Surat okamak — Gara kwadrat, Kazimir Malewiç
Ilkinji gezek göreniňde düşünişmezlik döredýän eserleriň biri bolan “Gara kwadrat” barada iki kelam söz açmak isleýän.

“Gara kwadrat” eseriniň awtory bolan Kazimir Malewiç barada hem söz açman geçmek bolmaz. Köp kişiniň düşünmeýän we sungat kritikleriniň arasynda çekişmeler döredýän ussatlaryň biri hem Kazimir Malewiç. Kazimir Malewiç XX asyryň iň öňde baryjy artistleriň biri bolup, surat žiwopisine täze bir ýol açan beýik şahsyýet bolup taryha geçdi. Kazimir Malewiç surat žiwopisinde supermatizmiň esaslandyrjysy bolup durýar. Supermatizm — bir sungat ýoly bolman filosofiki pikirlenişdir.
Malewiçiň eserlerini görüp “-eý, şumy indi sungat, muny çagadama çekip bilýär.” diýip bilersiňiz. Malewiç ömrüni diňe supermatizm eserlerini döredip geçmän, onuň ýany bilen kubizm, impressiannizm we futurizm eserlerini hem döretdi. Gysgaçasy artist sungatda özüni gözledi hem diýip bileris.

Indi bolsa “Gara kwadrat” eserine gelenimizde bolsa bu eser ne gara ne-de kwadrat. Malewiç eserini döredende diňe gara reňki ulanman bir näçe reňkleriň garyndysynda elde edilen gara ýakyn reňki ulanýar, ýagny hiç hili gara reňk ulanylmadyk. Gara kwadrat ýaly eserleri Malewiçden öň hem bir näçe artist tarapyndan tomaşaçylara hödürlenipdi. Meselem: “Garaňky gowakda negrlaryň urşy.” Alfonsa Alle; “Beýik tümlük” Robert Fladd.
Malewiç gara kwadrat ýaly eserlerden dört sanysyny döredýär, hemmeleriň tanaýan gara kwadraty bolsa 1915-nji ýylda çekilen eseri.Ondan daşary bolsa “Gara haç”; “Gara tegelek” “Gyzyl kwadrat” diýip hem eserlerini dowam etdirýär.

Malewiç sungatyň öýkünme şeklinden daşlaşyp obýektlaryň bolmadygy bir dünýäni simwolikanyň üsti bilen janlandyrmak isläpdi. Onuň ýene bir haýran galdyryjy eserleriniň biri hem “Agyň üstünde ak kwadrat”.

Elbetde adamlar “Gara kwadrat”-y görenlerinde her kim üýtgeşik many çykarýar: Kimileri boşlugy görýär, kimileri bolsa gijäni, dünýäniň soňuny, azatlygy ýa-da bulam bujarlygy görýär. Ussadyň özüniň eserleri arkaly näme düşündirjek bolanlygyny bilip bilmeýäris.