Taýyn ýol, meşhur familiýa: bir moda dünýäsine üç Hadid köp dälmi?!

Taýyn ýol, meşhur familiýa: bir moda dünýäsine üç Hadid köp dälmi?!

Häzirki wagtda moda dünýäsinde şeýle ýagdaýlar bar. Meselem, öňräkden bäri öz wagtynda dünýä meşhur bolan modeller barýan şüweleňlerine, moda görkezişlere ýanlary bilen gyzlaryny hatda ogullaryny hem eltip başladylar. Modellerçe gözellik hemme kişä nesip edip durmy nä?! Şol nesip etmedikleriň içinde modelleriň gyzlary hem bar. Alyp görsek, 90-njy ýyllaryň moda ýyldyzy Kristen Makmenaminiň gyzy Lili. «Men Kristen Makmenaminiň gyzy» diýmese, hiç kim oňa ünsem bermezdi. Emma ejesiniň gyzy bolany üçin, oňa sereden kişi, iň bolmanda, ýekeje-de bolsa onda ejesine meňzeşlik tapýar, hatda ol ýogam bolsa. Şeýdip, Lili ejesiniň saýasynda model bolup gidiberýär. Onuň nädürs ýerleşen dişleri zerarly doly ýapylmaýan agzy-da muňa hiç hili päsgel bermeýär...

Ýa-da, aýdaly, 90-njy ýyllaryň naýbaşy modelleriniň biri Sindi Krouford. Şol wagtlar köp kişi Sindiden owadan model bardyr diýip pikirem etmezdiler. Emma olar onuň gyzy Kaýýa Gerberi gören bolsadylar, onda şolbada ýalňyşýandyklaryna düşünerdiler. Dogulanda ejesinden hem owadan doglan Kaýýa eýýäm 10 ýaşynda «Versace-niň» çaga eşikelrini mahabatlandyryp başlaýar. 15 ýaşynda ejesi bilen bile «Vogue» üçin surata düşýär. Häzirem onsuz ýeke moda hepdeligi-de geçenok.

Kaýýanyň işleriniň beýle şowlamagy geň däl, çünki ol tebigat tarapyn owadan, modellerçe gözel. Ýöne içiňi ýakaýyn diýýän ýaly,  Kaýýa Lili Makmenami ýaly gelşiksiz bolmasa-da, barybir onuň üstünliklerini ejesiniň adyna ýelmeýärler. Hatda munuň üçin ýörite delil hem tapýarlar. Moda dünýäsinde özüniň aýgytly pikirleri bilen tanalýan IMG kasting-direktorlaryň biri Jeýms Skalli şeý diýýär:

‒ Kaýýa gaty owadan. Ýöne biziň häzirki moda biznesimiz beýle gözelligi kabul edip bilmeýär. Eger ol Sindi Krouforduň gyzy bomasady, onda Raf  Simonsyň gözüne-de ilmezdi. Sebäbi Kaýýanyň daş keşbi «CalvinKlein-e» gelişýän sypat däl.  beýleki dizaýnerlerem edil Raf Simons ýaly, ilki bilen, ol ejesiniň gyzy bolany üçin şertnama baglaşýarlar.   Ýöne wagty geler, ol öz gözelliginiň güýjüni  görkezip biler diýip umyt edýän.

Ine-dä, adamlar owadan bolsaňam, bir gep tapýalar, owadan däl bolsaňam. Barybir, seniň ene-ataň oza meşhur bolsa, onda  özbaşdak şahsyýet bolmagyň kynlaşyberýär.

Moda dünýäsiniň Hadidlerin-ä hemmämizem bilýändiris?! Häzirki wagtda Jiji bilen Bella Hadid iň köp ykrar edilen modelleriň öňdäki hatarlaryny eýeleýärler. Bularyň taryhy-da şeýleräk manyda. Bir tapawutly tarapy, olaryň meşhur model bolmaklaryna ejesi däl-de, kakalygy sebäp bolýar.

Gyzlaryň ejesi Ilona Hadidiň öz wagtynda belli model bolandygy dogry. Ol öz tanymallygyndan peýdalanyp,  Pol Marçiano bilen kontrakt başlaşýar we gyzy Jijini heniz iki ýaşyndaka «Baby Guess-iň» mahabatlarynda surata düşürdýär. Ýöne Jiji iki ýaşynda wagty dörän bu mümkinçilikden ulalansoň peýdalanjak bolmaýar. Ol ejesi bilen kakasynyň aýrylyşmagy zerarly ünsüni sowmak üçin okuwa, atçylyk sportuna yhlasly ýapyşýar. Haçanda  ejesi  üstünden 11 ýyl geçirip, 16 «Gremminiň» eýesi prodýuser Dewid Fostere  täzeden durmuşa çykandan soň, ýuwaş-ýuwaş moda dünýäsine dolanyp gelýär. Kakalygy Jiji bilen Bellanyň elinden tutup, şou-biznesiň  abraýly  şüweleňlerine äkidýär. Şeýdibem, iki ýaşynda  moda dünýäsinden giden Jiji oňa 17 ýaşynda gaýdyp gelýär. Şol öňki Marçiano bilen kontrakt baglaşyp, şol öňki «Guess-iň» italýan görnüşi «Vanity Fair» üçin surata düşýär. Jiji şonda  öz Instargram sahypasynda «Bir gezek we hemişelik ‒ «Guess-iň» gyzjagazy 15 ýyldan soň täzeden işe başlady» diýlen ýazgy goýýar.  Şeýle ruhubelent başlasa-da, moda dünýäsinde «özüniňki» bolaýmak Jijä wagtynda ýetdiräýenok. Ol tä 2014-nji ýylda  Karin Roýtfeld özüni moda kitabynyň daşky sahypasy üçin surata düşürýänçä känbir göze ilmeýär. Soň şol suratyň üsti bilen Tom Forduň ünsüne mynasyp bolýar. Onsan soň yzly-yzyna kontarktlar, teklipler gelip başlaýar.

Garaz, eýdýär-beýdýär, meşhurlyga ýetmegiň kynçylykly taraplaryny Jiji çekýär. Bellanyň öz  dogany Jijiniň taýyn ýolundan moda dünýäsine gelmegi bolsa, onuň üstünlige tiz ýetmegine sebäp bolýar. Jijiniň onlarça ýylda ýeten meşhurlygyna bir ýylda ýeten Bellanyň doganynyň suratlarynyň gapdalyna özüniň hem suratlaryny goýup paýlaşma häsiýeti bar.  Ol şeýdip, özüniň doganyndan asla kem däldigini subut etmek isleýär. Ýöne nähilem bolsa iki uýanyň ady, hamana biri-birine ýelmeşen ýaly. Biriniň ady tutulsa, beýlekiniňkem tutulýar, ýa-da,  iň bolmanda ýadyňa düşýär. Şonuň üçin olar aýratynlykda däl-de, bilelikde göz öňüňe gelýär. Netijede bolsa, ne Jijiniň gözellligi, ne-de Bellanyň gözelligi öz artykmçlygyny görkezip bilýär.

Mundanam beteri, soňky döwür olaryň ýanyna ejebaşga doganlary Alana hem goşuldy. Bizde «Kyrk ýaşyňdan soň dutar öwrenip, ony görüňde çaljakmy?» diýilýär. Alana hem kyrk ýaşynda modellige baş goşdy. Ol şu ýylyň tomsunda Kopengagende geçen moda hepdeliginde , öz aýdyşyna görä, hamana diýersiň, «tötänden» podiuma çykdy. Özem birnäçe gezek. Şeýdip, indi Hadidler üç bolaýdylar...

Alananyň kyrk ýaşdan soň modelýer bolmagy hakda öz pikirini aýdyp, teswir ýazýanlara ol: «Men yzdan öňe ýaşaýaryn. Bu şeýlebir hezil!» diýip jogap ýazýar. Onsoň pikir edýärisň:«Dagy hem hezildir! Taýyn ýol, meşhur familiýa... »

Read more

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

Ridli Skottyň «Gucci-niň öýi» filminiň çykanyna üç ýyl geçenden soň, «Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder. Filmiň önümçiligine. Jorjio Guççi tarapyndan esaslandyrylan «Alkor Film» hem gatnaşar. «Gaumont Italy» kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri Marko Rozi: «Biz Jorjio Guççiniň teklibini kabul edip, maşgalasynyň ýardamy bilen dünýäde üstünlik gazanan şöhratly «Gucci» hakda

By reňkli+
Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

«Valentino-nyň» öňki kreatiw direktory Pierpaolo Piççioliniň öz ornundan gidenine entek bir hepde bolup-bolmanka, 25 ýyllap «Gucci-de» yhlasly işlän Alessandro Mikele onuň wezipesini eýeledi. Alessandro Mikele bu täzelik bilen bagly «Valentino-nyň» akkauntynda tolgundyryjy teswir goýdy. Teswirde şeýle diýilýär: –«Valentino-nyň» bir bölegi bolmak meniň üçin buýsanç. Men «Gözellik» sözüni taryhynyň bir bölegine

By reňkli+
Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

«Ýetginjekler soňky döwür saglyga howply bolup biljekdigine garamazdan şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Häzir olar muny «TikTok» ýaly sosial ulgamlarda trende öwrüp, ýoň etdiler» diýip, «New York Post» habar berýär. Meşhur blogerler saçlaryny şampun bilen ýuwmakdan ýüz öwürendiklerini aňladýan wideolary köpçülik bilen yzygiderli paýlaşýarlar. Blogerleriň içinde has ähmiýetlileriň biri hasaplanylýan Kaýnoa

By reňkli+