“Oppenhaýmer” Altyn globus heýkeljiklerini çöpledi, gezek Oskardamy ýa-da...?

“Oppenhaýmer” Altyn globus heýkeljiklerini çöpledi, gezek Oskardamy ýa-da...?

Kino äleminde ýylyň ilkinji esasy baýraklary gowşuryldy. Oskaryň buşlukçysy hasaplanýan Altyn globus baýraklarynyň 81-nji gowşurylyş dabarasyna geçen ýyla garanyňda, köp kişi tomaşa edipdir. Hollywood-daky daşary ýurtly žurnalistler bileleşigi (HFPA) tarapyndan berilýän baýraklar, soňlugy bilen Oskary hem kesgitläp bilýär. Ýagny Altyn globusy alyp, Oskary-da alan birnäçe film ýa-da artist, režissýor bar.

Bilşiňiz ýaly, Altyn globus-da filmler 2-ä bölünýär. Drama kategoriýasy hem-de mýuzikal ýa-da komediýa kategoriýasy bolup, 2 sany ýeňiji ýüze çykýar. Ilki drama kategoriýasyndan başlasak, “Oppenhaýmer” iň gowy film diýlip saýlandy. Film dabaradan 5 baýrak bilen dolanyp, ony surata düşüren Kristofer Nolan hem ilkinji Altyn globus heýkeljiklerini gazandy. Ýagny iň begendiriji zatlaryň biri-de ussat režissýoryň bu arzyly baýragy gazanmagy boldy.

Iň gowy film baýragyny “Oppenhaýmer” däl-de, başgasy alyp bilerdimi? Aslynda Oskar baýraklary bolsady “Ýykylmagyň anatomiýasy” alardy diýip bolar. Ýöne Altyn globusda “Oppenhaýmer” ýa-da “Dolan Aý ganhorlary” filmlerinden biri almalydy. Baýragy ikisiniň arasyndan has öňe saýlanýanyna berdiler.

Iň gowy mýuzikal ýa-da komediýa kategoriýasynda bolsa baýrak garaşylyşy ýaly gresiýaly režissýoryň “Görgüli betbagtlar” (Poor Things) filmine berildi. Beýleki 5 dalaşgärden ep-esli öňe saýlanýan filmiň Oskara-da ymtylýandygyny belläliň.

Iň gowy režissýor baýragyny 3 esasy dalaşgäriň arasyndan has mynasyby – Kristofer Nolan aldy. Beýlekiler Martin Skorseze bilen Ýorgos Lantimosdy. Iň gowy ssenariý baýragy-da ýylyň şowly çykan kinosy, eýýämden esasy sylaglary çöplän we öňümizdäki günlerde-de baýrak muzeýini doldurjak fransuz filmi “Ýykylmagyň anatomiýasy” filmine berildi. Has takygy, filmiň ssenarisini ýazan Žustin Trie bilen Artur Harari sylaglandy. Ýeri gelende bellesek, filmiň režissýory Žustin Trie Artur Harariniň ýanýoldaşy bolup, baýragy maşgala bolup aldylar diýsek, ýalňyş bolmaz. Bu ekran eseri iňlis dilinde bolmadyk iň gowy film baýragyny hem gazanyp, Los Anjelesden ep-esli ýüklüje dolandy.

Artistçilik ugurlaryna seredeliň. Drama kategoriýasynyň iň gowy aktýory diýlip “Oppenhaýmer” filminiň ýyldyzy Killian Mörfi, iň gowy aktrisasy diýlip hem “Dolan Aý ganhorlary” filminiň ýyldyzy Lili Gladstoun saýlandy. Mörfiniň esasy bäsdeşi “Rustin” filmindäki keşbi üçin Kolman Domingody. Domingonyň hem almagy geň bolmazdy. Ýöne iň gowy aktrisa keşbiniň ýeňijisiniň bäsdeşi ýok ýalydy. Belki Sandra Hüller az-owlak tapawutlanýardy. Emma Gladstoun Skorsezeniň filminiň esasy sütüni bolup durýardy. Aktrisanyň Oskaryň hem esasy hyrydarydygyny belläp geçeýin. Oňa belki Emma Stoun esasy bäsdeş bolup biler.

Mýuzikal ýa-da komediýa kategoriýasy boýunça-da iň gowy aktýor baýragy bu senagatyň gadry bilinmedik aktýorlarynyň birine – Pol Jiamatta berilmegini ýerine düşen netije diýip hasaplaýaryn. Köplenç kömekçi keşpleri janlandyran tanymal aktýor “The Holdovers” filminde özüne ynanylan keşbiň aňryýany bilen hötdesinden gelipdir. Sanawa Nikolas Keýjiň alynmagy, dogrusy meni geň galdyrdy. Ýöne filmine tomaşa edenimizde, meşhur aktýoryň azyndan dalaşgärlige mynasypdygyny aýtsa bolýar. Iň gowy aktrisa baýragyny Emma Stounyň aljakdygy ozaldan bellidi. Dalaşgärleriniň arasyndan belki Natali Portman, finlýandiýaly Alma Pöýsti ikisi oňa päsgel berip bilerdi. Ýöne Stoun ep-esli öňdedi.

Kömekçi keşplerde (drama, mýuzikal ýa-da komediýa diýlip aýrylanok) “Oppenhaýmer” filmindäki keşbi üçin Robert Dawni Junior hem-de “The Holdovers” filmindäki keşbi üçin DaWin Joý Rendolf ikisi ýeňiji boldy. Belki Rendolfa derek “Oppenhaýmer” filmindäki keşbi üçin baýragy Emili Blant hem alyp bilerdi.

Iň gowy animasiýa ugry boýunça-da ýapon animesi, meşhur animeçi Haýao Miýazakiniň eseri “Oglanjyk hem-de guş” atly multfilm, Hollywood önümlerinden hem-de “Suzume” atly başga bir animeden öňe saýlandy. Bu ýagdaýyň Oskarda hem üýtgemezligi mümkin. Sebäbi “Elemental”, “Spider-Man: Across the Spider-Verse”, “The Super Mario Bros. Movie”, “Wish” ýaly amerikan animasiýalary bu ýyl o diýen öwerlikli däl.

Ilkinji gezek goşulan “Cinematic and Box Office Achievement” baýragy-da “Barbi” filminiň döredijilik toparyna berildi.

Mahlasy, “Oppenhaýmer” filmi Altyn globusyň ýeňijisi boldy. Indi gezek Oskardamy diýlen sowal ýüze çykýar. Ýa-da indi “Oppenhaýmer” Altyn globus bilen oňňut edäýmelimi? Muny bize wagt görkezer.

Bilşiňiz ýaly Altyn globus diňe bir filmleri däl, eýsem seriallary hem sylaglandyrýar. Seriallaryň arasynda-da 3 serial öňe saýlanyp, olar baýraklary özara paýlaşdylar.

“Mirasdüşerler” (Succession) 3-nji gezek iň gowy drama serialy saýlanyp, bu babatda “Mad Men” hem-de “The X-Files” seriallarynyň rekordyny gaýtalady. Serialyň ýyldyzlaryndan Kiran Kalkin iň gowy aktýor, Sara Snok iň gowy aktrisa diýlip saýlandy. Köpleriň söýgüsini gazanan “The Last of Us” serialynyň ýyldyzy Pedro Paskal bu gezeklikçe gözden salyndy. “Mirasdüşerler” serialynyň ýene bir artisti-de, Mattýuw Makfadýen iň gowy kömekçi keşp (aktýor) baýragyny hem aldy.

Mýuzikal ýa-da komediýa seriallarynyň öňe saýlanan artistleri – ýylyň komediýasy hasaplanýan “The Bear” serialynyň artistleri – aktýor Jeremi Allen Waýt hem-de Aýo Edebiri boldy.

Ýylyň şowly çykan taslamasy Beef serialy-da iň gowy gysga göwrümli serial diýlip saýlandy. Serialyň baş keşplerinde surata düşen Stiwen Ýeun bilen Ali Won iň gowy aktýor we aktrisa baýraklaryna laýyk görüldi. 3 serialyň arasyna goşulan ýeke-täk başga bir serial hem “Täç” (The Crown) bolup, serialyň ýyldyzy Elizabet Debiki iň gowy kömekçi keşp (aktrisa) baýragy bilen sylaglandy.

Read more

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

Ridli Skottyň «Gucci-niň öýi» filminiň çykanyna üç ýyl geçenden soň, «Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder. Filmiň önümçiligine. Jorjio Guççi tarapyndan esaslandyrylan «Alkor Film» hem gatnaşar. «Gaumont Italy» kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri Marko Rozi: «Biz Jorjio Guççiniň teklibini kabul edip, maşgalasynyň ýardamy bilen dünýäde üstünlik gazanan şöhratly «Gucci» hakda

By reňkli+
Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

«Valentino-nyň» öňki kreatiw direktory Pierpaolo Piççioliniň öz ornundan gidenine entek bir hepde bolup-bolmanka, 25 ýyllap «Gucci-de» yhlasly işlän Alessandro Mikele onuň wezipesini eýeledi. Alessandro Mikele bu täzelik bilen bagly «Valentino-nyň» akkauntynda tolgundyryjy teswir goýdy. Teswirde şeýle diýilýär: –«Valentino-nyň» bir bölegi bolmak meniň üçin buýsanç. Men «Gözellik» sözüni taryhynyň bir bölegine

By reňkli+
Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

«Ýetginjekler soňky döwür saglyga howply bolup biljekdigine garamazdan şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Häzir olar muny «TikTok» ýaly sosial ulgamlarda trende öwrüp, ýoň etdiler» diýip, «New York Post» habar berýär. Meşhur blogerler saçlaryny şampun bilen ýuwmakdan ýüz öwürendiklerini aňladýan wideolary köpçülik bilen yzygiderli paýlaşýarlar. Blogerleriň içinde has ähmiýetlileriň biri hasaplanylýan Kaýnoa

By reňkli+