animasiýanyň dowamlylygy 140 minuda deňdir. Ssenarisi Fil Lord, Kristofer Miller, Deýw Kallaham tarapyndan bilelikde taýýarlanan animasiýada ýaňlanýan sazlary Daniel Pemberton ýazdy.

Diňe bir çagalaryň däl, eýsem ululary hem özüne bendi edýän bu animasiýa tomaşa edenleriň 80 göterimden gowragy ýokary baha berdi. Esasan hem kinokritiklerden ýokary baha alan animasiýanyň geljekki Oskar baýraklarynda dalaşgärligine-de garaşylýar.

Ýeri gelende aýtsak, animasiýanyň 3-nji filmi-de “Spider-Man: Beyond the Spider-Verse” ady bilen geljek ýyl ekranlara çykarylar.

“Transformerleriň” täzesi täze režissýor bilen

2-nji täze ekran eserimiz hem “Hollywood”-yň meşhur “blockbuster”-leriniň dowamy bolup, ol “Transformerler” filmler toplumynyň täze bölümi, ol “Transformerler: nägehanlaryň ýokary galmagy” (Transformers: Rise of the Beasts) diýlip atlandyrylýar. Ilkinji gezek 2007-nji ýylda peýda bolan “Transformerler” filminiň täze nusgasynyň iň uly aýratynlygy režissýorynyň başga bolmagydyr. Mundan öňki 5 “Transformerler” filmine režissýorlyk eden ussat režissýor Maýkl Beý bu gezek iri taslama prodýuserleriň biri hökmünde gatnaşýar. Täze filme ozal “The Land”, “Creed II” filmlerini surata düşüren ýaş hünärmen Stiwen Kapl Junior režissýorlyk edýär.

Filmde baş keşpleri ozalkylardan tapawutlylykda garaýagyz artistler – Antoni Ramos, Dominik Fişbäk, Luna Lauren Weles dagy janlandyýar. Optimus Praýma ýene-de ussat aktýor Piter Kullen ses berýär. Ron Perlman, Piter Dinkleýj, Mişell Ýeo dagy hem beýleki robotlara ses bermäge gatnaşýar.

Aslynda bu film “Bamblbi” (Bumblebee) spin-off filmini-de hasaba alanyňda, “Transformerler” maşgalasyna degişli 7-nji ekran eseridir. “Paramount Pictures”-iň önümi bolan ekran eseriniň býujeti 200 million dollara deňdir.

Filmde Awtobotlar bilen Deseptikonlaryň arasyndaky göreşe täze bir Transformer görnüşi bolan Maksimallar hem goşulýar we täzeçe göreş başlaýar.

Mundan öňki 6 kino üçin 1 milliard 275-410 million dollar aralygynda çykdajy edilipdir. Şolaryň 2-si Aýyň garaňky tarapy (Dark of the Moon ) hem-de Gyrgynçylyk döwri Age of Extinction) filmleri 1 milliard dollardan köp girdeji gazanypdy. Umumylykda 6 filmiň prokatdan ýygnany 4 milliard 847 million dollara deň bolupdy. Şolaryň 3,3 milliard dollara golaý Demirgazyk Amerikanyň daşyndaky kinoteatrlardan toplanypdy.

“Transformerler: nägehanlaryň ýokary galmagy” filmi Los Anjelesde, Peru döwletiniň dürli ýerlerinde (şolaryň arasynda meşhur Maçu Pikçu hem bar), Kanadanyň Monreal şäherinde, Nýu Ýorkuň Bruklin sebitinde surata düşürildi.

Film 9-njy iýunda Demirgazyk Amerikadaky 3673 kinoteatrda görkezilip başlandy. Ilkinji seslenmelere seretsek, filme o diýen ýokary baha berýänleriň sany azrak. Ekşn, ylmy-fantastik filmler bilen kinokritikleriň göwnünden turmak juda kyn. Ýöne tomaşa eden adaty kino muşdaklarynyň ýaryndan gowragyny öwgüsini alan film tomaşa etmezçe däl. “Transformerler” filmleriniň muşdaklary filme onsuzam tomaşa ederler. Onsuzam olar 7-nji filme juda köp garaşdylar (5 ýyl).

Read more

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

Ridli Skottyň «Gucci-niň öýi» filminiň çykanyna üç ýyl geçenden soň, «Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder. Filmiň önümçiligine. Jorjio Guççi tarapyndan esaslandyrylan «Alkor Film» hem gatnaşar. «Gaumont Italy» kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri Marko Rozi: «Biz Jorjio Guççiniň teklibini kabul edip, maşgalasynyň ýardamy bilen dünýäde üstünlik gazanan şöhratly «Gucci» hakda

By reňkli+
Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

«Valentino-nyň» öňki kreatiw direktory Pierpaolo Piççioliniň öz ornundan gidenine entek bir hepde bolup-bolmanka, 25 ýyllap «Gucci-de» yhlasly işlän Alessandro Mikele onuň wezipesini eýeledi. Alessandro Mikele bu täzelik bilen bagly «Valentino-nyň» akkauntynda tolgundyryjy teswir goýdy. Teswirde şeýle diýilýär: –«Valentino-nyň» bir bölegi bolmak meniň üçin buýsanç. Men «Gözellik» sözüni taryhynyň bir bölegine

By reňkli+
Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

«Ýetginjekler soňky döwür saglyga howply bolup biljekdigine garamazdan şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Häzir olar muny «TikTok» ýaly sosial ulgamlarda trende öwrüp, ýoň etdiler» diýip, «New York Post» habar berýär. Meşhur blogerler saçlaryny şampun bilen ýuwmakdan ýüz öwürendiklerini aňladýan wideolary köpçülik bilen yzygiderli paýlaşýarlar. Blogerleriň içinde has ähmiýetlileriň biri hasaplanylýan Kaýnoa

By reňkli+