"Ralph Lauren" at üzeňňisiniň şekilinde sagat hödürleýär

“Ralph Lauren” brendi özüniň “Stirrup” toplumynyň 15 ýyllygy mynasybetli, oňa täze, at üzeňňisiniň şekilindäki sagady hem goşdy. Üzeňňi şekilli täze sagadyň iki görnüşi bolup, olar ykjam hem sypaýy “Stirrup Small” we göwher gaşlar bilen bezelen “Stirrup Petite-Link” modelleridir. Şeýle-de täze görnüşli sagat baglarynyň gök, gülgüne, gyzyl, mämişi ýaly reňkleri bilen hem alyjylaryň ünsüni özüne çekýär.
2009-njy ýylda çykarylan “Stirrup” toplumy brend üçin aýratyn ähmiýetli. Brendi esaslandyryjy Ralf Loren täze görnüşli sagat barada: “Men at çapmagyň we at üstündäki sportuň owadanlygyny hem ajaýyplygyny wasp etmek bilen, wagtyň hökmüne boýun egmejek, gymmatly bir zat döretmek isledim” diýip, gürrüň berýär.