Pişik halaýanlar we garaňkydan gorkýanlar...

Pişik halaýanlar we garaňkydan gorkýanlar...

Täze filmler makalamyzyň täze ýyldaky ilkinjisiniň fewral aýyna çenli gijä galmagynyň iň esasy sebäbi ýanwar aýynda “meňki bolsun” diýiläýjek filmleriň kän däldigidir. Aslynda ýanwar aýynda aglaba geçen ýylyň prokatlarynda orun alyp bilmedik filmler ekranlara çykýar. Elbetde hemmesi däl, arasynda şowly çykanlary hem gabat gelýär. Aglaba täze ýylyň iň gowy filmleri martdan soň başlap, fewralda-da 2-3 sanysy tomaşaçylaryň dykgatyna ýetirilýär. Umumylykda, adaty tomaşaçylar üçin iýun-iýul aýlarynda esasy “popcorn”-lar, noýabr-dekabr aýlarynda-da dürli baýraklar, käbir festiwallar üçin kinolar ekranlara çykarylýar.

Ilkinji filmimiz “Argylle” (“Argaýl”) diýlip atlandyrylýar. Filme “Kingsman” kinolary bilen adygan Mattýuw Wan režissýorlyk edýär. Uruşly, jansyz (içaly) we triller görnüşli filmdäki keşpleri Brys Dallas Howard, Säm Rokwell, Braýan Kranston, Henri Kawill, Katerina O’Hara, şol sanda Sofiýa Butella, aýdymçy Dua Lipa, Ariana DeBouz, Jon Sena hem-de Samuel Jekson dagy janlandyrýarlar.

Hereketli kino muşdaklarynyň göwnünden turjak filmiň býujeti 200-250 million dollar diýlip bellenilýär. “Universal Pictures”-iň önümi bolan filmiň prokatlardaky işi tamamlanandan soň ol “Apple TV+” streaming kanalynda ýaýlyma berler. Agramly bölegi Londonda surata düşürilen filmiň käbir sýužetleri Gresiýada, şol sanda ABŞ-da hem ekranlaşdyryldy.

“Jeýms Bond” filmlerini ýadyňa salýan kino pişikleri halaýanlaryň hem uly höwes bilen tomaşa etjek kinosy bolup, ekran eseriniň ssenarisi Jon Fuksa degişlidir. Filmde pişikli sahnalaryň az däldigini belläp geçsek ýerlikli bolar. CGI tehnologiýasyndan giňden peýdalanylyp surata düşürilen kino ilkinji günlerinde 50 million dollara golaý kassa ýygymyny toplady.

Filmiň temasy bolsa şeýleräk: detektiw, jansyz temalary boýunça ýazýan romanlary bilen meşhurlyk gazanan zenan ýazyjy Elli Konwoý we onuň Alfi atly pişigi, ikisi asuda durmuşda ýaşaýarlar. Ýöne Elliniň ýazan romanyndaky wakalar hakyky durmuşdaky wakalar bilen gabatlaşyp başlaýar. Şondan soň ol agent Aiden bilen gabatlaşýar. Ana şondan soň filmde uruşly, komediýa sahnalary az bolmaýar. Elli hakyky dünýädäki agentler toparyndan halas bolmak üçin Aiden bilen bile hereket etmeli bolýar...

Filme bilermenler ýokary baha bermese-de, ekran eseriniň tomaşaçylaryň göwnünden turandygyny anyk aýdyp bileris.

“Argylle” filmi adaty iňlis agent kinolaryna çalymdaş bolsa-da, olardan azda-kände modern hasaplanýar. Bilermenleriň bellemegine görä, uruşly sahnalaryndaky reňkli horeografiýasy ony beýleki adaty iňlis agent kinolaryndan tapawutlandyrýar.  Adaty uruşly kinolardaky o diýen özüne çekiji bolmadyk sahnalar bu filmde täzeçil metotlar, dinamika, tizlik bilen bezelipdir.

Ikinji filmimiz animasiýa bolup, ol “Netflix”-iň önümidir. Diňe bir körpejeleri däl, eýsem ululary hem özüne bendi edýän animasiýalaryň biri bolan “Orion and the Dark” (“Orion we garaňkylyk”) atly bu animasiýany Şon Çarmets surata düşürdi. Öndüriji meşhur animasiýalary bilen belli studiýa “DreamWorks” bolup, ekran eseri “Netflix” platformasyna görkezilýär. 93 minutlyk animasiýa Emma Ýarletiň çagalar üçin adybir kitaby esasynda ekranlaşdyryldy.

Animasiýanyň gahrymanlaryna Kolin Hanks, Jeýkob Trembleý, Pol Wolter Hauzer, Anjela Bassett Iýk Barinholts, Natasia Demetriu ýaly artistler ses berýär. Ball berýän saýtlardan gowy baha alan animasiýa tomaşaçylardanam, bilermenlerdenem öwgüli sözler alan animasiýada Orion atly oglanjygyň gorkýan zatlary, esasan hem garaňkydan gorkuşy barada söhbet açylýar. Orion başlangyç mekdebinde okap ýören adaty çagalara meňzeýär. Ol adaty çekinjeň, pespälli, hemme duýgusyny aýdyp bilmeýän bir çaga. Ýöne onuň hemme mälim däl tarapy hem bar. Orion arylardan, güjüklerden, okeandan, el telefonynyň tolkunlaryndan, ganhor masgarabazlardan hatda gaýadan gaçmak ýaly kän bir akla sygmajak gorkulary hem bar. Ýöne onuň iň uly gorkusy – her gije ýüzbe-ýüz bolýan gorkusy – garaňkylyk. Bir gije onuň gorkusy garaňkylyk Dark Orionyň ýanyna gelip, aslynda gorkara zadyň ýokdugyny subut etmek üçin onuň bilen gezelenje çykýar. Gezelençde ol Darkyň beýleki dostlary bilen tanyşýar. Orion Dark bilen dostlaşyp başlaýar we gorkynyň onuň durmuşyna zeper ýetirmezligi üçin şol sadan, gorkara zadyň ýokdugyna göz ýetirmek üçin näbelli zady kabul etmeli bolýar. Ýöne ol şol näbelli zady kabul edip-etmejekdigi barada ikirjiňlenýär...

Read more

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

Ridli Skottyň «Gucci-niň öýi» filminiň çykanyna üç ýyl geçenden soň, «Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder. Filmiň önümçiligine. Jorjio Guççi tarapyndan esaslandyrylan «Alkor Film» hem gatnaşar. «Gaumont Italy» kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri Marko Rozi: «Biz Jorjio Guççiniň teklibini kabul edip, maşgalasynyň ýardamy bilen dünýäde üstünlik gazanan şöhratly «Gucci» hakda

By reňkli+
Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

«Valentino-nyň» öňki kreatiw direktory Pierpaolo Piççioliniň öz ornundan gidenine entek bir hepde bolup-bolmanka, 25 ýyllap «Gucci-de» yhlasly işlän Alessandro Mikele onuň wezipesini eýeledi. Alessandro Mikele bu täzelik bilen bagly «Valentino-nyň» akkauntynda tolgundyryjy teswir goýdy. Teswirde şeýle diýilýär: –«Valentino-nyň» bir bölegi bolmak meniň üçin buýsanç. Men «Gözellik» sözüni taryhynyň bir bölegine

By reňkli+
Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

«Ýetginjekler soňky döwür saglyga howply bolup biljekdigine garamazdan şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Häzir olar muny «TikTok» ýaly sosial ulgamlarda trende öwrüp, ýoň etdiler» diýip, «New York Post» habar berýär. Meşhur blogerler saçlaryny şampun bilen ýuwmakdan ýüz öwürendiklerini aňladýan wideolary köpçülik bilen yzygiderli paýlaşýarlar. Blogerleriň içinde has ähmiýetlileriň biri hasaplanylýan Kaýnoa

By reňkli+