Rebrending — üstünlikler we şowsuzlyklar

Moda brendleri näme sebäpden rebrending edýärler?

Eger üns berýän bolsaňyz moda brendleriň köpüsi biri-birine meňzäp gidip barýar. Diane von Fürstenberg, Burberry, Balenciaga, Calvin Klein… bular öz logotipleriniň asyl nusgasyny ýönekeý şrifte çalyşan brendleriň henizem az bölegi.

Mydama üýtgäp duran moda industriýasynda brendiň ulanyjy tarapyndan nähili kabul edilýändigi wajyp bolup durýar. Logotip müşderileriň brendi tanamagyna ýardam edýär. Galyberse-de kompaniýa mahsus bolan nyşan brendiň alyjylaryň gözündäki gymmatyna öz täsirini ýetirip bilýär.

Tanymal brendleriň logotipleriniň nähili üýtgändigine seredeliň.

“Burberry” britan moda öýüniň düýbi 1856-njy ýylda tutulan hem bolsa, onuň kult bolan atyň üstündäki esgerli (ры́царь) logotipy 1901-nji ýylda döredilýär. At päkligiň, ahlaklylygyň we ar-namysyň nyşany, çapyksuwaryň galkany bolsa goragy alamatlandyrýar. Soňky ýüzýyllygyň dowamynda bu nyşan ençeme üýtgeşmeleri başdan geçirdi. 2018-nji ýylda bolsa esger düýbünden aýrylyp, diňe Burberry we Londan England ýazgylar galdy.

Sport eginbaşlaryny goýberýän “Lacoste” brendiniň düýbi 1933-nji ýylda tanymal tennisçi Rene Lakost tarapyndan tutulýar. Krokodil logotip bolsa heniz brend döredilmänkä peýda bolýar. Aslynda, metbugat uzak wagtyň dowamynda tennisçini Alligator diýip atlandyrýar. Ol bolsa “öýkelemegiň” ýerine krokodiliň suratyny öz sport eginbaşyna tikip goýýar.

Janni Wersaçiniň brendiniň ilkinji logotipy diňe öz adyndan ybarat bolan “Gianni Versace” ýazgydy. 15 ýyl soň kompaniýa muny tanymal meduza kellesine üýtgetdi. Bu logotip bilen dizaýner onuň eginbaşlarynyň meduzanyň bakyşlary ýaly haýran galdyryjydygyny aýtmak isledi. Häzirki güne çenli şriftde we detallarda ujypsyz üýtgeşmeler bolaýmasa, umumy kontur üýtgemän galdy.

Italýan kompaniýasy “Fendi”-niň ilkinji logotipinde penjesi hozly belka (awusiýdik :D) şekillendirilendi. Silwiýa Fendiniň gürrüň bermegine görä, onuň atasy enesine uzakly gün “belka ýaly çarhda aýlanýandygy” sebäpli belka şekillendirilen surat sowgat berýär we Silwiýa bu suraty öz nyşany hökmünde ulanmaga karar berýär. 40 ýyldan soň brendiň täze modelýeri Karl Lagerfeld tanymal gapma-garşy goýulan F harplarynyň utgaşygyny oýlap tapýar. Ýöne soňlugy bilen moda öýi monogrammany aýyryp, diňe ýazgyny goýýar.

Logotipleriň ewolýusiýasyna kompaniýada bolan uly öwrülişige ulanyjynyň ünsüni çekmek üçin köpçülikleýin bildiriş diýsek hem bolar. Her brend üçin ol düýpgöter başga sebäplere görä bolup biler: kreatiw direktorynyň ýa-da işiň ugrunyň üýtgemegi, häzirkizaman talaplara laýyk gelmek zerurlygy ýa-da bäsdeşlik göreşi.

Häzirki zaman taryhyň ilkinji uly göwrümli rebrendingini Yves Saint Laurent-yň kreatiw direktory wezipesine geçenden soň Edi Sliman edýär. Ol hudožnik Kassandr tarapynda işlenilen brende mahsus şrifti çalyşmak hem ýetmedik ýaly, logotipden dörediji Iwyň adyny hem aýyrýar. Täze logotipyň ornaşmagy 7 ýyldan gowrak wagt alsa-da, eýýäm näçe ýyl bäri “kassandr” monogrammaly ökjesi bolan köwüşler “gyzgyn” satuwdan aýrylanok.

Ýaňy ýakynda Edi ýene bir logotipy üýtgetdi. Bu gezek onuň “eline” Celine düşdi. Megerem, Bütindünýä moda bileleşiginiň konserwatiw bölegini öjükdirmek Slimanyň göwnüne ýaraýan bolmaga çemeli.

Her bir rebrending üstünlikli çykmaýar. 2016-njy ýylda tanymal italýan moda öýi “Brioni” ulanyjylarynyň hataryna ýaşlary çekmek isleýär we “Mytheresa” söwda guramasynyň direktory Jastin O’Şi-ni çagyrýar. Ol uzak pikirlenmän Metallica rok toparyny brendiň ambassadory edip belleýär, logotip üçin bolsa gotika şrift saýlaýar. Ulanyjylar bu täzeligi gyzgyn kabul etmedikleri üçin 6 aý geçip geçmänkä brend öňki logotipyny yzyna getirýär, mahabatlarynda bolsa Entoni Hopkinsy düşürýär.

Bazar bilen deň derejede özgermek we gerek ýerinde brendiň aýdentikasyny (şahsyýetini) täzeläp durmak zerur diýip pikir edýän. Bu hemişe aktual galmagy we ulanyjy üçin gyzykly bolmagy üpjün edip biler.

Read more

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

Ridli Skottyň «Gucci-niň öýi» filminiň çykanyna üç ýyl geçenden soň, «Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder. Filmiň önümçiligine. Jorjio Guççi tarapyndan esaslandyrylan «Alkor Film» hem gatnaşar. «Gaumont Italy» kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri Marko Rozi: «Biz Jorjio Guççiniň teklibini kabul edip, maşgalasynyň ýardamy bilen dünýäde üstünlik gazanan şöhratly «Gucci» hakda

By reňkli+
Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

«Valentino-nyň» öňki kreatiw direktory Pierpaolo Piççioliniň öz ornundan gidenine entek bir hepde bolup-bolmanka, 25 ýyllap «Gucci-de» yhlasly işlän Alessandro Mikele onuň wezipesini eýeledi. Alessandro Mikele bu täzelik bilen bagly «Valentino-nyň» akkauntynda tolgundyryjy teswir goýdy. Teswirde şeýle diýilýär: –«Valentino-nyň» bir bölegi bolmak meniň üçin buýsanç. Men «Gözellik» sözüni taryhynyň bir bölegine

By reňkli+
Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

«Ýetginjekler soňky döwür saglyga howply bolup biljekdigine garamazdan şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Häzir olar muny «TikTok» ýaly sosial ulgamlarda trende öwrüp, ýoň etdiler» diýip, «New York Post» habar berýär. Meşhur blogerler saçlaryny şampun bilen ýuwmakdan ýüz öwürendiklerini aňladýan wideolary köpçülik bilen yzygiderli paýlaşýarlar. Blogerleriň içinde has ähmiýetlileriň biri hasaplanylýan Kaýnoa

By reňkli+