“Oppenheimer”-iň Oskary we beýleki bellikler

Kino sungatynyň iň uly baýragy hasaplanýan Oskar baýraklary 96-njy gezek öz mynasyplaryna gowşuryldy. Däp bolup gelşi ýaly, Los Anjelesdäki Dolby teatrynda geçirilen dabarany bu gezek komediýaçy Jimmi Kimmel alyp bardy. 3,5 sagada golaý dowam eden dabara ABŞ-da 19,5 million adam tomaşa edipdir. Bu görkeziji geçen ýylka garanyňda, 800 müň köp tomaşaçy diýmekdir. Hatda soňky 4 ýyldaky iň ýokary görkeziji boldy.

Ilki bilen dabara tomaşa etmek özüm üçin ýeňil düşmedi. Görkezýän kanal tapmak kyn bolup, eýran kanallarynyň biri göni ýaýlymda berdi. Ozalkylara garanyňda irräk (ABŞ-nyň wagtyna görä) başlanan dabaranyň başlaryna tomaşa edip bilmedim.
Baýraklara geçsek, baş baýraga garaşylyşy ýaly “Oppenheimer” filmi mynasyp boldy. Her ýylyň noýabr aýynyň ahyrlarynda, dekabryň başlarynda başlanýan kino sungatyndaky baýraklar möwsüminiň tas ählisini diýen ýaly çöplän “Oppenheimer”-iň aljakdygy ozaldanam bellidi. Ýagny film baýrak möwsümini Oskar bilen jemledi. Amerikan kino akademiýasy kämahallar hemmäni geň galdyryp bilýär. “Crash”, “Moonlight” ýaly garaşylmadyk ýeňijileriň bolşy ýaly, ýene-de “American Fiction” (Amerikan hekaýasy) filminiň ýa-da başga bir kinonyň hem almagy mümkindi. Ýöne beýle bolmady.

Iň gowy režissýor baýragyny-da Kristofer Nolanyň almagyna garaşylýardy we ol şeýle-de boldy. Onsuzam öňe saýlanýan bäsdeşi ýok ýalydy. Belki “Poor Things” (Görgüli betbagtlar) filminiň režissýory Ýorgos Lantimosa berlip bilerdi. Ýöne Hollywood-da köp wagtdan bäri zähmet çekýän Nolanyň Oskar almaly wagty gelipdi. Lantimosyň hem şu depginini saklan ýagdaýynda (saklajaga-da meňzeýär) onuň hem Oskary uzakda däl.
Aktýorçylyk ugurlary boýunça-da iň gowy aktýor baýragyna Oppenhaýmeriň keşbini janlandyran Killian Mörfi laýyk görüldi. Ol hem edil filmiň özi, şol sanda kinonyň režissýory ýaly baýrak möwsüminiň başyndan bäri ähli heýkeljikleri çöpläp gelýärdi we soňuny Oskar bilen jemledi. Ünsümi çeken zat onuň baýragy alan mahaly parahatçylygyň höküm sürýän günlerini arzuw etmegi aýratyn bellärliklidir. Ýogsam onuň janlandyran keşbi kän bir parahatçylygy arzuw eden ýa-da edýän kişiniň keşbi däldi. Mörfiniň iň esasy bäsdeşi köplençi kömekçi keşplerde çykyş edýän “The Holdovers” (“Galdyrylanlar”) filminde surata düşen Pol Jiamattidi, onuň almagy-da uly sýurpriz bolardy.

Iň gowy kömekçi aktýor keşbi baýragyna-da “Oppenheimer” filminiň beýleki bir ýyldyzy, ussat aktýor Robert Dawni Junior mynasyp boldy. Belki-de “American Fiction” filmindäki keşbi üçin Sterling K. Brawna hem bermekleri mümkindi, ýöne akademiýa şu baýrak möwsüminde dowam edip gelýän akymy üýtgetmedi.
Iň gowy aktrisa baýragy ugrunda aslynda “Poor Things” filmindäki keşbi üçin Emma Stoun öňde barýardy. Ýöne Aktýorlar gildiýasynyň (SAG) baýragy “The Killers of Flower Moon” (“Dolan Aý ganhorlary”) filminiň ýyldyzy Lili Gladstouna bermeginden soň, Emma Stounyň (Poor Things) almazlygy mümkin diýlip, gürrüňler ýüze çykyp başlapdy. Hatda Sandra Hülleri-de faworit görkezýänler hem tapylypdy. Ýöne Akademiýa hemişe bolşy ýaly, “marginal” keşpleri janlandyrýanlary sylaglamagyny bu dabarada hem dowam edip, Emma Stoun “La La Land” filminden soň 2-nji gezek iň gowy aktrisa baýragyna laýyk görüldi.

Iň gowy kömekçi aktrisa keşbi baýragynyň “The Holdovers” filmindäki keşbi üçin Da’Win Joý Rendolfa gowşurylmagy hiç hili sýurpriz bolmady. Ýöne şonda Emili Blantyň (Oppenheimer) almagyny islänler hem bolupdy.

Mälim bolşy ýaly, ssenariý baýraklary 2-ä bölünýär. Ýagny iň gowy asyl ssenariý (hiç bir eser esasynda bolmadyk) hem-de iň gowy adaptirlenen ssenariý (bir roman, hekaýa... kitap, eser esasynda) bolup, ol adalatly ýagdaýda paýlandy. Iň gowy asyl ssenariý baýragy iki ýanýoldaşa gowşuryldy. “Anatomie d’une chute” (“Ýykylmagyň anatomiýasy”) filmi üçin fransiýaly zenan režissýor Žýustin Trie bilen ssenarisini bilelikde ýazan ýanýoldaşy Artur Harari iň gowy asyl ssenariý baýragyny gazandy.

Bir ýazyjynyň başdan geçirmesi barada söhbet açýan “American Fiction” filmi-de iň gowy adaptirlenen ssenariý baýragyna laýyk görüldi. Filmiň ssenarisini Persiwal Ewerettiň “Erasure” atly eseri esasynda Kord Jefferson ýazdy.

Iň gowy daşary ýurt filmi baýragyna Jonatan Gleýzeriň özboluşly ajaýyp filmi “The Zone of Interest” (“Gyzyklanma zolagy”) kinosy laýyk görüldi. Aslynda beýleki 4 kino hem diýseň gowy filmler bolup, baýrak iň mynasybyna berildi.

Iň gowy animasiýa baýragy üçin 2 ekran eseri esasy bäsdeş hasaplanýardy. Ýaponiýaly Haýao Miýazakiniň soňky animesi, iňlis diline “The Boy and the Heron” (“Oglan we guş”) diýlip terjime edilen eseri iň gowy animasiýa diýlip saýlandy. “Annie” baýraklarynda ýeňiş gazanan “Spider-Man: Across the Spider-Verse” (“Möý adam: möýler älemine geçiş”) multfilminiň baýragy almak mümkinçiligi ýokarydy. Ýöne soňky ýyllarda Aziýanyň ekran eserlerine garşy höwesek bolan akademiýa animeni saýlady. Oskaryň taryhynda 2-nji gezek anime multfilmi ýeňiş gazanyp, 1-njisi hem Miýazakiniň “Spirited Away” atly anime ekran eseridi.

Iň gowy dokumental film ugry boýunça garaşylyşy ýaly “20 Days in Mariupol” atly ekran eseri ýeňiji diýlip yglan edildi. Ol Oskar gazanan ilkinji ukrain filmi boldy.

Iň gowy saz baýragyna “Oppenheimer” filminde ýaňlanýan sazlaryň kompozitory Ludwig Goransson laýyk görüldi. 54-nji gezek dalaşgär görkezilen 5 Oskaryň eýesi Jon Williams bu sapar hem eli boş gaýtdy.
Iň gowy aýdym baýragyna “Barbie” filmindäki “What Was I Made For?” atly aýdym Oskar heýkeljigine laýyk görüldi. Aýdymy amerikaly meşhur aýdymçy Billi Aýliş bilen dogany Finneas O’Konnell bilelikde ýerine ýetirýär. Ýaş aýdymçy Billi Aýliş “No Time to Die” aýdymyndan soň 2-nji Oskaryny gazandy.
Tehniki baýraklar barada-da kelam-agyz aýtmaly bolsa, bezeg baýraklarynyň 3-sini (grim, çeperçilik bezegi, makiýaž we saç bezegi) hem “Poor Things” filmi aldy.

Iň gowy montaž we operator baýraklaryny-da “Oppenheimer” filmi gazanyp, heýkeljikleriniň sanyny 7-ä ýetirdi.
Islendik guramaçylygy şou çäresine öwrüp bilýän amerikanlar bu dabarany hem şowhunly tamamladylar. Şol sanda her dabarada “Memorium” ady bilen soňky 1 ýylyň dowamynda aradan çykan artistleri, režissýorlary, umumylykda sungat işgärlerini görkezýän wideo-lenta hem dabaranyň atmosferasynyň üýtgeýän pursatlarynyň biridir. Akademiýanyň bu däbi ir wagtlardan bäri dowam etdirýändigini belläliň.
96-njy Oskar dabarasynda ýatda galan pursatlaryň biri kän bir oňlamasamam aktýor Jon Senanyň iň gowy grim baýragynyň ýeňijisini yglan etmek üçin sahna çykan pursaty (grime degişli hiç zat ýokdy), şol sanda dabaradan diňe 1 baýrak bilen dolanan “Barbie” filminiň ýyldyzy Raýan Goslingiň durşuna gülgün eşikde “I’m Just Ken” atly aýdymy topar bilen şowhunly ýagdaýda ýerine ýetirmegi (“Barbie” filminiň 2 aýdymy dalaşgär görkezilipdi), iň gowy dokumental film saýlanan ekran eseriniň ukrainaly režissýorynyň çykyşy, “Ýykylmagyň anatomiýasy” filminde surata düşen Messi atly itiň hem dabara gatanşyp, ýyldyzlaryň arasynda oturmagy we garrandygy gowy bildirýän Al Paçinonyň 2-nji gezek bukja seredip, “Oppenheimer” kinosynyň iň gowy film saýlanandygyny mälim etmegi boldy. Elbetde, Jimmi Kimmeliň hem käbir anekdotlaryny (hemmesine doly düşünmesemem), ýatda galan pursatlaryň hatarynda görkezmek bolar...
