Täze ýyly ekologik garşylamak üçin näme etmeli?

Täze ýyl baýramçylygy adamlara şatlyk getirýän baýram. Ýöne şeýle bolsa-da, bu baýramda bolup geçýän käbir ýagdaýlar zerarly köplenç daşky gurşawa ýakymsyz täsir ýetýär. Eýsem ol ýagdaýlar haýsylar we nädip, Täze ýyly ekologiýa taýdan arassa garşylap bolar?
1. Täze ýyl arçasy
Eger-de siz täze ýyl arçasyny bir däl-de, köp gezek ulanmakçy bolsaňyz, onda plastik arçany satyn alsaňyz hem bolar. Ýöne siz arçany bir gezek ulanyp, zibile zyňjak bolsaňyz, onda Täze ýyl baýramy üçin hakyky arça agajyny alyň. Çünki plastik arça baýram geçenden soň göni gaýtadan işlenilmäge ugradylmasa, ol zibilde çüýräp, töwerege parnik gazy bolan metany ýaýratmak arkaly ekologiýa ýaramaz täsirini ýetirer.
2. Şemler we çyralar
Täze ýyl atmosferasyny döretmek üçin şem ýakýanlarymyz az däl. Ýöne olar şemiň nebit önümi bolan parafinden ýasalandygyny ýatdan çykarmaly däldirler. Şonuň üçin, şeýle baýramçylyk pursatlarynda soýa, ary ýa-da kokos mumyndan ýasalan, ekologiýa taýdan arassa şemleri tapyp ýakmak saglyk üçin has peýdalydyr. Çyralar barada aýdylanda, köp sanly simap saklaýan floresan çyralara garanyňda, LED çyralar ekologiýa taýdan has arassa hasap edilýär.
3. Sowgatlyk gaplar
Bir gezek ulanylýan kagyz gaplaryň gereksiz galyndylaryň topbagyny döretmezligi üçin täze ýyl sowgatlaryny mata gaba ýerleşdirmek ekologiýa taýdan dogry ädim ätmekdir. Dost-ýar, dogan-garyndaşlar üçin sowgatlar täsin gülli matalardan taýýarlanan haýsydyr bir zadyň şekilini ýatladýan gaplara salynsa, olar soň hem ulanmak üçin oňaýly bolar. Mata gaba süýjülik sowgatlary salanyňyzdan soň onuň agzyny owadan bagjyk bilen bogsaňyz, sowgat has-da özüneçekiji hem gelşikli görnüşe geler.
4. Baýramçylyk saçagy
Baýram saçagynda bolmaly tagamlaryň sanawyny meýilleşdireniňizde, olaryň möçberine üns beriň. Täze ýyl baýramçylygynda aşa köp taýýarlanylan tagamlaryň, salatlaryň iýilmän galyp, isrip bolýandygy gynandyryjydyr. BMG-niň Bütindünýä Azyk Maksatnamasynyň maglumatyna görä, zibile zyňylýar.
5. Feýerwerk
Baýramçylyk feýerwerkleri atylandan soň howa hapalaýjy we parnik gazlaryny, ilkinji nobatda bolsa, CO2 we ozony goýberýär. Howa goýberilýän maddalar we tüsse aýratyn-da demgysmaly adamlara zyýan berip biler. Eger feýerwerkler seýilgähiň ýa haýwanat bagynyň golaýynda atylsa, onuň sesi haýwanlarda we guşlarda gönüden-göni stres döredýär. Pirotehniki hapalaýjy maddalar golaý ýerlerdäki suw howdanlaryna düşüp, ony hem hapalap bilerler.