«Saint Laurent» Parižde kitap dükanyny açdy

«Saint Laurent» moda öýi Parižde kitap we saz plastinkalarynyň dükanyny açdy. «Saint Laurent Babylone» atly bu dükan Parždäki Grenel köçesinde ýerleşýär.
Dükan üçin niýetlenen kitaplary saýlamak işine moda öýüniň kreatiw direktory Entoni Wakkarellonyň hut özi ýolbaşçylyk etdi. Kitap dükanyň içki bezegi 1966-njy ýylda açylan «Saint Laurent Rive Gauche» butigiň interýerini ýatladýar. Bu dükanda ussatlyk sapaklary, leksiýalar, saz älemine degişli köpçülik çäreleri hem geçiriler.
Alyjylar «Saint Laurent Babylone» dükanyndan diňe bir köne kitaplardyr plastinkalary däl, eýsem «Saint Laurent Rive Droite Editions» brendiniň hödürlemeginde täze nusgalary hem satyn alyp bilerler. Şeýle-de bu ýerden «Leica»kompaniýasynyň wintaž kameralary, «Yves Saint Laurent» markaly interýer aksessuarlary ýaly ýadygärlik sowgatlyklary hem tapmak mümkin.