Uncategorized

Uncategorized

“Stiliste bermäge pulum ýok” ýa-da akylly garderob taýýarlamak boýunça gollanma

Howanyň maýlap, bahar paslynyň gelmegi eginbaş şkafyny tertiplemek üçin örän gowy pursat bolup biler. Makalanyň bu sanynda dürli stilistleriň akylly garderob taýýarlamak boýunça berýän maslahatlaryna esaslanyp, gysgaça gollanma taýýarladym. Şkafy tertiplemek birnäçe sagadyňyzy alyp biler. Şol sebäpli öňünden wagt aýyrsaňyz gowy bolar. Eger eginbaşlaryňyz diýseň kän bolsa, onda bu işi

By Enar Rejepowa

Uncategorized

Çynmy ýa ýalan — klimatyň üýtgemegi ýer titremä täsir edip bilermi?

Soňky günlerde ýer titremeler barada habarlaryň artmagynyň netijesinde klimatyň üýtgemegi bilen ýer titremeleriň arasyndaky baglanyşyklar barada beýanlar hem döremäge başlady. Iki hadysanyň baglanyşygy ýok ýaly bolup görünse-de, käbir alymlar olaryň arasynda aýlawly baglanyşygyň bolup biljekdigini çaklaýarlar. Geliň, öňe sürlen käbir subutnamalara has içgin seredeliň. Arktikada ereýän aýzbergleri göz öňüne getiriň,

By reňkli+

Uncategorized

“Eje, men sekta girdim” — ýa-da Gündogar medeniýetiniň amerikan hip-hopyna täsiri

Bu makalada hem arkamyzy Gündogar Aziýa diräp, Günbatar barada gürrüň ederis, ýöne azajyk bärräkden, ýagny Koreýadan däl-de, Hytaýdan başlarys. Makala başlamazdan öň Gündogar söweş sungatynda “sekt” sözüniň näme many aňladýandygyna ser salalyň. Sekt — söweş sungatynyň belli bir ugry ýa-da görnüşi boýunça tälim bermek üçin döredilen gurama aýdylýar. K-popdan-dan soňra, göni

By Bayram Agayew

Uncategorized

Kolumbyň gämisinden “Vogue” žurnalynyň ýalpyldawuk sahypalaryna — jinsiň bütindünýä syýahaty

Gündelik durmuşymyzda ulanýan top-3 eginbaşlarymyzyň arasynda ilki bilen kellämize gelýäni jins bolsa gerek. Hem erkekleriň, hem aýallaryň geýim şkafyny şonsuz göz öňüne getirmek mümkin däl. Ýöne bu hemişe beýle däldi. Birnäçe asyr mundan öň jins diňe işçiler üçin eginbaş bolup, ýokary gatlagyň dresskodynda düýbünden ýokdy. Geliň, sungatyň, senagatyň we adamlaryň

By Enar Rejepowa

Uncategorized

Aziýalylaryň Oskary we garaşylmadyk dalaşgärler

Mundan 2 hepde öň Amerikan kino sungaty we bilimleri akademiýasy (AMPAS) 95-nji Oskar baýraklarynyň dalaşgärlerini mälim etdi. Dalaşgär görkezilenleriň arasynda garaşylmadyklaryň bolşy ýaly, garaşylýanlaryň ýoklugy hem aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Onsuzam her ýylky dalaşgärleriň arasynda hökman uly sýurprizler bolýar. Soňky ýyllarda bolşy ýaly, ýene-de aziýalylaryň şemalynyň belentden öwüsýän Oskar dabarasy boljaga

By Ussa Hajyýew

Uncategorized

Howa üýtgeýärmi ýa-da klimat?

Howa we klimat köplenç garyşdyrylyp, biri beýlekisiniň ýerine ulanylýan, ýöne biri-birine bagly iki tapawutly adalgadyr. Olaryň käbir umumy aýratynlyklary bolsa hem, göwrümi we täsiri boýunça düýpgöter tapawutlanýar. Howa — ýylylyk, çyglylyk, ýel, ümür, ýagyş ýa-da gar ýaly ýygy-ýygydan we çalt üýtgäp bilýän gysga möhletli atmosfera hadysalarynyň jemine aýdylýar. Howany her gün

By reňkli+

Uncategorized

K-pop näme, iýilýän zatmy?

Ýazgymyzyň bu sanynda haýyşlar* boýunça K-pop (keýpop) barada ýazmaly diýen netijä geldik. “K-pop barada näme bilýäň ýa-da haýsy toparlary diňleýäň?” diýip sorasalar, jogabym “hiç” bolardy. Ýeke bilýän zadym, K-popyň Günorta Koreýada döränligi we ýetginjeklige ýaňy gadam basan gyzlaryň ölemen diňleýän žanry bolmagydy. Başga-da hiç zat bilemokdym. Şonuň üçin ynamdar çeşmelerden

By Bayram Agayew

Uncategorized

2023 moda trendleri — giň jinslar, minimalist keşpler, emeli sütükden aksessuarlar

Makalaň başynda moda trendleriniň diňe ylham almak üçindigini, her kimiň bu trendleri öz islegine we geýiniş stiline görä sazlaýandygyny ýatladasymyz gelýär; makalada ulanylan moda adalgalarynyň sözlügine göz aýlamagyňyzy maslahat berýäris. Moda sözlügi: Mom jins Waýdleg jins — Legginsy Baletka Bodi Top Total-black Giň ýa-da baggy jins Daş görnüşi boýunça mom we

By Enar Rejepowa