“New World Wind” emeli agaçlary arkaly ýewropalylary elektrik energiýasy bilen üpjün eder

“New World Wind” kompaniýasy özüniň “Aeroleaf” tehnologiýaly “WindTree” generatorlary arkaly ÝB-ni gaýtadan işlenen elektrik energiýasy bilen üpjün etmegi maksat edinýär. Daşyndan seredeniňde haý-tek stilindäki agajy ýatladýan bu ulgamyň ýekeje biri ýylda 2400 kilowatt energiýany işläp çykarmaga ukyplydyr.
“New World Wind” kämil görnüşli “WindTree” mikroýel turbinalaryny gün panelleri bilen bilelikde 2024-nji ýylyň başynda gurnamaga girişer. Adatça, şeýle emeli agaçlaryň her birinde ýel bilen hereket edýän mini generatorlaryň 54-si ýerleşendir.
Bilermenleriň hasaplamalaryna görä, bu emeli agaçlaryň biriniň işläp çykarýan energiýasy dört adamdan ybarat öý hojalygy üçin ýeterlik.