Tizlik 10-njy gezek ýokarlanýar — “Forsaž — 10” we beýleki täze filmler

Filmde Dante Reýes (Jeýson Momoa) kakasynyň aryny almak üçin herekete geçýär. Gözi gandan dolan Dante kakasynyň ary üçin Dom we onuň maşgalasyny, ýoldaşlaryny ýoklamagyň külküline çykýar. Dom we onuň töweregindäkiler bolsa mundan öňki duşmanlaryna akylly-başly, batyrgaýlyk, şol sanda ulaglaryna ussa

Tizlik 10-njy gezek ýokarlanýar — “Forsaž — 10” we beýleki täze filmler

Ilkinjisi 22 ýyl ozal, ýagny 2001-nji ýylda prokata çykan “Forsaž” (Fast and Furious) filmler toplumynyň 10-njysy geçen anna güni tutuş dünýädäki kinoteatrlarda görkezilip başlandy.

Filme fransiýaly Lui Leterýe režissýorlyk edip, oňa seriýanyň 11-nji kinosyny hem ekranlaşdyrmak tabşyryldy. Leterýe “Transporter 2”, “The Incredible Hulk”, “Clash of the Titans”, “Now You See Me” ýaly filmler bilen meşhurlyk gazanan režissýordyr. Filmiň ssenarisi Jastin Lin bilen Dan Mazeunyň galamyndan çykdy. Filmiň sahnalary London, Los Anjeles, Neapol, Rio, Rim şäherlerinde, hatda Portugaliýadyr Antarktikada hem ekranlaşdyryldy. “Universal Pictures”-iň önümi bolan bu “block-buster” üçin prodýuserleriň kisesinden 340 million dollar çykdy. Bu bolsa Hollywood-daky iň gymmat 8-nji film diýmekdir. Iki sagatdan gowrak dowam edýän filmde baş keşp gürrüňsiz, Dominik “Dom” Torettonyň keşbini ýerine ýetirýän Win Dizele degişli bolup, ol seriýanyň diňe 2-nji kinosynda surata düşmedi. Şol sanda Taýriz Gibson, Mişell Rodriges, Ludakris, Natali Emmanuel, Jordan Brewster, Skot Istwud, Jon Sena, Jeýson Stethem, Bri Larson, Helen Mirren, Şarliz Teron, şeýle hem Jeýson Momoa we Hollywood-yň Portugaliýadan transferi, soňky ýyllarda şöhraty beýgelýän Daniele Melşior dagy dürli keşpleri janlandyrdylar.

Filmde Dante Reýes (Jeýson Momoa) Dom we ýoldaşlary tarapyndan öldürilen kakasy Hernan Reýesiň aryny almak üçin herekete geçýär. Gözi gandan dolan Dante kakasynyň ary üçin Dom we onuň maşgalasyny ýoldaşlaryny ýoklamagyň külküline çykýar. Dom we onuň töweregindäkiler bolsa mundan öňki duşmanlaryna akylly-başly, batyrgaýlyk, şol sanda ulaglaryna ussatlyk we tizlik bilen erk edişleriniň saýasynda hötde gelipdi. Bu gezekki duşman, kän bir ozalkylara meňzänok…

Filmiň ilkinji günki görkezijileri tutuş dünýä boýunça alnanda, 140 million dollardan köpräk bolup, bu ekran eseriniň hem 750 million dollardan geçmegine garaşylýar. Seriýanyň 10-njy, ýubileý kinosy bolmagy, belki-de ekran eserini juda kyn hem bolsa milliarderleriň hataryna-da goşup biler.

“Rotten tomatoes”, “metacritic”, “imdb” ýaly saýtlardan alan bally 5,8–6,4 aralygynda bolan film elbetde, seriýanyň ölemen muşdaklary üçin sabyrsyzlyk bilen garaşylyp ýetilen nobatdaky “Forsaž” kinosydyr.

Bir ädim yzdan — Ilki başda ýönekeý “action” kino hökmünde görlen ekran eseri edil “Star Wars”, “Harry Potter” ýaly bolmasa-da, özbaşyna bir kiçeňräk industriýa öwrülip gitdi diýsek öte geçdigimiz bolmaz.

Hatda “spin-off” filmi hem surata düşürilen, ýokary tizlikden, adrenalinden lezzet alýanlar üçin ullakan gollanma öwrülen “Forsaž” filmlerinde Hollywood-yň onlarça meşhur artisti dürli keşplerde çykyş etdi — Win Dizel, Mişell Rodriges, Jordan Brewster, 7-nji filmiň surata düşürilip ýören mahaly aradan çykan Pol Wolker, 2-nji kinodan soň goşulan Taýriz Gibson, 5-nji filmde kastinge giren Dweýn Jonson, 6-njy filmde surata düşen Jeýson Stethem, şol sanda Natali Emmanuel, Şarliz Teron, Skot Istwud, Helen Mirren ýaly meşhur artistler dürli keşpleri janlandyrdylar.

Rob Koheniň režissýorlygynda başlan filmler toplumynyň ideýasy, düýp hekaýasy amerikaly ssenariçi, prodýuser we režissýor Gari Skott Tompsona degişlidir.

2-nji filme Jon Singlton, 3–4–5–6-njy filmlere, şol sanda 9-njy filme Jastin Lin, 7-nji filme Jeýms Wan, 8-nji filme F. Gari Greý režissýorlyk etdi. Mundan öňki 9 film üçin 1 milliard 409 million dollar çykdajy edildi we tutuş dünýä boýunça prokatlardan 6 milliard 600 million dollara golaý girdeji toplamagy başardy. Aýratynam seriýanyň 7–8-nji filmleri 1 milliard dollardan köp kassa ýygymyny toplady. Filmiň ssenarisiniň gowy bolmagy bilen bir hatarda, Pol Wolkeriň hem aradan çykmagynyň prokata položitel täsiri boldy. Soňky 2 filmi-de 700 million dollardan geçse-de, olara 1 milliarda golaýlamak başartmady. Kinokritiklerden 5–6–7-nji filmleri öwerlikli baha aldy. 2–3–4-nji filmleri kinotankytçylaryň-a däl, eýsem adaty tomaşaçylardan tarapyndan hem o diýen öwgüli sözler alyp bilmedi.

Hepdäniň beýleki alternatiwleri — “Robotlar”, “Gaçybatalga” hem-de “Ussat bagban”

Hepdäniň täze kinolarynyň 2-si “Neon” kompaniýasyna degişli bolup, olaryň biri “Robotlar” (Robots) diýlip atlandyrylýar. Ylmy-fantastik romantik komediýa görnüşli filmde baş keşpleri Şailin Wudli bilen Jek Waýtholl janlandyrýar. Antoni Haýns bilen Kasper Kristensiň bilelikde surata düşüren filminde Çarlz bilen Elain özleriniň robot kopiýalaryny ýasaýar. Ondan soň garaşylmadyk wakalar ýüze çykýar. Film romantik görnüşli komediýa žanrynyň muşdaklary üçin gyzykly ekran eseri bolup biler.

“Neon” kompaniýasynyň ýene bir filmi-de “Gaçybatalga” (Sanctuary) triller görnüşli gara komediýa filmidir. Zahari Wigonyň režissýorlyk eden filmi ýokarda ady agzalan saýtlardan ýokary baha almagy başaran ekran eseridir. Geçen ýylyň sentýabrynda Toronto film festiwalynda görkezilen kinoda soňky ýyllaryň ýyldyzy Margaret Kualli bilen Kristofer Abbott baş keşpleri janlandyrýar. Filmde diňe şol iki artist surata düşdi. Film bir otagda we bir gijede bolup geçýän waka barada gürrüň berýär.

Hepdäniň ýene bir kinosy “Ussat bagban” (Master Gardener) diýlip atlandyrylýar. “Crime” we triller görnüşli garaşsyz (Hollywood-a degişli bolmadyk amerikan studiýalary) filme meşhur režissýor Pol Şrader režissýorlyk edýär. Ol geçen ýyl Wenesiýada Ömürboýy başarnyk baýragyny gazanypdy. Filmde Joel Edgerton, Sigurni Wiwer, Kuintessa Swindell ýaly artistler çykyş edip, kinoda köp ýyllap baglara esewan edip ýören bagbanyndan mülk ýeriň eýesi özüne kömekçi tapmagyny isleýär. Kömekçiniň tapylmagy bolsa, özüniň ençeme ýyllyk guran sistemasynyň hem-de geçmişde eden etmişleriniň üstüniň açylmagy diýmekdir…

Read more

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

Ridli Skottyň «Gucci-niň öýi» filminiň çykanyna üç ýyl geçenden soň, «Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder. Filmiň önümçiligine. Jorjio Guççi tarapyndan esaslandyrylan «Alkor Film» hem gatnaşar. «Gaumont Italy» kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri Marko Rozi: «Biz Jorjio Guççiniň teklibini kabul edip, maşgalasynyň ýardamy bilen dünýäde üstünlik gazanan şöhratly «Gucci» hakda

By reňkli+
Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

«Valentino-nyň» öňki kreatiw direktory Pierpaolo Piççioliniň öz ornundan gidenine entek bir hepde bolup-bolmanka, 25 ýyllap «Gucci-de» yhlasly işlän Alessandro Mikele onuň wezipesini eýeledi. Alessandro Mikele bu täzelik bilen bagly «Valentino-nyň» akkauntynda tolgundyryjy teswir goýdy. Teswirde şeýle diýilýär: –«Valentino-nyň» bir bölegi bolmak meniň üçin buýsanç. Men «Gözellik» sözüni taryhynyň bir bölegine

By reňkli+
Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

«Ýetginjekler soňky döwür saglyga howply bolup biljekdigine garamazdan şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Häzir olar muny «TikTok» ýaly sosial ulgamlarda trende öwrüp, ýoň etdiler» diýip, «New York Post» habar berýär. Meşhur blogerler saçlaryny şampun bilen ýuwmakdan ýüz öwürendiklerini aňladýan wideolary köpçülik bilen yzygiderli paýlaşýarlar. Blogerleriň içinde has ähmiýetlileriň biri hasaplanylýan Kaýnoa

By reňkli+