
kino
“Möý adam” we “Transformerler”: 5 ýyldan soň ekranlara dolandy
Täze filmler makalamyzyň bu sanynda kino muşdaklarynyň sabyrsyzlyk bilen garaşýan 2 filmi barada gysgaça maglumat bereris. Olaryň ilkinjisi “Möý adam: möý älemine geçiş” (Spider-Man: Across the Spider-Verse) ekşn animasiýasydyr. Hoakim Dos Santos, Kemp Powers hem-de Jastin K. Tompsonyň bilelikde režissýorlyk eden filmi “Marvel Comics” eserleri esasynda “Sony Pictures” studiýasynda taýýarlandy.