Latest

“Emirates” awiakompaniýasy uçar galyndylaryndan aksessuar toplumyny taýýarlady

habar

“Emirates” awiakompaniýasy uçar galyndylaryndan aksessuar toplumyny taýýarlady

“Emirates” awiakompaniýasy gaýtadan işlenen uçar galyndylaryndan taýýarlanan çemodan hem aksessuar toplumyny taýýarlady. Bu hakda awiakompaniýanyň web-saýtynda habar berilýär. Toplumdan çemodanlary, rýukzaklary, sumkalary, kart üçin futlýarlary, kemerleri, hatda aýakgaplary-da tapmak mümkin. Bularyň ählisi “Emirates”-iň Dubaýdaky tikinçileri tarapyndan ýerine ýetirilen el işlerdir. Önümlere çig mal hökmünde uçardaky ýolagçy kreslolarynyň alýumin bölekleri,

By reňkli+
Bary-ýogy on günjük: dizaýner Dawide Renneniň arzuwlary özi bilen gitdi

Davide Renne

Bary-ýogy on günjük: dizaýner Dawide Renneniň arzuwlary özi bilen gitdi

Onuň “Moschino”-nyň täze kreatiw direktory wezipesine belleneni üçin begenjinden ýaňa “Täze işime girişmäge gaty howlugýaryn” diýip tolgunyp, interwýu bereni ýaňy ýalydy. Emma hakyky italýan ýürekli, damarynda gyzgyn italýan gany gaýnap duran Dawide Renne öz arzyly wezipesinde işe başlasa-da, entek bir netije hem görkezip bilmän aradan çykdy. Ol bary-ýogy on

By Selbi Selimowa
Kino sungatynyň 3 ägirdi – Di Kaprio, De Niro hem-de Skorseze

De Niro

Kino sungatynyň 3 ägirdi – Di Kaprio, De Niro hem-de Skorseze

Häzirki zaman kino sungatynyň ägirtlerini bir ýere jemleýän “Dolan Aý ganhorlary”( Killers of The Flower Moon) filmi kinoteatrlarda görkezilmegini dowam edýär. Ýylyň iri taslamalarynyň hatarynda görkezilýän filme ussat režissýor Martin Skorseze režissýorlyk edýär. Hollywood-yň tanymal režissýorynyň bu täze filminde onuň bilen ençeme filmde bile işleşen oskarly iki aktýor – Leonardo Di

By Ussa Hajyýew
Aýlaw ykdysadyýeti rewolýusiýasy: soňky täzelikler we trendler

eko

Aýlaw ykdysadyýeti rewolýusiýasy: soňky täzelikler we trendler

Bu makalany ýazyp başlamazdan ozal özümiň birhili monoton depressiýasyna girýänligime göz ýetirdim. Birhili bolmasa diňe klimatyň üýtgemeginiň zyýanlary we ondan soňky täsirleri hakda ýöne boş ýere gygyrýan ýaly duýdum. Ekilmeli däl ýere tohum taşlaýan kimin diwana bolup ýörnmi nämemi? Soňra özümi ele alyp, özümiň halkara täjirçilik we ykdysadyýet ugruny gutaranym

By Şasenem Amanowa
“My cup, please” ýa-da durnuklylyga tarap ekologik ýol

eko

“My cup, please” ýa-da durnuklylyga tarap ekologik ýol

Bu kitaby okan döwrüm institutda işleýärdim. Şol döwür institutyň naharhanasynda “Kitap nokady” diýen tekjäni döredip, talyplarymyň arasynda “bookcrossing” diýen düşünjäni hem ýaýradypdym; emma gürrüň bu barada däl. Gürrüň, Ýelena we Olga Mironenkolaryň “Ахилл не носил одноразовых бахил. Понятное руководство по экологичному образу жизни” atly kitaby barada. Meşhur ekologlaryň bu kitaby

By reňkli+
Silwester Stallone garadan gaýtmaz, gaýduwsyz toparyny 4-nji gezek ýygnaýar

kino

Silwester Stallone garadan gaýtmaz, gaýduwsyz toparyny 4-nji gezek ýygnaýar

Kino sungatynyň özboluşly ýyldyzy, uruşly filmleriniň ägirdi Silwester Stallone mundan 13 ýyl ozal özi ýaly, “action” filmleriniň ýyldyzlaryny bir kinoda jemläpdi. “The Expendables” (“Gaýduwsyzlar” hökmünde terjime edilip bilner) diýlip, at berlen şol filmden soň geçen hepdäniň ahyrynda 4-nji kino hem ekranlara çykdy. Ilki öňki kinolary gysgaça ýatlasak, ilkinji film 2010-njy

By Ussa Hajyýew
Oba hojalygynyň syrlar dünýäsi ýa-da pestisidleriň we gerbisidleriň daşky gurşawa ýetirýän fatal täsiri

eko

Oba hojalygynyň syrlar dünýäsi ýa-da pestisidleriň we gerbisidleriň daşky gurşawa ýetirýän fatal täsiri

Türkmençilikde aýdylyşy ýaly, özüňki zat diýmeseň agzyňa sogan dograp gitjek. Ylmy makala owadan girmek üçin arasyna gaýyn enemiň diýýän aýtgysyny goşmagy ýüregime düwdüm. Şeýlelikde, men size bu gün pestisidleriň oba hojalygyndaky syrlar dünýäsi we onuň tom-tomalak Ýer şaryndaky tebigata ýetirýän elhenç täsiri bilen içgin tanyşdyraryn. Himiki pestisidler we gerbisidler häzirki

By Şasenem Amanowa
Indi biz täze kino, täze serial görmeli dälmi?

Hollywood

Indi biz täze kino, täze serial görmeli dälmi?

Ilki bilen şuny aýdaýyn. Aslynda bu barada öň ýazmalydym. Ýöne hiçden giç ýagşy diýip, kelam-agyz belläp geçesim geldi. Kino sungatynyň dünýädäki hojaýyny hasaplanýan Hollywood häzirki wagtda iş taşlaýyş sebäpli edil agyr günleri başdan geçirmese-de, umumy ýagdaýlary ýakyn günler üçin öwerlikli däl. Dowam edýän bu iş taşlaýşyň “ajy miwesi” öňümizdäki günlerde

By Ussa Hajyýew