
aýdym-saz
Mozarty diňläp, Glen Guldy eşitmek
Meşhur bolmaýan we türkmen okyjylaryň arasynda barmak basyp sanaýmaly adamyň ünsüni çekip biljek bir temaň üstüne gidip kejirlik etmek isleýärin. Bu hereketi PR manysynda özüňi gömmek diýip hasap edip bileris. Onsuzam, ummasyz ýitirýän zadym bolmansoň öjükdirmäge dowam etmekçi. Ine şonuň üçin hem üstünde köp oýlanyp, ýazmaga karar beren makalamyň gahrymany