Üç täze film, biriniň prodýuseri Obama

Üç täze film, biriniň prodýuseri Obama

Ahyrlap barýan 2023-nji ýylyň soňky günlerinde prokatlara ýa-da streaming kanallaryna esasan hem baýraklar ugrunda göreşýän kinolaryň, şol sanda festiwal filmleriniň sany adaty aýlardakydan köp bolýar. Aýratynam Oskar, Altyn globus ýa-da gildiýalaryň baýraklarynyň dalaşgärleriniň köpüsi noýabr-dekabr aýlaryndaky filmlerden saýlanýar.

“POOR THINGS”

Täze filmler makalamyzdaky ilkinji ekran eseri “Poor Things” diýlip atlandyrylýar. Alasdair Greýiň adybir romany esasyndaky filmi türkmen dilinde “Görgüli betbagtlar” diýip atlandyrsa bolar. Ýylyň iň şowly çykan kinolarynyň hatarynda görkezilýän bu ekran eserine gresiýaly meşhur hünärmen Ýorgos Lantimos režissýorlyk edýär. Soňky ýyllaryň öňe saýlanan 50 ýaşly režissýoryň “Dogtooth”, “The Lobster”, “The Killing of Sacred Deer”, “The Favourite” ýaly ençeme baýrakly kinolary bar.

2 sagatdan gowrak wagtlap dowam edýän filmde baş keşbi oskarly aktrisa Emma Stoun janlandyryp, onuň ady ýene-de kino sungatynyň iň arzyly heýkeljigi üçin agzalýar. “La La Land” filmindäki keşbi bilen Oskar gazanan Stoun režissýoryň “The Favourite” filminde-de surata düşüpdi we režissýoryň indiki kinosynda-da esasy keşbi ýerine ýetirer.

80-nji Wenesiýa film festiwalynda baş baýragy – “Altyn ýolbarsy” gazanan filmde Stouna Mark Ruffalo, Willem Defo, Remi Ýussuf, Kristofer Abbott, Katrin Hanter, Margaret Kualli ýaly artistler ýoldaşlyk edýär.

Filmiň Oskara dalaşgär bolup, hatda baş baýragy alyp biläýjek kinolaryň biri hasaplanýar. Altyn globusa dalaşgär görkezilen ekran eseriň birnäçe baýrak gazanmagyna garaşylýar. Romantik hem-de ylmy-fantastik žanrlary özünde jemleýän ekran eseri belki käbir tomaşaçylaryň göwnünden turman biler. Ýöne Ýorgos Lantimosyň muşdaklary üçin ullakan hazyna bolup, filme tomaşa eden bilermenleriň hemmesi diýen ýaly ýokary baha berýär. Şol sanda film adaty tomaşaçylaryň hem köpüsinden öwgüli sözlere laýyk görüldi.

Filmde Bella atly zenan gynançly ýagdaýda aradan çykýar. Şondan soň doktor Bekster onuň beýnisini bäbegiň beýnisi bilen çalşyp, onuň täzeden durmuşa gaýdyp gelmegine sebäp bolýar. Şondan soň Beksteriň goldawynda Bella daş-töweregindäki zatlary, durmuşy öwrenmek üçin gezelenje çykýar. Bellanyň ýoly ökde ýöne azda-kände tertipsiz adwokat Wedderburn bilen gabatlaşýar. Olaryň ikisi özboluşly wakalary başdan geçirýär...

“LEAVE THE WORLD BEHIND”

2-nji filmimiz “Leave the World Behind” bolup, “Dünýäni yzda galdyr” diýlip terjime edilinip bilinjek kinonyň prodýuserleriniň arasynda Barak hem-de Mişel Obama dagy hem bar. Säm Esmail tarapyndan surata düşürilen film Netflix-iň önümi bolup, kinoda ýyldyz oýunçylar – oskarly Julia Roberts, Itan Hawke, oskarly aktýor Maherşala Ali, Kewin Bakon ýaly belli artistler dürli keşpleri janlandyrýar. Özboluşly film amerikaly ýazyjy Rumaan Alamyň 2020-nji ýylda çapdan çykan adybir eseri esasynda ekranlaşdyryldy. 141 minutlyk film Nýu Ýorkdaky Long Island-da surata düşürildi.

Filmde ýaş maşgala iki çagasyny-da alyp, hepdäniň ahyrky 2 gününi Long Island-da dynç almak üçin şol ýerden öý kärendesine tutýarlar. Aslynda hemme zat gül ýaly başlasa-da, agşam wagtlarynda öý eýeleriniň gelmeginiň ýönelige däldigi ýüze çykýar. Şondan soň sebäbi doly bilinmese-de, bulam-bujarlyklar, başagaýlyk başlanýar.

Aslynda filmde aýdyljak bolýan esasy zat, adamzadyň dünýä beren zyýany. Filmi öwýänlerem az däl, käbir babatda döwýänlerem. Umuman alnanda filme ediljek kinolaryň biri.

“WONKA”

3-nji filmimiz hem belli edebiýat eseri esasynda bolup, ol “Wonka” filmidir. Gönümel edebiýat eserinden bolmasa-da, bu ekran kino Roald Dalyň “Çarli we şokolod fabrigi” atly çagalar romanynyň gahrymany Willi Wonkanyň aýratynlykda filmidir. Aslynda bu ekran eseri Dalyň romany esasynda ekranlaşdyrylan 3-nji janly kinodyr. Ilkinjisi 1971-nji ýylda “Willi Wonka we şokolad fabrigi” diýlip, 2-njisi hem 2005-nji ýylda belli režissýor Tim Börten tarapyndan, Jonni Deppiň baş keşpde surata düşmeginde “Çarli we şokolod fabrigi” ady bilen kinoteatrlara ýaýradylypdy.

Pol Kingiň režissýorlyk edýän filminde baş keşbi Timoti Şalame janlandyryp, Oliwiýa Kolman, Hýu Grant, Matt Lukas, Rowan Atkinson, Salli Hawkins ýaly belli artistler hem bu kinoda surata düşdi. Mýuzikal we fantastik žanryna degişli filmiň býujeti 125 million dollar bolup, ol 1 hepdäniň dowamynda 170 million dollardan gowrak kassa ýygymyny toplady. Şowly çykan film hasaplanýan ekran eseriň ssenarisini režissýoryň özi Saýman Farnabi bilen bilelikde ýazdy. Baş keşbi janlandyran aktýora Altyn globusyň dalaşgärlerini gazandyran filmde Willi Wonkanyň Ýewropa gelip, şokolod fabrigini açmakçy bolanda başdan geçiren kynçylyklary dogrusynda söhbet açylýar. Bilermenlerdenem, tomaşaçylardanam ýokary baha alan filme tomaşa eden mahalyňyzda ýanyňyza bir guty şokolad almagy hem ýatdan çykaraýmaň.

Read more

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

Ridli Skottyň «Gucci-niň öýi» filminiň çykanyna üç ýyl geçenden soň, «Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder. Filmiň önümçiligine. Jorjio Guççi tarapyndan esaslandyrylan «Alkor Film» hem gatnaşar. «Gaumont Italy» kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri Marko Rozi: «Biz Jorjio Guççiniň teklibini kabul edip, maşgalasynyň ýardamy bilen dünýäde üstünlik gazanan şöhratly «Gucci» hakda

By reňkli+
Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

«Valentino-nyň» öňki kreatiw direktory Pierpaolo Piççioliniň öz ornundan gidenine entek bir hepde bolup-bolmanka, 25 ýyllap «Gucci-de» yhlasly işlän Alessandro Mikele onuň wezipesini eýeledi. Alessandro Mikele bu täzelik bilen bagly «Valentino-nyň» akkauntynda tolgundyryjy teswir goýdy. Teswirde şeýle diýilýär: –«Valentino-nyň» bir bölegi bolmak meniň üçin buýsanç. Men «Gözellik» sözüni taryhynyň bir bölegine

By reňkli+
Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

«Ýetginjekler soňky döwür saglyga howply bolup biljekdigine garamazdan şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Häzir olar muny «TikTok» ýaly sosial ulgamlarda trende öwrüp, ýoň etdiler» diýip, «New York Post» habar berýär. Meşhur blogerler saçlaryny şampun bilen ýuwmakdan ýüz öwürendiklerini aňladýan wideolary köpçülik bilen yzygiderli paýlaşýarlar. Blogerleriň içinde has ähmiýetlileriň biri hasaplanylýan Kaýnoa

By reňkli+