“PepsiCo” daşky gurşawyň hapalanmagy sebäpli kazyýete berildi

“PepsiCo” daşky gurşawyň hapalanmagy sebäpli kazyýete berildi

Nýu-Ýork ştatynyň baş prokurory Letisiýa Jeýms Amerikanyň “PepsiCo” korporasiýasyny bir gezeklik plastik gaplar bilen daşky gurşawy hapalamakda aýyplaýar. Ol:

Nýu-Ýorklylaryň hemmesiniň arassa suwa hukugy bar, ýöne “PepsiCo” öz önümleriniň gaplaryna hem marketing amallaryna jogapkärçiliksiz çemeleşmek bilen, Baffalo derýasyna, daşky gurşawa we raýatlarymyzyň saglygyna howp salýar. Men adaty nýu-ýorklularyň hem-de planetamyzyň saglygyna we howpsuzlygyna howp salýan iri korporasiýalaryň garşysyna çykmakdan çekinmerin – diýip, aýgytly belleýär.

Düýbi Nýu-Ýork ştatynda ýerleşýän “PepsiCo” azyndan 85 sany marka içgileri we garbanyş önümleriniň 25 markasyny bir gezeklik plastik gaplara gaplaýar. Bu önümleriň gaplary ýurduň günbatar böleginde akýan derýanyň hapalanmagynyň esasy sebäbine öwrüldi. Ýörite geçirilen gözleg hem suw howdanynyň golaýynda tapylan hapalaryň 17% -den gowragynyň hut şu korporasiýa tarapyndan öndürilendigini ýüze çykardy.

Kazyýetiň beýanatynda bir gezek ulanylýan gaplaryň tiz dargap, daşky gurşawa howply mikroplastikalary goýberip başlaýandygy aýdylýar. Bu madda Eri kölünde we Buffalo derýasynda ýaşaýan balyklarda hem tapyldy. Balyklaryň bolsa ýerli ýaşaýjylar üçin iýmit çeşmesi bolup durýar.

Read more

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

Ridli Skottyň «Gucci-niň öýi» filminiň çykanyna üç ýyl geçenden soň, «Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder. Filmiň önümçiligine. Jorjio Guççi tarapyndan esaslandyrylan «Alkor Film» hem gatnaşar. «Gaumont Italy» kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri Marko Rozi: «Biz Jorjio Guççiniň teklibini kabul edip, maşgalasynyň ýardamy bilen dünýäde üstünlik gazanan şöhratly «Gucci» hakda

By reňkli+
Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

«Valentino-nyň» öňki kreatiw direktory Pierpaolo Piççioliniň öz ornundan gidenine entek bir hepde bolup-bolmanka, 25 ýyllap «Gucci-de» yhlasly işlän Alessandro Mikele onuň wezipesini eýeledi. Alessandro Mikele bu täzelik bilen bagly «Valentino-nyň» akkauntynda tolgundyryjy teswir goýdy. Teswirde şeýle diýilýär: –«Valentino-nyň» bir bölegi bolmak meniň üçin buýsanç. Men «Gözellik» sözüni taryhynyň bir bölegine

By reňkli+
Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

«Ýetginjekler soňky döwür saglyga howply bolup biljekdigine garamazdan şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Häzir olar muny «TikTok» ýaly sosial ulgamlarda trende öwrüp, ýoň etdiler» diýip, «New York Post» habar berýär. Meşhur blogerler saçlaryny şampun bilen ýuwmakdan ýüz öwürendiklerini aňladýan wideolary köpçülik bilen yzygiderli paýlaşýarlar. Blogerleriň içinde has ähmiýetlileriň biri hasaplanylýan Kaýnoa

By reňkli+