Tina Törneriň gijä galan nekrology

Tina Törneriň gijä galan nekrology

Rok 'n roll we R&B sazynyň söýüjileri maý aýynyň 24-ne gynançly habar bilen garşylaşdylar. Ýaş nesliň kän bir habary bolmasa-da olaryň ene-atalarynyň 80–90-njy ýyllarda söýüp diňlän rok n roll korolewalarynyň biri hasaplanýan Tina Törner, 83 ýaşynda aradan çykdy.

Tina Turner 1991 (Shutterstock)

Kim bu Tina Törner? Anne Mae Bullok ýa-da sahna ady bilen tanalýan Tina Törner 1950-nji ýyllarda ABŞ-nyň St. Louis şäheriniň R&B sahnasynda tanalyp başlanýar. Şol wagtlar geljekgi ýoldaşy, ýerli rok 'n roll ýyldyzy bolan Aýk Törner bilen tanyşýar. Bu gatnaşygyň bir soňky ädiminde Tina Törner, Aýk Törneriň “Little Ann” atly toparynyň bir agzasy bolup çykyş edip başlaýar we toparyň aýrylmaz bir agzasyna öwrülýär.

Tina Törner nädip meşhur bolýar? 1960-njy ýyllarda toparyň esasy solisti toparyň täze aýdymyny ýazga geçirmäge gelmegi ýatdan çykarýar we “A Fool in love” aýdymynyň esasy bölegini Tina Törner seslendirmeli bolýar. Şeýlelik bilen albomyň iň esasy aýdymy bolan “A Fool in love” pop we R&B radiolarynda ýaňlanyp başlaýar. Emma, bu gezek toparyň ady bilen däl-de eýsem “Ike and Tina Turner” (Aýk we Tina Törner) ady bilen tanalyp başlanýar. “A Fool in love” aýdymynyň yzy bilen “It’s Gonna Work Out Fine,” “Poor Fool,” we “Tra La La La La” ýaly singlleri bilen dünýä sahnasynda ornuny alyp başlaýar. 1969-njy ýylda “Rolling Stones” bilen çykan dünýä turlarynda başga ýurtlardan hem fanatlary döräp başlaýar. 1971-nji ýylda çykaran Workin’ Together” atly albomlary bilen ýewropanyň aýdym-saz çartlarynda hem uzak wagtlap orun alýarlar.

Ike & Tina Turner (Midnight special 1973)

Ýola ýeke dowam. Aýk we Tina-nyň karýeralary şowly gidýän ýaly görünse hem maşgala gatnaşyklary dartgynlaşyp başlapdy. Şol dartgynlygyň netijesinde 1978-nji ýylda Aýk we Tina şahsy hem-de professional tarapdan ýollaryny aýyrdylar. Bu aýralygyň soňunda bulary baglaýan diňe dört sany ogullary galýar. Şol wagta çenli sahnada Tina Törner ady bilen tanalýanlygy üçin aýralykdan soňra hem şol at bilen dowam etmek netijesine gelýär. 1983-nji ýylda Albert Griniň “Let’s Stay Together” atly aýdymyny täzeden seslendirmesi bilen Tina Törneriň solo karýerasy täzeden reňklenip başlaýar. Ondan soňky ýyl bolsa Private Dancer” albomy bilen dört “Grammy” baýragyny alýar we albomynyň 20 million nusgasy satylýar. Diňe bular bilen çäklenmän, 1985-nji ýylda çykan “Mad Max Beyond Thunderdome” atly filmde “We Don’t Need Another Hero” aýdymy bilen aýdym-saz sanawlaryna täzeden girýär.

Ýoluň soňy. 2013-nji ýylda ikinji ýoldaşy bolan Erwin Bah bilen toý tutýarlar. Toýundan üç aý soňra ýüregindäki näsaglyk bilen hassahana düşýär. 2016-njy ýylda bolsa rak keseli diagnozy goýulýar. Ondan soňraky ýyl bolsa böwrek transplatyny geçirýär we böwrek donory ýoldaşy Erwin bolýar.

Tina Törner 2023-nji ýylyň maý aýynyň 24-ne Şwessariýanyň Kýusnaht şäherinde, 83 ýaşynda, öz öýünde aradan çykýar.

Tina Törner we Erwin Bach (Stuart C. Wilson)

Read more

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

Ridli Skottyň «Gucci-niň öýi» filminiň çykanyna üç ýyl geçenden soň, «Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder. Filmiň önümçiligine. Jorjio Guççi tarapyndan esaslandyrylan «Alkor Film» hem gatnaşar. «Gaumont Italy» kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri Marko Rozi: «Biz Jorjio Guççiniň teklibini kabul edip, maşgalasynyň ýardamy bilen dünýäde üstünlik gazanan şöhratly «Gucci» hakda

By reňkli+
Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

«Valentino-nyň» öňki kreatiw direktory Pierpaolo Piççioliniň öz ornundan gidenine entek bir hepde bolup-bolmanka, 25 ýyllap «Gucci-de» yhlasly işlän Alessandro Mikele onuň wezipesini eýeledi. Alessandro Mikele bu täzelik bilen bagly «Valentino-nyň» akkauntynda tolgundyryjy teswir goýdy. Teswirde şeýle diýilýär: –«Valentino-nyň» bir bölegi bolmak meniň üçin buýsanç. Men «Gözellik» sözüni taryhynyň bir bölegine

By reňkli+
Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

«Ýetginjekler soňky döwür saglyga howply bolup biljekdigine garamazdan şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Häzir olar muny «TikTok» ýaly sosial ulgamlarda trende öwrüp, ýoň etdiler» diýip, «New York Post» habar berýär. Meşhur blogerler saçlaryny şampun bilen ýuwmakdan ýüz öwürendiklerini aňladýan wideolary köpçülik bilen yzygiderli paýlaşýarlar. Blogerleriň içinde has ähmiýetlileriň biri hasaplanylýan Kaýnoa

By reňkli+