On ýyl dymyşlykdan soň: Jennifer Lopes täze albom çykarar

Jennifer Lopes on ýyllyk arakesmeden soň täze albom çykarar. Diňleýjiler “This Is Me...Now” (Bu men...häzir) diýlip atlandyrylýan bu albom bilen 2024-nji ýylyň 16-njy fewralynda tanşyp bilerler.
Täze albomyň çykjak wagty mundan 20 ýyl öň çykarylan “This Is Me...Now” (Bu men...häzir) atly albomyň ýubileýine gabat gelýär. Jeý Lonuň özüniň hem-de Rojet Çaýediň prodýuserliginde taýýarlanan “This Is Me...Now” albomy R&B, pop we hip-hop stilindäki aýdymlardan ybarat bolar.
Albomyň birinji aýdymy “Canʹt Get Enough” (Ýeterlik däl) 2024-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda ilkinji gezek ýaňlanar. Albomda 13 trek bolup, olaryň içinde Jennifer Lopesiň öz adamsy Ben Affleke bagyşlap 2002-nji ýylda çykaran “Dear Ben” aýdymynyň dowamy bolan “Dear Ben Pt.II” aýdymy hem bar.