Snoop Dogg muşdaklaryny geň galdyrdy - meşhur endigini taşlady


Snoop Dogg, muşdaklaryny hiç haçan ondan garaşylmajak sözleri bilen geň galdyrdy - görnüşi ýaly, ol çilimi taşlaýar. Rap legendasy Snoop Dogg, özüniň sosiýal mediýa hasaby arkaly bu habary muşdaklaryna ýetirdi.
“Maşgalam bilen köp oýlanşykdan we söhbetdeşlikden soň, çilimi taşlamagy makul bildim. Şu wagt gizlinligime hormat goýmagyňyzy haýyş edýärin "-diýdi.
Snoop Dogg bu ýylyň başynda ata bolanlygy üçin we käbir saglyk kynçylyklary sebäpli temmäki önümlerini azaldanlygyny aýdypdy.
Mart aýynda "Daily Mail" habar gullugyna beren beýanynda “Esasy ýol, meniň nähili ýaşaýandygym, nähili hereket edýändigim, meniň bilen gatnaşygy bolan adamlar bilen gyzyklanmak, sebäbi agtyklarymyň garramagyny göresim gelýär," diýipdi.