“Napoleon”, “Arzuw” hem-de “Maestro” – ekranyň täze filmleri

“Napoleon”, “Arzuw” hem-de “Maestro” – ekranyň täze filmleri

Taryhda ýagşydan-ýamandan yz galdyran şahsyýetler, imperatorlar, belli-belli adamlar baradaky filmler hemişe hemmäniň üns merkezinde bolýar. Ençeme ýyl ozal ýaşap geçen şol şahsyýetleriň durmuşyna ekranda tomaşa etmegiň özboluşly lezzeti bar. Elbetde, wakalaryň dogrulygy iň esasy zat bolup durýar.

Birnäçe gün öň 86 ýaşy arka atyp, agtyklary bilen gümra bolup ýörmeli meşhur režissýor Ridli Skott sungata berlen ömründe ýene bir iri taslamany surata düşürdi. “Gladiator”, “Jennet şalygy” (Kingdom of Heaven), “Robin Hood”, “Çykalga: Taňrylar we şalar” (Exodus: Gods and Kings, 2014), “Iň soňky duel” (The Last Duel, 2021) ýaly taryhy wakalary beýan edýän filmleriň ussat režissýory Ridli Skottuň Napoleon baradaky kinony ekranlaşdyrmak islegi 3 ýyl öň başlapdy.

Agramly bölegi Beýik Britaniýada, şol sanda Fransiýadyr Maltada surata düşürilen filmiň ssenarisini režissýoryň 5 ýyl öňki “All the Money in the World” filminiň hem-de geljek ýyl ekranlara çykjak “Gladiator 2” filminiň ssenariçisi Dewid Skarpa ýazdy.

Filmde baş keşbi režissýoryň “Gladiator” filminde Kommodusyň keşbini janlandyran oskarly aktýor Žoakin Finiks ýerine ýetirýär. Režissýor aktýoryň “Joker” filmine tomaşa edeninden soň onuň  Napoleonyň keşbini hem janlandyrmalydygy barada pikir gelýär. Filmde Finiksden başga-da Wanessa Kirbi (Žozefiniň keşbini), fransiýaly belli aktýor Tahar Rahim (Pol Barras) dagy bilen bir hatarda, Rupert Ewerett, Ben Maýlz, Ludiwin Sanier ýaly artistler dürli keşplerde surata düşdi. Filmiň sazyny britaniýaly kompozitor Martin Fillips ýazdy.

Ekran eseriniň býujeti barada anyk maglumat berilmän 130-200 million dollar aralygynda diýlip bellenilýär. Film bilen baglanyşykly iň esasy tehniki ýagdaý hem onuň dowamlylygydyr. Kino 157 minutlyk görnüşde prokatlara ýaýradyldy. Ýöne “Apple” şereketi filmiň prokatlardan soň “Apple+ TV” streaming platformasynda 4 sagatlyk “director’s cut” görnüşiniň görkezijekdigini habar berdi. Ýagny adaty prokatlardakydan 83 minut köp bolar. Filmiň ekranlara çykanyna 20 gün bolup gelýär we ol häzirlikçe 140 million möçberinde girdeji gazandy.

Film baradaky umumy maglumatlardan soň, onuň bilen baglanyşykly gürrüňlere geçeliň. Filmiň taryhy görnüşde bolmagy onuň derejesini ýokarlandyrýar. Ýöne “Arabystanly Lawrens” ýaly nusgawy kinonyň, hatda, režissýoryň öňki meşhur filmleri – “Gladiator”, “Jennet şalygy” ýaly ekran eserlerine hataryna-da baranok. Emma şonda-da film ýylyň iri taslamalarynyň biri bolup, esasan hem uruşly sahnalary has şowly çykypdyr.

Film baradaky jedelli gürrüňleriň köpüsi fransuzlardan gelip çykýar. Olar ilki bilen-ä filmiň diliniň fransuzça däldigi bilen baglanyşykly az-owlak öz nägileliklerini bildirýärler. Ýene bir gürrüň hem käbir wakalaryň hakykat gabatlaşmaýandygy aýdylýar. Partnýory Wanessa Kirbi bilen ysnyşykly keşp janlandyran Hoakin Finiksiň Napoleona görä, ýaşynyň ulurakdygy hem aýdylýan nägilelilikleriň hataryna bar. Ýagny Napoleonyň 20 ýaşlaryndaky keşbini hem 49 ýaşyndaky Finiks janlandyýar. Başga-da fransuz kinotankytçylar filmi az-owlak içgysgynç hem-de anti-fransuz diýlip baha berdiler.

Filmde adyndanam hem belli bolşy ýaly, Napoleonyň ýaşajyk esgerlikden imperatorlyga çykyşy, onuň Žozefin bilen gatnaşygy, maşgala durmuşy, çylşyrymly we galagoply şahsy durmuşy barada söhbet açylýar. Umumylykda filme berlen baha pes bolman, o diýen ýokary hem däl. Ýöne elbetde, hemme zat birýana, filme režissýory üçin, baş keşbini janlandyryjy aktýory üçin, şol bir wagtyň özünde taryhy şahsyýetleriň durmuşy barada azda-kände bir zatlar öwrenmek üçin hem tomaşa etse bolar.

2-nji täze ekran eserimiz animasiýa bolup, bu ugruň iň öňdebaryjysy Disney-iň her ýyl çykarýan mýuzikal multfilmleriniň ýene biri bolan “Arzuw” (Wish) animasiýadyr. Kris Bak hem-de Fawn Weerasunthornyň bilelikde surata düşüren animasiýasynyň hem býujeti 200 million dollara golaý bolup, ol häzirlikçe 85 million dollar töweregi girdeji gazandy. 95 minutlap dowam edýän animasiýanyň baş gahrymanlaryna Ariana DeBos, Kris Paýn, Alan Tudyk ýaly artistler ses berýär. Aýdym-sazy bolan animasiýada ýaňlanýan aýdymlaryň köpüsini Ariana DeBosyň özi seslendirýär.

Aşa atly 17 ýaşly gyz ähli dilegleriň, arzuwlaryň hasyl bolan şalygy Rosasda ýaşaýar. Ol bir zat dilese, dilegi, islegi dessine ýyldyzlaryň hem kömegi bilen hasyl bolýar. Ýöne bir gün Aşa we onuň Star atly ýyldyzjygy güýçli duşman bilen ýüzbe-ýüz gelýär we şonda olar öz güýçlerini birleşdirmeli bolýar...

3-nji täze filmimiz “Maestro” diýlip atlandyrylýar. Soňky ýyllarda režissýorlyga ädim eden meşhur aktýor Bredli Kuperiň täze filminde (onda-da aýdym-saz älemine degişli temalarda kinolar düşürýär) baş keşbi onuň özi janlandyrýar. 2 sagatdan gowrak wagtlap dowam edýän filmiň ssenarisini Kuperiň özi Joş Singer bilen bilelikde ýazdy. Ekran eserinde baş keşbi Kuperiň özi (Leonard Bernstaýn), onuň ýanýoldaşynyň keşbini-de Kareý Malligan (Felisia Montealegre) janlandyrýar. Ençeme sagatlyk makiýaždan Bernstaýnyň keşbine bürenýän Kuperiň ady Oskar ugrunda hem agzalýar.

Netflix-iň önümi bolan bu awtobiografik filmde amerikaly meşhur kompozitor Leonard Bernstaýn we kosta rikaly ýanýoldaşy Felisia Montealegreniň bilelikdäki galagoply durmuşy barada gürrüň berilýär. Bernstaýnyň syýasy garaýşy, ýerine ýetiren sazlary filmde açyk beýan edilýär. Aktiwist hem bolan Bernstaýn “On The Waterfront” filmi üçin ýazan sazlary oňa Oskar baýragyny hem gazandyrýar.

Wenesiýa film festiwalynda hem görkezilen we “Altyn ýolbarsa” dalaşgär bolan filme kinotankytçylar ýokary baha berýär.

Read more

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

Ridli Skottyň «Gucci-niň öýi» filminiň çykanyna üç ýyl geçenden soň, «Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder. Filmiň önümçiligine. Jorjio Guççi tarapyndan esaslandyrylan «Alkor Film» hem gatnaşar. «Gaumont Italy» kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri Marko Rozi: «Biz Jorjio Guççiniň teklibini kabul edip, maşgalasynyň ýardamy bilen dünýäde üstünlik gazanan şöhratly «Gucci» hakda

By reňkli+
Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

«Valentino-nyň» öňki kreatiw direktory Pierpaolo Piççioliniň öz ornundan gidenine entek bir hepde bolup-bolmanka, 25 ýyllap «Gucci-de» yhlasly işlän Alessandro Mikele onuň wezipesini eýeledi. Alessandro Mikele bu täzelik bilen bagly «Valentino-nyň» akkauntynda tolgundyryjy teswir goýdy. Teswirde şeýle diýilýär: –«Valentino-nyň» bir bölegi bolmak meniň üçin buýsanç. Men «Gözellik» sözüni taryhynyň bir bölegine

By reňkli+
Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

«Ýetginjekler soňky döwür saglyga howply bolup biljekdigine garamazdan şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Häzir olar muny «TikTok» ýaly sosial ulgamlarda trende öwrüp, ýoň etdiler» diýip, «New York Post» habar berýär. Meşhur blogerler saçlaryny şampun bilen ýuwmakdan ýüz öwürendiklerini aňladýan wideolary köpçülik bilen yzygiderli paýlaşýarlar. Blogerleriň içinde has ähmiýetlileriň biri hasaplanylýan Kaýnoa

By reňkli+