“Tutyny ýap gün düşýär” ýa-da Radiohead barada.

Bu ýerde aýdym-saz industriýasyndan, belli bolan birnäçe artistlary we toparlary agzap geçern. Eger, Wikipedia maglumatlaryny gözläp gelen bolsaňyz, gohlamanjyk yzyňyza gidip bilersiňiz. Biz bu ýerde serýoznyý muzyka barada gürrüň edýäris. Biz bu ýerde aýdym-saz diskussiýasyna başga frontdan goşulýarys.
Ýüregi salafandan ýuka bolan rock ‘n roll söýüjileriň ýeke galanlarynda diňläp biljek rock toparlaryndan söz açsak, birinji kellä gelýän Radiohead. Rock sahnasynda legenda bolan we şol bir wagtda aktuallygyny ýitirmeýän sanaýmaly grupbalaryň biri. Radiohead diýilende birinjilik bilen kellä gelýän aýdym ”Creep” bolup durýar. Radiohead we onuň lideri, solisti Thom Yorke hem şol aýdymda aýdylyşy ýaly “Creep”. Iňlisçe bilmeýänler üçin “Creep” sözüni düşündireýin: her kompaniýada, üýşmeleňde üýtgeşik zatlar gürläp, üýtgeşik zatlar bilen gyzyklanýan biri bardyr. Ana, şol creep. Gysgaçasy sürüden galan tokly. Radiohead-a meşhurlyk getiren hem olaryň “Pablo Honey” atly ilkinji albomyndan ýaňy agzalyp geçilen “Creep” aýdymy bolup durýar.
Radiohead, tötänleýin ilki Ysraýylda meşhur bolýar. Ysraýylda-da radioda işleýän DJ-e bularyň kassetasy düşýär we radionyň üsti bilen göýberilen “Creep” aýdymy hit bolýar. Yz ýany bolsa Amerikadaky uniwersitet radiosynda ýaňlanyp başlaýar we “underground” grupbadan “mainstream” grupba öwrülýär. Radiohead diňe Amerikaly diňleýjileri üçin “fuck” sözüni “very” sözüne öwürip “Creep” aýdymy täzeden ýazýarlar. Başda-da aýdyşym ýaly Radiohead ýüregi ýuka, duýgulary agyr basýan adamlar üçin ideal topar. Bir-iki albomyny yzly-yzyna diňleseň depressiýa sokýan topar. Bu sebäpli BBC radio, Radioheadyň “creep” aýdymyny “gaty depressiwniý aýdym” diýip gara sanwyna alýar. “Creep” aýdymyň meşhurlygyna garamazdan, Radiohead bir interwýusynda aýdymyň meşhurlygyna garamazdan “Creep”-yň iň halamaýan aýdymlarynyň biridigini belläp geçýär.
Her albomy bilen industriýanyň akymyny üýtgetýän Radiohead-i belli bir žanra ýa-da stile salyp bolmaýar. Rock ‘n roll hem öz içinde aýrylansoň, Radiohead-a diňe rock grupba diýip aýdaýmak galýar. Sebäbi alternatiw rock şeklinde industriýa giren hem bolsalar, bu topar her albomynda maýka çalyşan ýaly stil çalyşýarlar. Birda elektronik sazlar, birda eksperimental, “Art rock” şeklinde üýtgäp durýarlar. Bu hem olaryň şunça ýyllap aktuallygyny saklamagyna kömek edýär.
Thom Yorke bir interwýusynda gysgaça şeýle diýýär: “Bir aýdymy ýa-da albomy meşhur bolan artistler ýene-de şol aýdymyna meňzeş aýdymlary, albomlary çykarmaga dowam edýärler. Diňleýijiler bir aýdymy halasalar, käbir artistlar, diňleýijileriň diňe şolar ýaly aýdymlary isleýändigini pikir edýärler. Bu gaty uly ýalňyş. Biz şonuň üçin täze zatlary barlap görýäris.”
Meniň üçin Radiohead-y beýlekilerden aýyrýan zat olaryň industriýanyň isleglerine üns bermän isleýän sazlaryny çykarmasy. Radiohead we Thom Yorke şunça wagtlap köpçülik tarapyndan düşünmesi kyn bolan sazlary, adamlaryň sosiýal problemalaryny, dünýäni başagaý edýän meseleleri aýdymlarynda dile getirdiler. Bu hem olary beýlekilerden tapawutlandyrylýar.
Radiohead-iň solisti Thom Yorke grupbaň daşyndan öz ýekelikdäki proýektini hem dowam etdirýär. Bu ýagdaý aýdym-saz industriýasynda adaty zat. Men hem pursatdan peýdalanyp, sizi Thom Yorkyň 3-nji solnyý albomy bilen tanyşdyrmak isleýän. Thom Yorke bu albomyny Anima ady bilen 2019-njy ýylyň iýun aýynda köpçülige hödürledi. “Anima” latyn dilinden terjime edilende “ruh” manysyny berýär. Başlarda hem aýdyp geçişim ýaly bu adamlar eksperiment edip, täze zatlar çykarmagy halaýarlar. “Anima” albomy hem bu sözlerimiň subutnamasy. Albom elektro sazlar bilen folk sazlary goşulyp, üstüne-de biraz rock sepelenip we mäkäm duzy ýetirilip çykarylan. Elbetde depressiýany hem ýatdan çykarmaly däl. Albomy gaýtalap-gaýtalap düşünip diňläniňden soň, aýna seretmek agyr gelýär. Öz-özüňden utanmak diýilýän zadyň bolaýmagy uly ähtimal.
Bu zatlary ýazmagymyň esasy sebäbi size gowy, “kaçestwenniý” aýdym-saz diňletmek.
Eýdip-beýdip gepi jemlemezden öň size Radiohead diňleýijileriniň arasynda aýdylýan bir fakt aýdyp geçeýin: “Eger siz üçin Radiohead-iň iň gowy aýdymy “Creep” bolsa, onda siz Radiohead-y diňlemänsiňiz diýmek bolýar.” diýip bir gep bar. “Ot ýok ýerden tüsse çykmaz” diýilşi ýaly şol pikir bilen ylalaşman bolanok. Şonuň üçin ýolda-yzda Radiohead barada gürrüň açylsa döşüňizi gaýşardyp gürläp biler ýaly siz üçin Radiohead-iň we Thom Yorkyň aýdymlaryndan gysgaça playlist taýýarladym. (Halaýan aýdymlarym)
Radiohead:
You (Pablo Honey)
Blow out (Pablo Honey)
Paranoid Android (OK Computer)
Karma Police (OK Computer)
No Surprises (OKComputer)
Just (The Bends)
Fake Plastic Trees (The Bends)
Street Spirit (The Bends)
Optimistic (Kid A)
Pyramid song (Amnesiac)
Hunting Bears (Amnesiac)
House of cards (In rainbows)
Thom Yorke:
Suspirium (Suspiria)
A Choir of One (Suspiria)
Last I Heard (Anima)
Dawn Chorus (Anima)
Gysga Sözlük:
Mainstream — Esasy akym
Underground — Ýerasty
Art rock — Sungat rock, akademik rock
Folk sazlar — Halk sazlar