Organik iýmitiň artykmaçlyklary: sagdyn we durnukly ýaşaýyş

Organik iýmitiň artykmaçlyklary: sagdyn we durnukly ýaşaýyş

Azyk dükanyna baryp, halaýan naharyňyzy bişirmek üçin gök önümleri saýlanyňyzda olaryň organik ýa-da däldigi hakda pikir edýäňizmi?

Soňky birnäçe ýylda organik iýmit adalgasy ýangyn ýaly ýaýrady. Bahasynyň has ýokarydygyna garamazdan, ol ahlak we jemgyýetçilik jogapkärçiligine öwrülmäge başlady.

Emma organik adalgasy nämäni aňladýar? Ýönekeý söz bilen aýdylanda, sintetik himiki serişdeleri, pestisidleri ýa-da genetiki taýdan üýtgedilen organizmleri (GMO) öz içine almaýan usullar bilen ösdürilip ýetişdirilýän we öndürilýän iýmitlere organik iýmitler diýilýär. Organik ekin ýetişdirýän daýhanlar tebigy maddalara we usullara bil baglaýarlar.

Adamlaryň organik iýmit saýlamagynyň esasy sebäplerinden biri, onuň saglyk üçin has peýdalydygyna ynanmakdyr. Köp gözlegler organik miweleriň we gök önümleriň düzüminde witaminler, minerallar we antioksidantlar ýaly ýokary iýmit maddalarynyň bardygyny görkezdi.

Mundan başga-da, organik ekerançylyk tejribesi daşky gurşaw üçin peýdalydyr. Sintetik himiki serişdeleri we pestisidleri ulanmazdan ekin ýetişdirýän daýhanlar topragyň we suwuň hapalanmagyny azaltmaga kömek edýärler. Şeýle hem, genetik taýdan üýtgedilen ekinlerden gaça durmak bilen biodürlüligi ösdürýärler; suwy tygşytly ulanýan ekerançylyk usullaryny we kompost ulanmak arkaly esasy ünsi topragyň sagdynlygyna gönükdirýärler.

Tagamy barada aýdylanda köp adamlar organik iýmitleriň has tagamlydygyny öňe sürýärler. Munuň sebäpleriniň biri bolsa olaryň sagdyn toprakda ösdürlip ýetişdirilýändigidir. Organik ekerançylyk bilen meşgullanýan daýhanlar haýwanlaryň hal-ýagdaýyny hem ileri tutýarlar we mallaryny has tebigy ýaşaýyş şertleri bilen üpjün edýärler. Bu organik etiň we süýt önümleriniň tagamynyň we hiliniň ýokarlanmagyna goşant goşýar.

Organik iýmitler şeýle köp peýdany özünde jemleýän bolsa, onda näme üçin adamlar henizem doly ýagdaýda organik iýmitlenmäge geçmeýär-kä diýen sorag ýüze çykyp biler.

Munyň sebäbi hökmünde organik iýmitleriň adaty ösdürilip ýetişdirilen iýmitlerden has gymmatdygyny bellemelidiris. Organik ekerançylyk usullary köplenç köp zähmet talap edýär we adaty ekerançylyk usullaryndan has pes we az mukdarda hasyl berip bilýär. Mundan başga-da, organik ekin üçin şahadatnama almak daýhanlara gymmat bolup bilýär.

Emma, adamzadyň bagtyna, organik iýmit iýmegiň peýdalary bu çykdajylardan has ýokarydyr.

Organik iýmit saýlamagyň şahsy saýlawdygyny ýatdan çykarmaly däldiris. Ähli oňyn häsiýetlerine garamazdan, munuň hemmeler üçin elýeter bolmazlygy mümkin. Şeýle-de bolsa, mümkin boldugyça organik miweleri we gök önümleri satyn almak ýa-da öz organik ösümlikleriňizi ösdürip ýetişdirmek ýaly ownuk üýtgeşmeler hem sagdyn durmuş ýörelgesine we ýaşyl planeta goşant goşup biler. Sintetik himiki maddalardan we genetiki taýdan üýtgedilen organizmlerden gaça durmak bilen, organik ekin ýetişdirýän daýhanlar ýokumly ekinleri ösdürip, topragy, suwy we biziň daşky gurşawymyzy goraýarlar.

Ýönekeý hasap bilen organik ekerançylygyň hemme üçin bähbitlidigini aýtmak kyn däl.

Surat: Elaine Casap on Unsplash

Read more

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

Ridli Skottyň «Gucci-niň öýi» filminiň çykanyna üç ýyl geçenden soň, «Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder. Filmiň önümçiligine. Jorjio Guççi tarapyndan esaslandyrylan «Alkor Film» hem gatnaşar. «Gaumont Italy» kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri Marko Rozi: «Biz Jorjio Guççiniň teklibini kabul edip, maşgalasynyň ýardamy bilen dünýäde üstünlik gazanan şöhratly «Gucci» hakda

By reňkli+
Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

«Valentino-nyň» öňki kreatiw direktory Pierpaolo Piççioliniň öz ornundan gidenine entek bir hepde bolup-bolmanka, 25 ýyllap «Gucci-de» yhlasly işlän Alessandro Mikele onuň wezipesini eýeledi. Alessandro Mikele bu täzelik bilen bagly «Valentino-nyň» akkauntynda tolgundyryjy teswir goýdy. Teswirde şeýle diýilýär: –«Valentino-nyň» bir bölegi bolmak meniň üçin buýsanç. Men «Gözellik» sözüni taryhynyň bir bölegine

By reňkli+
Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

«Ýetginjekler soňky döwür saglyga howply bolup biljekdigine garamazdan şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Häzir olar muny «TikTok» ýaly sosial ulgamlarda trende öwrüp, ýoň etdiler» diýip, «New York Post» habar berýär. Meşhur blogerler saçlaryny şampun bilen ýuwmakdan ýüz öwürendiklerini aňladýan wideolary köpçülik bilen yzygiderli paýlaşýarlar. Blogerleriň içinde has ähmiýetlileriň biri hasaplanylýan Kaýnoa

By reňkli+