Nikolas Keýj hemmeler bilen hoşlaşdy

Mundan birki gün öň meşhur amerikan aktýory, Oskar we Altyn Globus baýraklarynyň eýesi Nikolas Keýj karýerasyny tamamlamak niýetiniň bardygyny aýtdy. Ol öz gelen çözgüdini:
Men kino hakda aýtmaly zadymy aýdandygymy duýýaryn. Ýalňyşmasam, men kinoda öz başaran ýerime çenli ýetdim – diýip teswirledi.
Keýjiň aýtmagyna görä, ol hemmeler bilen “ýokarky perdeden hoşlaşmak isleýär”. Aktýor tutuş karýerasynyň dowamynda köp taslamalara gatnaşmagy başardy. Onuň diňe 2023-nji ýylyň özünde janlandyran keşpleriniň sany alta ýetdi.
Şeýle-de, aktýor juda ýadandygy we galan güýjüniň ýetse, bir ýa iki filme ýetjekdigini hem boýnuna alýar.