Näsag Pariž.

Haçan-da dini mazohizm gurşap alan halkynyň medeniýet we sungat genetikasyna täsir edeninde, bu ugurlarda bolup geçýän hadysalarda aýdyň aratapawut emele gelýär, gaty goýy medeniýet we sungat fenomen kontrasty orta çykýar.
Soňky birnäçe aýyň içinde Mordor hökümeti tarapyndan başlanan we alnyp barylýan gumanitar betbagtçylygyň täsirinden çykma synanyşygyna kömek berýän faktorlaryň biri sungat bolup durýar. Bu ýerde sungaty hakykatdan uzaklaşmak üçin däl-de, eýsem oňa has ýakyndan düşünmäge synanyşmak üçin bir gural diýip hasap etmeli. Eger sungat sizi hakykatdan uzaklaşdyryp Narniýa alyp gidýän bolsa, onda ol meniň gözümde kör köpüge-de degenok. Bu ýazan sözlemimiň içine metaforalar girmeýär. Ýazylanlara “at gözi” bilen seretjekler üçin bir meselem getirmek isleýän: Kafkanyň metamorfozasy ýa-da Doganlar Strugaskylaryň kitaplary durmuşda bolup bilmejek wakalardan ybarat bolsa-da, olar göçme many arkaly pikirlerini obýekte öwürýärler.
Akyly ýerinde bolan adamlaryň ählisiniň, esasanam post sowet ýurtlarynyň Mordor agressiýasyna garşy garaýyşlaryň arkasynda durýan, şu ýerde bu meselä nokat goýmak isleýän. Ýöne meni biynjalyk edýän mesele, soňky ýyllarda orta çykan “cancel culture” bolup durýar. Özüni dünýäniň merkezinde saýýan şol orta synp bu akymy başlanam, onuň öňdebaryjy wekilem bolup durýar. Şol akymy soňuna çenli öňe sürýän kemakyl orta synp — analiz ukybyny ýitirendigi sebäpli düşünip bilmän ýa-da kellesine agram salmak islemeýändigi üçin keseki zatlaryň ählisiniň ýok bolup gitmegini isleýär. De facto, erbet millet ýokdur, erbet adam we onuň tarapdarlary bardyr. Şonuň üçin, az-kem bolsa-da dünýäde nämeleriň bolup geçýändigini bilýänleri şol “cancel culture”-dan uzaklaşmaga çagyrýan.
Ýokarda ýazanlarym gury bolmaz ýaly, şu platformada paýyma düşen aýdym-saz sungatyndan meselem getirmek isleýän.
Bu gezekki sanymyzy Shortparis atly rus elektro punk toparyna bagyşladyk. Aslynda bu topary belli bir žanryň içine salmak kyn, sebäbi özlerini gözleýän adamlary hiç bir wagt belli bir gabyň içine salyp bolmaýar. Toparyň solistiniň “Kim haýsy žanryň içine goýasy gelse goýup biler” diýşi ýaly, men bulary elektro punk žanryna laýyk gördüm. Bu toparyň biografiýasynyň özüm bilen kesişýän ýerinden dowam etmek isleýärin. Ýyl 2018, duýgy guraklykda tötänleýin duş gelen “Страшно” (gorkunç/gorkmak) aýdymyny diňläp görenimde meni dirilik duýgusy gurşap aldy. Saz, söz, wizual tarapdan alanyňda düýbünden özboluşly bir many bilen döredilendigini aňyp bolýar. Bu toparyň döredijiligi bilen tanyşmak isleseňiz, birinji şu aýdymdan başlamagyňyzy maslahat berýän. Aýdymyň özi döwrüň ruhy ýagdaýyny şöhlelendirýändigi üçin üstünden üç ýyl geçse hem aktuallygyny ýitirmeýär. Içiňiz gysmaz ýaly hemme aýdymlaryny jikme-jik analiz edip oturjak däl, şonuň üçin diňe ýokarda ady geçen aýdymy hakda gysgaça agzap geçmekçi. Ýazgynyň dowamyny okamazdan öň, ýene bir bäş minudyňyzy aýryp, ilki bilen aýdymy diňläp görmegiňizi maslahat berýärin.
Aýdymyň adynyň gorky bolmagynyň sebäbini toparyň bir agzasy şeýleräk düşündirýär: “Soňky wagtlar iň köp eşidýän sözlerimiziň biri şu söz boldy.”
Şeýlelikde eger aýdyma düşürilen wideony gören bolsaňyz, ilki bilen gözüňize dürtülýän zat saçy syrylan ýaş oglan (toparyň solisti) we onuň arkasynda arap dilinde ýazylan “aç” ýazgysy. Bu protest hem idealogiýanyň üstünden gülmek, sebäbi solistiň we onuň gapdaly bilen hereket edip başlaýan toparyň beýleki agzalarynyň daş keşbine seredeniňde birinji aklyňa gelýän meňzetme “Skinheadlar” bolýar. Şeýle bolmagynyň sebäbi bolsa, skinheadlar neo nasizmiň tarapdarlary bolup başga milletlere garşy bolan ýigrençleri bilen tanalýar. Dowamynda, özi bilen skinhead simwolyny göterýän oglanlar mekdebiň içine girýärler we wagtlaýynça mekdebiň içinde ýaşamaly bolan “Gastarbeiterlar” (myhman işçi) bilen gabatlaşýarlar. Mekdep okuwçylarynyň skinheadlaryň yzyna düşmegi hem okuwçylara mekdep tarapyndan berilýän bilimde şol ýigrenç idealogiýaň orny barlygynyň simwolizmi. Bu ýerde garaşylýan indiki ädim ädilmän düýbünden başga bir tarapa ýol alýar. Bu bolsa iki tarapyň arasynda üýtgeşikligiň bolmandygyny aňladýar. Soňunda bolsa adamlaryň ten, millet, dil, din aýratynlyklaryna garamazdan üýşüp, ýurdy suratlandyrýan ýaş oglanjygy diri jaýlamaga alyp barýanlygyny görýäris. Bu, halkyň içinde uly rol alan şol idealogiýanyň nähili netijelere getirip biljeginiň alamaty.
Bu toparyň garaşmaýan ýeriňde ýüzüňe şapbat çalýan başga iki aýdymynyň hem üstünde gysgaça durup geçeýin. Olaryň birinjisi“Говорит Москва” (Gürleýär Moskwa). Ikinji jahan urşunda ajy-süýji habarlaryň hemmesi şu iki söz bilen başlaýardy, şeýlelik bilen hemme kişiň kellesinde orun alan bir fenomen boldy. Bu aýdymyň maksady ýöne düýbünden başga zat. Ikinji jahan urşunyň netijesi bilen düýbünden başga ýere giden SSSR harby bir döwlete öwrüldi. Bu ýola baş goşan halkyň ýüzi taryhda ýeke gezegem gülmedi. Goýanyň öz çagasy iýýän Saturn suratyndaky ýaly, döwlet öz halkyny iýmäge başlady. Repressiýalar diýsem has düşnükli bolar . Ilki ýurduňy goramak üçin janyňy orta goýarsyň, soňra bolsa ol seniň janyňy alar.
Ikinji aýdym bolsa, Яблонный Сад (Alma bagy). Ýene-de şol ikinji jahan urşy gürrüňine dolanyp gelmeli bolýarys, sebäbi şol harby döwletiň galyndylary täze döwleti dolandyrmaga başlanlarynda kagyz üstünde döwlet gurluşy üýtgese hem çüýrän beýinler üýtgemeýär. Şol çüýrän beýinler hem diňe özi ýalylary ýetiştirmek isleýärler we çagalygynyň nostalgiýasyndan çykyp bilmeýärler. Bu meseläniň nirelere getirip biljegine köpimiz ýakyndan tanyş. Aýdymyň adynyň alma bagy bolmagy köp halklarda adam nesliniň agaç bilen deňeşdirilmegi bilen geçen we geljek nesliň metaforasy ýerine ulanylýar. Öten nesliň diken alma agajy miwe berip başlanynda şol çüýrük kelleliler miweleriň hemmesini alyp gömdüler, gömýärler. Kelläňizde diňe meniň bu aýdymlara bolan garaýşym ornaşmaz ýaly galanynam size goýýan.
Esasy maksadym islemeseňiz hem dogrulary gözüňize sokmak bolsa-da, “Kelte Parižiň” döredijiligi diňe agzap geçen aýdymlarymdan ybarat däl. Bu toparyň doly dört sany albomy bar. Iň birinji çykaran albomlary 2013-nji ýylda “Daughters” ady bilen çykdy we albom fransuz hem-de iňlis dillerinde ýazylan. Ikinji albom bolsa “Paskha” ady bilen çykdy. Galan iki albomyň esasy öňe sürýän pikirlerini ýokarda agzap geçdik. Ilki iki albom barada dilimi şeýleräk guratmak isleýän: Birinji albom mydama özüňi tanatmak üçin gaty gowy instrument, şol bir wagtda içiňde üýşüp giden ähli zatlary daşary çykarmak pikiri bilen öňe sürülýär. Ikinji albom bolsa, eýýäm özüňi subut etmek. Şonuň üçin Daughters, toparyň žanryny tanadyp doglan gününi beýan edýän wagty Paskha ýuwaşlyk bilen öz içine seretmäge başlaýar. Daughters täze diňleýjiler üçin ýazylan bolsa, Paskha öz içine ýüzlenilip özi üçin ýazylan albom. Gysgaça şeýleräk. Soňky aýtmak islän zadym, toparyň diňe agyr pikirler bilen kelläňe agram saljak aýdymlary däl, agyr günden soň ýeke galyp tans edip boljak aýdymlary hem bar. Ýene-de iň birinji sözlemimi ýatladaýyn. Diňläp görseňiz hemme aýdymda melanholiýaň yzlaryna gabat gelip bilersiňiz.