Taryhçylar Ridli Skottuň “Napoleon” filmini näme sebäpden ýepbekleýärler?

Britan režissýory Ridli Skottuň täze “Napoleon” filmi entek ekrana çykmazdan öň köp sanly jedellere sebäp boldy. “Keseki”, “Galdiator” ýaly tomaşaçylaryň halaýan filmleriniň awtorynyň täze işine beýle çemeleşilmeginde esasy bahana taryhy nätakyklardyr.
Ridli Skottuň eden ilkinji “günäsi” fransuz imperatorynyň keşbini ekranlaşdyrmagy däl-de, halkyň milli gahrymanyna ýüzlenmäge milt etmegidir. Filmde, esasan ofiser Napoleonyň nädip häkimýet başyna geçişi we onuň aýaly Žozefina bilen gatnaşygy gürrüň berilýär.
Fransuz taryhyçylarynyň režissýora nägilelik bildirýän ýerleri filmde imperatoryň gersog Wellington bilen Plimutda bolan duşuşygynyň toslamadygy hem-de onuň Mariýa-Antuanettanyň jezalandyryş çäresine gatnaşdyrylmagydyr. Garaz, olaryň pikirine görä, Napoleon bu filmde imperator däl-de, haýsydyr bir samsyklaç adam ýaly görünýär. Fransuz neşiri “Le Figaro” buboýunça: “Film “Napoleon” däl-de, “Barbi we Ken fransuz imperiýasy” döwründe diýseň dogry bolardy.” diýip, janyýangynly teswir berýär.
Filmde iňlis aktýorlarynyň köplügi, diliniň hem fransuz aksentinden uzakdadygy bu aýdylanlaryň üstüne! Napoleon hakda taryhy maglumatlary ilik-düwme seljerip, ol hakda kitap ýazan taryhçylara filmde esgerleriň “Ýaşasyn Fransiýa!” diýip, nämüçindir fransuz däl-de, iňlis äksenti bilen gygyrýandyklary, imperatoryň aýaly Žozefinanyň ähli ýere diýen burnuny sokup ýörmegi, imperatoryň ýeňlişe sezewar bolýan pursatlarynyň aýratyn öňe çykarylyp görkezilmegi hem-de Napoleonuň Müsür piramidalaryna ok atdyrylmagy juda ýokuş degýär.
“Kimi diňleseň, şoňky dogry” diýleni ýaly, Ridli Skottuň “Napoleon” fimi hakda aýdylýan hiç bir zat hem esassyz däl. Ýöne, her niçigem bolsa, dünýä kinomatografiýasynda “Taryhy filmlerde ssenariýaçy we režissýor hakyky maglumatlara doly eýermelimi ýa dälmi?” diýlen soraga iki dürli jogap bar.
Olaryň birinjisi, halk köpçüliginiň agramly böleginiň gürrüňi edilýän taryhy waka ýa-da şahs hakyndaky maglumatlary öňdenem bilýändigi we ssenariýaçy bilen režissýoryň filmiň çeperçiliginiň hatyrasyna halkyň şol bilýän maglumatlaryna zeper ýetirmeli däldikleridir.
Ikinjisi bolsa, tomaşaçylaryň ssenariýaçy bilen režissýoryň filmiň has gyzykly bolmagy üçin käbir ýok ýagdaýlara baş urmaly bolýandyklary we tomaşaçylaryň hem muňa düşünerden samsyk däldikleridir. Bu jogaplaryň haýsyndan ugur alyp, Ridli Skotty aklap boljakdygy bolsa, “Napoleon” fimine tomaşa etjek her bir kişiniň aň aýratynlygyna bagly. Gowy ýeri, režissýor filmi hakda aýdylýan belliklerden howpurgap, müzzerip durmaýar-da, gaýta: “Fransuzlar özlerini özleri söýmeseler men günäkärmi?” diýip, sorag berýän žurnalistleriň özlerine köp manyly sorag bilen ýüzlenýär.