Näme üçin uruşly, atyşykly kinolar Oskar alanok?!

Kino sungatynyň iň uly baýragynyň Oskardygy hemmä mälim. Şu günler Oskar baýraklarynyň gürrüňleriniň köp edilýän döwri bolup, menem şol gürrüňlere ýene bir ýola goşulmagy ýüregime düwdüm. Başda-da belleýşimiz ýaly ýedinji sungatyň iň uly baýragy hasaplanýan Oskar baýraklary öz gözbaşyny 1929-njy ýyldan alyp gaýdýar. Şol ýylyň 16-njy maýynda “Hollywood Roosevelt” myhmanhanasynda 270 ynsanyň gatnaşan dabarasynda 1927-nji hem-de 1928-nji ýyllarda prokata çykan filmleriň arasyndan iň gowularyny saýladylar. Ilkinji iň gowy film baýragyna-da 3 kinonyň arasyndan öňe saýlanan “Ganatlar” (Wings) filmi laýyk görüldi. Ine, şondan bäri-de bu sungatyň iň uly baýragy hemişe üns merkezde boldy.

Wan Damm, Arnold, Jeki Çan dagy hem Oskar alarmy?

Ilkinji günden başlap, Oskar baradaky jedelli gürrüňler hiç haçan az bolmady. Soňky ýyllarda bolsa, dawalaryň, jedelli gürrüňleriň sany ep-esli artdy. Meniň etjek bolýan gürrüňimem ana, şol barada. Ýagny näme üçin Oskarda baýrak gazanýan kinolar bilen tomaşaçylaryň gowy görýän filmleriniň arasynda ullakan tapawut bar. Başgaça aýdylanda, halkyň hezil edip tomaşa edýän we häli-şindi özara gürrüňini edýän filmleri näme sebäpden iň uly baýragy alyp bilenok. Almag-a şeýlede dursun, dalaşgär hem görkezilenok. Sowaly başgarak edip sorasak, näme üçin Oskar baýragyny gazanan ýa-da festiwallarda ýeňiş gazanan kinolary halk köpçüligi hezil edip görenok.

Näme üçin Arnold Şwarsanegger, Wan Damm, Jet Li, Jeki Çan (Oskaryň hormat sylagy bar), Stiwen Sigal dagy ýa-da şolaryň surata düşen filmleri Oskar alanok?! Başgaçarak edip aýtsak, “uruşly, atyşykly kinolar Oskar alman, oňa derek içgysgynç kinolar Oskar alýar”. Ýokarda ady agzalan şahsyýetler aslynda artist bolman, sportuň belli bir görnüşlerinde has tapawutlanandygy üçin kino sungatyna aralaşan ýyldyzlar bolup, Tom Kruz, Jonni Depp, Mett Demon, Antonio Banderas, Jeýson Stetham, Hýu Jekman, Robert Dawni Junior, Maýkl Fassbender, Bredli Kuper, Jud Law, Will Smit, Tom Hardi, Itan Hawke, Mark Ruffalo ýaly häzirki zaman kinolarynyň görnükli wekilleriniň hem karýeralarynda entek şol arzylanýan heýkeljik ýok. Ýogsam ýatlap geçen aktýorlarymyň hemmesi-de onlarça şowly filmde dürli keşpleri janlandyrdylar we janlandyrmagyny dowam edýän ýyldyz artistler. Olaryň käbirleri 2–3 gezek dalaşgär görkezilse-de, entekler olara arzyly heýkeljige ýetmek başardanok. Mysal üçin Leonardo Di Kaprio 4-nji dalaşgärlikden soň, almagy başardy. Edil şonuň ýaly Bred Pitt hem ikinji plandaky iň gowy aktýor ugrundan hem bolsa, 4-nji dalaşgärlikden soň Oskara laýyk görlüpdi. Köpleriň söýgüli aktýorlary — Jonni Depp 3, Tom Kruz 3, Mett Demon 4 dalaşgärlikden hem elleri boş gaýtdylar.

Amerikan kino akademiýasy kino sungatynyň ägirdi geçen asyryň iň uly kinoçysy Çarli Çapline hem Oskar bermedi. Ýagny Çapline artistçilik ýa-da režissýor, iň gowy film ýaly ugurlardan heýkeljik “almak başartmady”. Kino sungatynyň iň uly talanty hasaplanýan Çaplin iki gezek iň gowy aktýor ugrunda, bir saparam iň gowy režissýor ugrunda dalaşgär görkezildi. Şeýle ägirt ynsan diňe Oskaryň hormat sylagy bilen oňňut etmeli boldy. Edil şonuň ýaly kino sungatynyň triller žanrynyň ussady, bu žanryň iň öňdebaryjy režissýory Alfred Hiçkok iň gowy režissýor ugry boýunça 5 dalaşgärliginde-de arzyly heýkeli başga kärdeşlerine aldyrdy.

Kino sungatmy ýa-da…

Kemala gelenine 125 ýyldan gowrak wagt geçen kino sungaty aslynda sungat (art) üçinmi ýa-da girdeji çeşmesi hökmünde esaslandyryldy!? Resmi çeşmelere görä, fransiýaly doganlar Lumierleriň oýlap tapan bu jadyly sungaty sungat bolmak bilen bir hatarda, eklenç, girdeji çeşmesi hökmünde görülýär. Kino diýilýän zady sungat hökmünde görýän ilkinji ynsan fransiýaly Žorž Melies bolup, ol ýörite effektler ulanan ilkinji režissýordyr. Lumierleriň filmleri esasan dokumental äheňde bolup, olar öz wagtlaryny köplenç täze sungaty bütin dünýä äşgär etmek hem-de film surata düşürýän we ony görkezýän enjamlarynyň satuwy üçin sarp edýärler. Şol nukdaýnazardan kino ilki başda sungat hökmünde görlübem baranok. Kinonyň sungat bolmagy täze asyrda, ýagny 1920-nji ýyllarda kino akymlarynyň (cinema waves), “German Expressionalism”-iň ýüze çykmagyndan soň has mese-mälim duýlup başlanýar. 1950–1960-njy ýyllarda bolsa, “avant-garde” düşünjesiniň döremegi, dürli “izm”leriň (surrealism, neorealism…) ýüze çykmagy kino sungaty bilen bir hatarda, sungatyň beýleki görnüşlerine-de (suratkeşlik, fotografiýa, edebiýat…) özüniň täsirini ýetirýär. Şondan soň, kino dünýäsinde adaty tomaşaçy bilen ony sungat hökmünde görýänleriň ýa-da okaýanlaryň arasynda garaýyş babatda dürli tapawutlylyklar emele gelýär. Mysal üçin M. Fritz Langyň, Luis Buniel, Agnes Warda, Žan-Luk Godard, Žan Renuar ýaly fransiýaly kino sungatynyň ägirtleriniň surata düşüren filmleri hemmäniň özüne maýyl edip baranok, hatda şol filmlere tomaşa edýänleriň sany-da juda az. Ýöne adaty tomaşaçylar fransiýaly başga bir ägirt Luk Bessonyň filmlerine welin, ürç edip tomaşa edýärler. Ine mesele-de şu ýerde ýatyr. Geçen asyryň ortalaryna Hollywood studiýalary Ýewropadan käbir fransuz, nemes režissýorlaryny Amerika film surata düşürmäge çagyrýarlar. Ýöne olaryň täze kontinentdäki başdangeçirmeleri gysga bolýar. Sebäbi Hollywood studiýalary olary “siziň surata düşüren kinolaryňyza sungat babatda söz ýok, ýöne olar bize pul gazandyranok, eden hyzmatlaryňyza köp sagboluň” diýip, yzlaryna ugradýarlar.

Şeýle-de “ölmezden ozal hökman göräýmeli 20, 50, 70, 100, 150, 200 filmiňiz” diýen sanawdaky kinolaryň köpüsi ýokarda ady agzalan režissýorlaryň kinolarydyr. Sanawlaryň sungat kriteriýalaryna görä, şol sanda, festiwaldyr baýraklarda tapawutlananlaryna esaslanyp saýlandygyny belläliň.

Türkmenlerde ýedinji sungatyň iň ýörgünli ady kino bolup, halk arasynda-da resmi ýerlerde-de aglaba kino sözi ulanylyp, film sözüni gündelik durmuşda ulanýanlara seýrek duş gelinýär. Aslynda, “kinonyň” iňlis dilindäki manysy “movie”, “cinema”, “film” diýen sözler bilen beýan edilýär. “Movie” diýilende, esasan hem “popcorn” kinolar, has takygy, kinonyň ykdysady tarapyny beýan edýän söz hökmünde görülýär. “Film” sözüniň syýasy manysy bolmak bilen bir hatarda, umumylykda ulanylýan söz hasaplanylýar. “Cinema” sözi-de kinonyň estetiki beýanyny, ýagny kinonyň sungatdygyny aňladýan terminologiýa diýlip bellenilýär. Akademiýa hem şu 3 sözüň arasyndan iň köp “cinema” terminologiýasyna gabat gelýän mazmundaky kinolary öňe saýlaýar. “Cinema”-dan soň, akademiýa üçin “film” gelýär we “movie” olar üçin soňky orunda durýar. Başda adyny agzan artistlerimiz bolsa aglaba “movies”-lerde surata düşýändigi üçin baýraklardan uzagrakda bolýarlar. Umumylykda Oskar “performance” filmlerini öňe çykarýar. Meseläniň sungat tarapy bilen gyzyklanýar. Wagtal-wagtal “popcorn” filmlerinde has şowly çykyş edenleri-de iň bolmanda dalaşgärlik bilen sylaglandyrman hem duranok.

Hemmesi-de “içgysgynç” kinolar däl

Mysal üçin 2009-njy ýyly alyp göreliň ähli döwürleriň iň köp pul gazanan kinosy “Awatar” iň gowy film ugrunda dalaşgär görkezilipdi. Şol ýyl 66 ýyldan soň iň gowy film ugrunda 10 kino dalaşgärlige hödürlenipdi. Şol 10 filmiň arasynda iň meşhury “Awatar” kinosy bolup, netijede, oňa iň gowy film baýragyna mynasyp bolmak başartmaýar. Iň gowy film baýragyna “Awataryň” režissýory Jeýms Kameronyň ozalky ýanýoldaşy Ketrin Bigelowyň Yrak urşy baradaky “The Hurt Locker” filmi laýyk görülýär. Bigelow Oskar gazanan ilkinji zenan režissýor hökmünde taryha girýär. Ýa-da 2005-nji ýylda-da ussat režissýor Stiwen Spilbergiň “Munich” kinosynyň almagyna garaşylýardy. Hatda ýeňijini mälim eden Jek Nikolson hem öz açan bukjasyndan “Munich” däl-de “Crash” filminiň çykanyna gaty geň galypdy. Ýogsam “Munich” kinosy ýeňiji bolan filmden has öňde görülýärdi. “Crash” filminiň ýeňşi Oskaryň taryhynda garaşylmadyk ýeňijileriň biri hökmünde taryha girýär.

Elbetde, akademiýa diňe “içgysgynç” filmlere, halkyň büsbütünleý halamaýan kinolaryna Oskar berenok. “Batyrgaý ýürek” (Braveheart), “Titanik”, “Gladiator”, ilkinji iki kinosy alyp bilmese-de “Ýüzükleriň hökümdary — 3” ýaly köpler tarapyndan uly gyzyklanma bildirilen ekran eserleri iň gowy film diýip saýlanypdy.

Akademiýanyň agzalarynyň köpüsiniň akýagyz amerikalylardan ýa-da ýewropalylardan bolmagy Oskary belli bir galyba salýar. Şol galypdan welin, çykmak o diýen aňsat düşmeýär. Mahlasy, bu ýagdaý azda-kände üýtgese-de üýtgemegi-de mümkin. Ýöne düýpli üýtgeşmeleriň bolmajakdygy welin anyk.

Read more

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

Ridli Skottyň «Gucci-niň öýi» filminiň çykanyna üç ýyl geçenden soň, «Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder. Filmiň önümçiligine. Jorjio Guççi tarapyndan esaslandyrylan «Alkor Film» hem gatnaşar. «Gaumont Italy» kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri Marko Rozi: «Biz Jorjio Guççiniň teklibini kabul edip, maşgalasynyň ýardamy bilen dünýäde üstünlik gazanan şöhratly «Gucci» hakda

By reňkli+
Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

«Valentino-nyň» öňki kreatiw direktory Pierpaolo Piççioliniň öz ornundan gidenine entek bir hepde bolup-bolmanka, 25 ýyllap «Gucci-de» yhlasly işlän Alessandro Mikele onuň wezipesini eýeledi. Alessandro Mikele bu täzelik bilen bagly «Valentino-nyň» akkauntynda tolgundyryjy teswir goýdy. Teswirde şeýle diýilýär: –«Valentino-nyň» bir bölegi bolmak meniň üçin buýsanç. Men «Gözellik» sözüni taryhynyň bir bölegine

By reňkli+
Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

«Ýetginjekler soňky döwür saglyga howply bolup biljekdigine garamazdan şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Häzir olar muny «TikTok» ýaly sosial ulgamlarda trende öwrüp, ýoň etdiler» diýip, «New York Post» habar berýär. Meşhur blogerler saçlaryny şampun bilen ýuwmakdan ýüz öwürendiklerini aňladýan wideolary köpçülik bilen yzygiderli paýlaşýarlar. Blogerleriň içinde has ähmiýetlileriň biri hasaplanylýan Kaýnoa

By reňkli+