Notasyny üýtgetseňem plagiat plagiatdyr

Notasyny üýtgetseňem plagiat plagiatdyr

Ýazgymyzyň bu sanynda biraz hem bolsa halkyň arasynda meşhur bolan bir tema barada söz açmakçy: plagiat. Ýene-de türkmen aýdym-saz industriýasyna kellämi sokman, ony öz işiniň ussadyna goýup, has ulurak göwrümlerde bolan plagiatlar barada söz açmakçy.

Bu sanawyň başyny MTV bilen dünýäni tanap başlan nesliň, ýagny 80-90-njy ýyllarda doglanlaryň bir wagtlar iň halaýan aýdymlarynyň biri bolan Ice ice baby atly aýdym çekýär. Şol ýyllarda hip-hop žanryny dünýä sahnasyna "Beastie boys" ,"Run DMC", N.W.A, "Public Enemy" ýaly toparlar çykarsalar hem, bir ýerlerden hiç tanalmaýan Vanilla Ice lakamly Robert Matthew Van Winkle (Robert Metýu Wan Winkl) çykýar.

Elbetde, dowamyny özüňiz hem bilýänsiňiz. Hemme ýerden, ähli radio stansiýalaryndan şol aýdymy ýaňlanýardy.

Adaty günleň birinde "Queen" toparynyň agzasy bolan Brian May dynç alyp oturan klubynda tanyş saz eşidýär. Sazyň öz toparynyň David Bowie bilen aýdan görnüşlerinde däl-de, eýsem başgarak dowam edýändigini görýär. Brian May aýdymy goýan DJ-den ony kimiň aýdandygyny bilýär we ilkinji gezek öz aýdymlarynyň ogurlanandygyna göz ýetirýär. Bu wakanyň dowamynda "Queen" topary Vanilla Ice we onuň prodýuserini kazyýete berýär. Munuň netijesinde aýdymyň awtorlygyna öz atlaryny hem goşduryp, albom satyşlaryndan gelen girdeýjiden eslini gazanýarlar. Ýöne, bu wakanyň gülkünç ýeri Vanilla Ice-yň plagiat bilen bagly soraga beren jogabydyr. Onuň pikirine görä aýdymyň sazy "Queen" toparynyňka hiç meňzänok, sebäbi ol ýerde bir nota üýtgeýär. "Notasy üýtgedilen" aýdym Under Pressure. Vanilla Ice-yň plagiat baradaky kommentariýasyny bolsa şu ýerde görüp bilersiňiz.

Elbetde, hip-hopda sampling (başga bir sazyň bir bölegini alyp, täze bir aýdymyň fundamentini döretmek) giňden ulanylýan hem bolsa, nireden we kimden alandygyňy resmi şekilde belli etmeseň, bu bir resmi jenaýat ýa-da ogurlyk hasap edilýär.

Vanilla Ice ýaly, bir hit bilen tanalyp, öçüp gidenleriň biri MC Hammer bolmak bilen birnäçe albom çykarsa-da köpçüligiň aňynda ýekeje aýdym bilen galdy: U Can't Touch This aýdymy. MC Hammer özüniň üçünji albomyndaky bu aýdym bilen hip-hop žanrynda ilkinji briliant plastinka alan artist boldy. Ol hem Vanilla Ice ýaly beýleki hip-hop artistleri tarapyndan halanmaýar, bu halanmaýan artistleriň arasyna Will Smithi hem goşup bileris. (Will Smith kareýerasynyň başynda diňe filmlerde orun alman, ýany bilen rap aýdymlary hem çykarýardy we birnäçe gezek Grammy baýragyny alypdy.)

Bu artistleriň halanmaýanlygynyň sebäbi hem olaryň akýagyzlara ýaranmaga synanyşmaklary diýip aýdyp bileris. Ilkibaşda, rap köçäniň sazydy we ten reňkleri sebäpli kemsidilen afro-amerikanlaryňkydy.

MC Hammer hem U Can't Touch This atly aýdymynyň awtorlarynyň ýanyna asyl sazyň eýesi bolan Rick Jamesiň adyny goşmaýar. MC Hammer şol aýdymynda Rick Jamesiň 1981-nji ýylda çykaran "Street Songs" albomunyň Super Freak atly aýdymynyň sazyny ulanýar.

This image has an empty alt attribute; its file name is a-20957-1555535164-6287.jpg

Bu wakanyň hem gülkünç tarapy bolsa, Rick Jamesiň şol Super Freak aýdymy oňa uly meşhurlyk getirýär. Hemmelere belli bolan sazyň eýesini görkezip, dogry ýoldan ýöräp, goh-galmagalsyz çözüp boljak meseläni MC Hammer kyn we çykdaýjyly ýol bilen çözmeli bolýar. Vanilla Ice ýaly MC Hammer hem, kazyýetiň çykaran karary bilen Rick Jamesiň adyny awtorlaryň arasyna goşýar we şol aýdym bilen bagly ähli girdeýjilerden belli bir möçberde tölemeli bolýar.

This image has an empty alt attribute; its file name is 8th-records-rick-james-street-songs.jpg

Read more

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

Ridli Skottyň «Gucci-niň öýi» filminiň çykanyna üç ýyl geçenden soň, «Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder. Filmiň önümçiligine. Jorjio Guççi tarapyndan esaslandyrylan «Alkor Film» hem gatnaşar. «Gaumont Italy» kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri Marko Rozi: «Biz Jorjio Guççiniň teklibini kabul edip, maşgalasynyň ýardamy bilen dünýäde üstünlik gazanan şöhratly «Gucci» hakda

By reňkli+
Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

«Valentino-nyň» öňki kreatiw direktory Pierpaolo Piççioliniň öz ornundan gidenine entek bir hepde bolup-bolmanka, 25 ýyllap «Gucci-de» yhlasly işlän Alessandro Mikele onuň wezipesini eýeledi. Alessandro Mikele bu täzelik bilen bagly «Valentino-nyň» akkauntynda tolgundyryjy teswir goýdy. Teswirde şeýle diýilýär: –«Valentino-nyň» bir bölegi bolmak meniň üçin buýsanç. Men «Gözellik» sözüni taryhynyň bir bölegine

By reňkli+
Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

«Ýetginjekler soňky döwür saglyga howply bolup biljekdigine garamazdan şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Häzir olar muny «TikTok» ýaly sosial ulgamlarda trende öwrüp, ýoň etdiler» diýip, «New York Post» habar berýär. Meşhur blogerler saçlaryny şampun bilen ýuwmakdan ýüz öwürendiklerini aňladýan wideolary köpçülik bilen yzygiderli paýlaşýarlar. Blogerleriň içinde has ähmiýetlileriň biri hasaplanylýan Kaýnoa

By reňkli+