Saian, hip-hop we täze nesil şahyrlar

Saian, hip-hop we täze nesil şahyrlar

Aýdym-saz bilen şygyr müňlerçe ýyl bäri biri-biriniň kemçiligini örtüp, ýetmeýän ýerlerini dolduryp gelýärler. Şonuň üçin köplenç aýdymlarda ikisine aýry baha bermek kyn gelýär. Elbetde, soňky ýyllarda şahyrlar öňler bolşy ýaly meşhurlygyny ýitirdi. Emma bu şahyrlaryň azalandygyny aňlatmaýar. Hiç bir zat soňsuz däl, şeýle hem islendik zat özüniň barlygyny dowam etdirmek üçin ewolýusiýa geçirmeli bolýar. Meniň teoriýam - şahyrlar hem şol prosesden geçýär. Bu argumentimi has berkitmek üçin gysga makala seriýasyny ýazmak isledim we şu wagt okap başlan makalaňyz, agzap geçen seriýamyň birinji bölegi.

Şahyrlar we goşgular mainstreamden düşdi; muny kabul etmekde kynçylyk çekýän adam ýokdyr diýip pikir edýän. Goşgular özüniň formasyny üýtgedip, aýdym-saz industriýasyna tarap ýol alyp başlady. Sözlerime subutnama hökmünde hip-hop aýdymlaryny görkezip bilerin. Ýadyňyzda bolsa, täze zatlardan gorkýan ähli adamlar 2000-nji ýyllaryň başynda birinji gezek rap aýdym diňlänlerinden soňra "Eý, bu aýdym däl-ä. Prosto, saza goşgy okaýar-a" diýipdiler. Ana, şol hem agzap geçen ewolýusiýamyň başlangyjydy. Soňky wagtlarda, ýaş şahyr ýok diýip alada etmek gerek däl. Ýaş şahyrlar şol manyly aýdymlar çykarýan aýdymçylar boldylar. Meniň tanyşdyrmak isleýan aýdym-saz industriýasynda uly işler edýän şahyr diýip boljak artistlerim, möjek-jäjek, refrain söýgi sözlerini ýazýan adamlaryň kyrk tamdyr çörek iýseler hem ýetip bilmejek adamlary. Şonuň üçin ýeri gelende ýene bir gezek belläp geçeýin, gowy aýdym diňlemek isleýän bolsaňyz pop aýdymlardan biraz uzak duruň.

Söýgi barada ýazýan şahyrlar we söýgi barada ýazylan goşgulary garalamak niýetim ýok, bular ýaly goşgylar, şygyr bilen ýaňy tanşyp başlan ýetginjekler, çagalar üçin erbet däl.

Indi, birinji tanyşdyrmak isleýän artistime geleliň - Saian Sakulta sahna ady bilen tanalýan türk hip-hop artisti. Hip-hop bilen gyzyklanyp birinji albomuny 2005-nji ýylda çykarsa hem 2009-njy ýylda çykaran "Battle Royal" albomy bilen has tanalyp başlady. 2007-nji ýylda çykaran "Sıkı Dur Geliyorum" atly sosiýal-politik albomy, onuň soňraky çykarjak eserleriniň peçaty boldy.

Bu seriýamyzda şygyrlara we sözlere üns bersek hem Saianyň aýdymlarynyň beatleri sözlerinden öňe geçmese yza galanok. "Sıkı Dur Geliyorum" albomynyň hemme aýdymlarynyň sazlarynyň hemmesi oldschool masterpiece. Köp aýdymlarynyň sazlaryny özi düzse hem türk hip-hopunyň legendasy bolan beatmaker Da Poet bilen bilelikde çykaran eserleri köp. 2010-nji ýylda çykaran "Dilimizi Biliyor" atly albomyndaky "Feleğin Çemberine 40 Kurşun" atly aýdymy, Zumer-iň 2012-nji ýylda çykaran "Adym" aýdymyna hem ylham berdi. Saian beren interwýusynda şygyra we goşgy ýazmaga bolan höwesiniň esasy sebäbkärleriniň türk şahyrlary Nazym Hikmet we Ismet Özeliň şygyrlarydygyny aýdyp geçýär. Öz durmuşynyň kyn döwürlerinde hem ýaşamak üçin güýjüni goşgulardan alýandygyny aýdyp geçýär. Bu aýdanlarynyň subutnamasy hökmünde "Kangren" atly aýdymynda aýdyp geçişi ýaly, elinden hiç zat gelmejegini, bir zatlary üýtgetmäge güýjüniň ýetmejegini bilip, iň azyndan özüniň barlygyny belli etmek üçin goşgy ýazandygyny aýdýar.

Saian aýdymlarynyň sözlerini özi ýazýar we arada bir edebiýatyň beýik ussatlarynyň eserlerinden alnan sözlemlere gabat gelmek bolýar. Beýik şahyrlaryň we ýazyjylaryň sözlerini ulanýanlygy üçin birnäçe gezek Saiana garşy kritika gelipdi. Şahsy pikirime görä, onuň aýdymlarynda ussatlaryň eserlerinden bir-iki bölek almasy, onuň söz baýlygynyň pesligini görkezmän, eýsem onuň şol ussatlara garşy görkezýän sylagy ahsap edýän.

Sözüň soňunda bir-iki aýdymyny türkmen diline kapýasy bilen terjime edip bermek islegim bardy, ýöne çykan netijeden ýaňa öz-özümden lapykeç bolup bu işi özüniň ussatlaryna goýdum. Gysga hem bolsa Saianyň şygyrlary bilen tanyşmak isleseňiz, siziň üçin aşakda gysgaça playlist taýýarladym.

Suç (Sıkı Dur Geliyorum)

Parmak Uçlarını Kazıtan Kadın (Dilimizi Biliyor)

Kırmızı Çiçeklinin Öyküsü (Single)

Al Sevgilim Anne Ol Bununla (Sıkı Dur Geliyorum)

Al Sevgilim Kanser Ol Bununla (Dilimizi Biliyor)

Kangren (Başıbozuk)

Read more

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

Ridli Skottyň «Gucci-niň öýi» filminiň çykanyna üç ýyl geçenden soň, «Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder. Filmiň önümçiligine. Jorjio Guççi tarapyndan esaslandyrylan «Alkor Film» hem gatnaşar. «Gaumont Italy» kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri Marko Rozi: «Biz Jorjio Guççiniň teklibini kabul edip, maşgalasynyň ýardamy bilen dünýäde üstünlik gazanan şöhratly «Gucci» hakda

By reňkli+
Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

«Valentino-nyň» öňki kreatiw direktory Pierpaolo Piççioliniň öz ornundan gidenine entek bir hepde bolup-bolmanka, 25 ýyllap «Gucci-de» yhlasly işlän Alessandro Mikele onuň wezipesini eýeledi. Alessandro Mikele bu täzelik bilen bagly «Valentino-nyň» akkauntynda tolgundyryjy teswir goýdy. Teswirde şeýle diýilýär: –«Valentino-nyň» bir bölegi bolmak meniň üçin buýsanç. Men «Gözellik» sözüni taryhynyň bir bölegine

By reňkli+
Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

«Ýetginjekler soňky döwür saglyga howply bolup biljekdigine garamazdan şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Häzir olar muny «TikTok» ýaly sosial ulgamlarda trende öwrüp, ýoň etdiler» diýip, «New York Post» habar berýär. Meşhur blogerler saçlaryny şampun bilen ýuwmakdan ýüz öwürendiklerini aňladýan wideolary köpçülik bilen yzygiderli paýlaşýarlar. Blogerleriň içinde has ähmiýetlileriň biri hasaplanylýan Kaýnoa

By reňkli+