
kino
Üç täze film, biriniň prodýuseri Obama
Ahyrlap barýan 2023-nji ýylyň soňky günlerinde prokatlara ýa-da streaming kanallaryna esasan hem baýraklar ugrunda göreşýän kinolaryň, şol sanda festiwal filmleriniň sany adaty aýlardakydan köp bolýar. Aýratynam Oskar, Altyn globus ýa-da gildiýalaryň baýraklarynyň dalaşgärleriniň köpüsi noýabr-dekabr aýlaryndaky filmlerden saýlanýar. “POOR THINGS” Täze filmler makalamyzdaky ilkinji ekran eseri “Poor Things” diýlip atlandyrylýar.