Teýlor Swift “Spotify”-den 100 million dolar gazandy, ýöne bu hemmesi däl

Amerikaly aýdymçy Teýlor Swift 2023-nji ýylda “Spotify” arkaly 100 million dollardan gowrak girdeji gazandy.
Ýylyň başyndan bäri aýdymçy 26,1 milliard gezek diňlenildi. Aýdymçy olaryň her biri üçin ortaça 0,0035 sent alan ýagdaýynda onuň dekabr aýyna çenli gazanan girdejisiniň mukdary 130 million dollara golaýlaýar.
“Spotify” iň uly striming hyzmaty hasap edilse-de, ol ýeke-täk däl. Şol sebäpden, “Billboard”-yň çaklamalaryna görä, Swiftiň ähli strimingden alýan umumy girdejisi, takmynan 200 million dollary töwerekleýär.
Teýlor Swift “Billboard Music Awards 2023”-iň 10 baýragyna hem eýe bolupdy. Aýdymçy “Iň gowy aýdymçy”, “Iň gowy zenan aýdymçy”, ““Billboard”-yň iň gowy 200 aýdymçysy”, “Iň gowy kantri aýdymçysy” we “Anti-Hero” aýdymy üçin “Iň köp satylan aýdym” ýaly başga-da birnäçe ugurlarda ýeňiji boldy.