Oskary kim alar, çarwadarlarmy, çikagolylarmy, boratmy ýa-da mank; belki-de aziýalylar

Oscars.org

Kino sungatynyň iň uly sylagy hasaplanýan Oskar baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi. Pandemiýa sebäpli “meňki bolsun” diýäýjek kinolaryň azdygyna garamazdan, amerikan kino akademiýasy barja filmlerden öz kriteriýalaryna esaslanyp, öňe saýlananlary dalaşgärlige hödürledi. Dalaşgärlere umumylykda seredenimizde, akademiýa hemişe tankyt edilýän tarapyna aýratyn esewan etmäge çalşypdyr. Ýagny hemişe akademiýa köpdürlülikden daşda bolmagy bilen ýazgarylýardy. Aýratynam diňe akýagyzlaryň hem-de erkekleriň hökmürowanlygynda bolmagy bilen wagtal-wagtal tankydy belliklere sezewar bolýan akademiýa şol igenmelerden azda-kände hem bolsa netije çykaran ýaly. Elbetde munuň şeýle bolmagynda soňky ýyllarda agzalyga dürli milletlerden dürli-dürli ynsanlaryň çagyrylmagynyň täsiri uludyr.

Häzirlikçe “soWhite” däl ýaly

2015-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Akademiýa Bewerli Hillsde 87-nji Oskar baýraklarynyň dalaşgärleriniň sanawyny mälim edipdi. Dört ugur boýunça dalaşgärlige hödürlenen 20 artistiň ählisi-de akýagyzlardan ybaratdy. Şondan sähelçe wagt soň, #OscarsSoWhite hashtag-i sosial medianyň iň esasy wakasyna öwrüldi. Amerikan kino akademiýasynyň agzalarynyň köpüsiniň orta ýaşdan ýokary akýagyzlardan ybarat bolmagy köp wagtdan bäri wekilçilik babatda uly mesele bolup durýardy. Bu ýagdaý kino bilen gyzyklanýanlary birahat edýärdi. April Reigniň başlangyjy bilen ýüze çykan #OscarsSoWhite hashtag-i wagtyň geçmegi bilen #TimesUp hereketine öwrüldi. Bu wakalar giç hem bolsa, akademiýany wekilçilik babatdaky meselä täzeçil garamaga mejbur etdi we häzirki wagtda öňe gidişlikler duýulýar. Bu ýylky dalaşgärlere umumylykda seredenimizde, zenanlaryň hem-de garaýagyzlaryň öňki ýyllardakydan köpdügini görýäris. Zenanlaryň arasynda-da, garaýagyzlaryň arasynda-da birnäçe “ilkinji gezekler” göze ilýär. Mysal üçin, şu ýyl 70 zenan jemi 76 dalaşgärlik gazandy.

“Netflix”-iň 35 dalaşgärligi bar

Dalaşgärlerden başga-da ýene bir täzelik hem sanly (digital) platformalaryň gazanan üstünligidir. Pandemiýanyň hem täsiri bilen “Netflix” 35 dalaşgärlik gazandy. Şol 35 dalaşgärligiň 10-syny “Mank” filmi bilen gazanan “Netflix” bir gezekde iň köp dalaşgärlik görkezen studiýa rekordyna golaýlady. Mälim bolşy ýaly, bu ugurda rekord “United Artists” studiýasyna degişli bolup, 1941-nji ýylda 45 dalaşgärlik bilen taryhy başarnyk görkezipdi. “Netflix”-den ep-esli yzda bolsa-da “Amazon” hem 12 dalaşgärlik gazanyp, studiýa öz rekordyny goýdy. Aslynda “Netflix” üçin hemme zat gülala-güllük ýaly görünýän bolsa-da bu gaty bir beýle-de däl. Kinoteatrlaryň ýapyk bolup, “streaming” ulgamlarynyň pajarlap ösen we hökmürowanlykda geçiren 2020-nji ýylynda, iň gowy film ugrundaky 8 dalaşgäriň diňe 3 sanysynyň “streaming” şereketleriniň önümi bolmagy belli bir derejede o diýen ýokary başarnyk bolman biler. Şol 3 filmiň 2-si “Netflix”-e degişli bolup, ahyrynda-da “Çarwadarlaryň mekany” (Nomadland) kinosynyň iň gowy film saýlanjakdygyny göz öňünde tutsak, onda, iň gowy film baýragyny gazanmagy hemme zatdan öňde görýän “Netflix”-iň 35 dalaşgärligi kölegede galmagy-da mümkin. Ýeri gelende aýtsam, ak-gara reňkdäki “Mank” filmi 10 dalaşgärlik bilen 93-nji Oskar baýraklarynyň iň köp dalaşgärlik gazanan kinosy boldy. Iň gowy film baýragyna dalaşgär bolsa-da, ady agzalan bu filmiň iň gowy montaž, iň gowy ssenariý ýaly Oskaryň baş baýragynyň ýeňijisini belli bir derejede kesgitleýän baýraklarda dalaşgärligi ýok. Bu bolsa, “Mank” filminiň iň gowy film baýragyny almak mümkinçiligini ep-esli azaldýar.

Aziýalylaryň bagty açyldy

Soňky ýyllarda Oskarda aziýalylaryň şemaly belentden öwüsýär. Ozalky ýyllarda iň gowy film hem-de halkara film ugurlaryndan başga ugurlarda kän bir dalaşgärlige görkezilmeýän Aziýa filmleriniň ýyldyzlary bu ýyl artistlik ugurlary boýunça-da birnäçe dalaşgärlik gazandy. Geçenki Oskar dabarasynda koreýleriň “Mugthorlar” (Parasite) filminiň baş baýragy almagyndan soň, aziýalylaryň bagty açylan ýaly. Bu gezek iň gowy film baýragyny alyp bilmeselerem, hatda hiç bir heýkeljik gazanyp bilmeselerem, gazanylan dalaşgärlikleriň ähmiýeti diýseň uludyr.

Çarwadarlar öňe saýlansa gerek

Iň gowy film ugrunda akademiýa bu ýyl 8 kinony dalaşgärlige hödürledi. Olaryň 3-si “streaming” şereketleriniň önümi bolmak bilen galan 5-si kinoteatrlarda görkezilen filmlerdir. Sanawda “blockbuster” filmleriň (uly býujetli, prokatdan ep-esli girdeji gazanan iri taslamalar) ýokdugyny, az býujetli, garaşsyz kinolaryň (Hollywood uly studiýalarynyň önümi bolmadyk filmler) agdyklyk edýändigini belläsim gelýär. Beýleki baýraklara esaslanyp, haýsy filmiň baş baýragy aljakdygyny öňünden çaklamak gaty bir kyn iş däl. “Çarwadarlaryň mekany” filminiň beýleki dalaşgärlerden ep-esli öňdedigi görnüp dur. Hatda meň pikirimçe ikinji güýçli dalaşgär hem ýok diýen ýaly. Ýöne mahal-mahal akademiýa hemmäniň garaşýan, çaklaýan filminiň tersine garaşylmadyk filmi-de ýylyň iň gowy kinosy hökmünde saýlap goýberýär.

Zenanlar bir ädim öňde

Iň gowy režissýor baýragyna taryhda ilkinji gezek 2 zenan režissýor dalaşgär görkezildi. Bu ýagdaý buýsandyryjy waka bolmak bilen bir hatarda, olaryň biri, has takygy, “Çarwadarlaryň mekany” (Nomadland) filminiň režissýory, hytaýly Hloe Çžaonyň ilkinji aziýaly bolmagy ýa-da “akýagyzlardan däl” bolmagy aýratyn bellärliklidir. Beýlekisi-de 35 ýaşly Emerald Fennel bolup, ol özüniň ilkinji režissýorlyk işi üçin bu hormata laýyk görüldi. Şu wagta çenli az sanly zenanyň iň gowy režissýor baýragyna dalaşgär bolandygyny we diňe birje zenanyň, ol hem Ketrin Bigelowyň ýeňiji bolandygyny göz öňünde tutsak, 40 göterimlik görkeziji hiç neneň däl. Iň gowy režissýor ugrundan umumylykda akademiýanyň pikirlerine kän bir gabat gelmeýän daniýaly režissýor Tomas Winterbergiň dalaşgär görkezilmegi köpler üçin geň waka boldy. Onda-da häzirki döwrüň ruhuna gabat gelýän we akademiýanyň eý görýän stilindäki “Çikagoly 7-ligiň kazyýet işi” filminiň režissýory Aaron Sorkini sanawyň daşynda goýup, Winterbergiň sanawa alynmagy çyndanam geň waka. Baýragy kimiň aljakdygy baradaky öz pikirimi aýtsam, akademiýanyň taryhynda ikinji gezek zenan režissýor onda-da, aziýaly zenan režissýoryň almagyna garaşýaryn.

Aktýor we aktrisa ugurlary

Aktýorçylyk ugurlarynda-da dalaşgär görkezilenleriň arasynda ep-esli täzelik bar. Has takygy, iň gowy aktýor we ikinji plandaky iň gowy aktýor baýraklaryna dalaşgär görkezilenler mundan ozal şeýle “reňkli” bolmandy. Aglaba akýagyzlar dalaşgär görkezilýärdi. Ýöne bu gezek garaýagyzy-da, musulmany-da, aziýalysy-da bar. 10 aktýoryň diňe 4-si akýagyzlardan bolup, “Metalyň ýaňy” (Sound of Metal) kinosyndaky keşbi üçin dalaşgär görkezilen Riz Ahmed iň gowy aktýor ugrunda baýraga dalaş edýän ilkinji musulman, umumylykda-da 4-nji musulman aktýordyr (beýlekiler ikinji plandaky iň gowy aktýor baýragyna dalaşgär görkezilipdi). Oskaryň taryhynda iň az wagt çykyş edip, iň gowy aktýor ugrunda heýkeljigi gazanan Antoni Hopkins 6-njy gezek baýraga ymtylýar. Ol “Guzularyň dymyşlygy” (Silence of Lambs) filminde bary-ýogy 16 minut görnübem Oskar gazanypdy. “Peder” (The Father) filmindäki keşbi üçin dalaşgär görkezilen Hopkinsiň baýragy almagy-da mümkin. Ýöne häzirki wagtda baýragyň iň esasy dalaşgäri hökmünde awgust aýynda aradan çykan Gara Pantera filmi bilen meşhurlyk gazanan merhum aktýor Çedwik Bouzman (Ma Rainey’s Black Bottom) öňde görülýär. Ikinji plandaky iň gowy aktýor baýragyny eýýäm birnäçe gurama tarapyndan sylaglanan “Iuda we gara messiýa” (Judas and the Black Messiah) filminiň ýyldyzlaryndan Daniel Kaluuýanyň almagyna garaşylýar.

Çarwadarlaryň ýyly bolmagy mümkin

Iň gowy aktrisa baýragynyň iň esasy dalaşgäri şübhesiz “Çarwadarlaryň mekany” (Nomadland) filmindäki ajaýyp “performance” bilen tomaşaçylary haýran galdyran oskarly Fransis Makdormand ikinji heýkeljigini almaga golaý. Ýöne onuň bäsdeşleri hem hiç neneň däl. 4-nji gezek dalaşgär görkezilen Wiola Dewis (Ma Rainey’s Black Bottom) hem-de “Birleşen Ştatlar Billi Holideýiň garşysyna” (The United States vs. Billie Holiday) atly filmdäki keşbi bilen “Altyn globus” gazanan Andra Deý esasy bäsdeşleri hasaplanýar. Wiola Dewis iň köp dalaşgär görkezilen garaýagyz aktrisa boldy. Kareý Malligan (Promising Young Woman) bilen Wanessa Kirbi (Pieces of a Woman) hem beýleki dalaşgärler bolup, olaryň Oskar gazanmagy garaşylmadyk waka bolar.

Ikinji plandaky iň gowy aktrisa baýragy ugrunda-da Amanda Saýfrediň (“Mank”) ady öňe saýlanýar. “Hillbilliniň elegiýasy” (Hillbilly Elegy) filmindäki keşbi üçin dalaşgär görkezilen Glen Klouz şol bir wagtyň özünde Razzie baýraklarynda-da (ýylyň iň ýaramaz filmleriniň baýraklary) dalaşgärlige hödürlenip, “ironiki” ýagdaýy emele getirdi.

Iň gowy ssenariý baýraklaryny (orginal ssenariý bilen adaptirlenen ssenariý) iki film özara paýlaşsa gerek. Oskaryň guramaçylary režissýorlyk ugrunda dalaşgär görkezilmedik Aaron Sorkini iň gowy orginal ssenariý baýragy bilen sylaglap, onuň göwnüni awlamagy mümkin. Iň gowy adaptirlenen ssenariý baýragynda-da “Çarwadarlaryň mekany” filminiň ssenariçisi Hloe Çžao bir ädim öňe saýlanýar. Belki “Borat 2” filmi hem gazanmagy mümkin.

Ozalky ady daşary ýurt dilindäki iň gowy film ýa-da häzirki ady iň gowy halkara film baýragynyň dalaşgärlerini saýlamak üçin ilkinji gezek akademiýanyň ähli agzalary ses bermäge mümkinçilik aldy. Baýragyň iň esasy dalaşgäri “Ýene bir tapgyr” (Druk) atly film bolup, Tomas Winterbergiň surata düşüren kinosy Ýewropanyň iň gowy filmi saýlanypdy. Garaşylmadyk filmiň hem ýeňiji bolup biljekdigini belläp, iň gowy animasiýa baýragyna geçeýin. Oskaryň iň ýaş baýraklarynyň biri bolan iň gowy animasiýa ugry 2002-nji ýyldan bäri gowşurylyp gelinýär. Şondan bäri-de animasiýa önümçiliginiň ägirdi “Pixar” baýrak gazanmakda öňdeligi eýeläp gelýär. Bu ýyl 2 multfilm bilen dalaşgär bolan “Pixar”-yň “Ruh” (Soul) atly multfilminiň ýeňiji boljakdygy ikuçsuzdyr.

Oskar baýraklary ençeme ýyldan bäri 24 ugurda heýkeljik paýlaýardy. Ýöne iň gowy ses we iň gowy ses montažy baýraklaryny iň gowy ses diýen ugurda jemledi. Şeýlelikde, 23 ugur boýunça ýeňijiler mälim ediler.

Sözümi jemlesem başda agzap geçen Oskardaky gowy manydaky üýtgeşmeleriň mejburymy ýa-da meýletinlikde edilendigine göz ýetirmek üçin biz geljekki ýyllara garaşmaly bolarys. Bu üýtgeşmeleriň mundan soňam dowamlylygyny, ýagny pandemiýa tamamlanyp, öňki-öňkülik bolan ýagdaýynda ýene-de şol köneden gelýän ýoluna dolanyp-dolanmajakdygyny wagt görkezer. Akademiýanyň häzirki saýlan ýolunyň azda-kände kemçilikleri bolsa-da, “ylalaşarlykdygyny” bilermenler belleýärler. Bize bolsa, häzirlikçe 25-nji aprelden 26-njy aprele geçilýän gijede boljak 93-nji baýrak gowşurylyş dabarasyna bir aý gowrak wagt sabyrsyzlyk bilen garaşaýmak galýar.

Read more

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

Ridli Skottyň «Gucci-niň öýi» filminiň çykanyna üç ýyl geçenden soň, «Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder. Filmiň önümçiligine. Jorjio Guççi tarapyndan esaslandyrylan «Alkor Film» hem gatnaşar. «Gaumont Italy» kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri Marko Rozi: «Biz Jorjio Guççiniň teklibini kabul edip, maşgalasynyň ýardamy bilen dünýäde üstünlik gazanan şöhratly «Gucci» hakda

By reňkli+
Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

«Valentino-nyň» öňki kreatiw direktory Pierpaolo Piççioliniň öz ornundan gidenine entek bir hepde bolup-bolmanka, 25 ýyllap «Gucci-de» yhlasly işlän Alessandro Mikele onuň wezipesini eýeledi. Alessandro Mikele bu täzelik bilen bagly «Valentino-nyň» akkauntynda tolgundyryjy teswir goýdy. Teswirde şeýle diýilýär: –«Valentino-nyň» bir bölegi bolmak meniň üçin buýsanç. Men «Gözellik» sözüni taryhynyň bir bölegine

By reňkli+
Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

«Ýetginjekler soňky döwür saglyga howply bolup biljekdigine garamazdan şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Häzir olar muny «TikTok» ýaly sosial ulgamlarda trende öwrüp, ýoň etdiler» diýip, «New York Post» habar berýär. Meşhur blogerler saçlaryny şampun bilen ýuwmakdan ýüz öwürendiklerini aňladýan wideolary köpçülik bilen yzygiderli paýlaşýarlar. Blogerleriň içinde has ähmiýetlileriň biri hasaplanylýan Kaýnoa

By reňkli+