Uklap ýatyrka Oskar baýragyny gazandy

Oskar baýraklarynyň gowşurylanyna bir hepdeden köp wagt geçdi. Aslynda bu makalany gyzgyny bilen, (ýogsam, dabara daňdan turup göni ýaýlymda tomaşa eden az sanly kinosöýüjileriň biri hökmünde) öň ýazmalydym. Ýöne dürli sebäplerden jemlemek miýesser etmedi. Makalany az-owlak hem bolsa, gijä galan ýazgy hökmünde kabul edip, 5–6 minutjyk gymmatly wagtyňyzy sarp edip okarsyňyz diýen umyt bilen ýazýaryn.

Kino sungatynyň iň abraýly sylagy hasaplanýan Oskar dabarasynyň 93-nji goýberilişi ýagşydan-ýamandan sag-aman sowuldy. Geçen ýylky dabaradan bäri nähili edip geçirilerkä diýen sowallar bilen ýetilen dabara umumylykda köpleriň (hatda, juda köpleriň) göwnünden turmadyk ýaly. Muny ABŞ-daky reýtingler hem görkezýär.

Adatça Oskar dabarasynda sahnada dürli şoular, aýdym-sazly, tansly çykyşlar, hatda kiçeňräk sahnalar, dalaşgärler agzalanda filmden ýa-da şol dalaşgäriň filmdäki pursatlary görkezilýärdi. Ýöne bu gezek olaryň hiç biri diýen ýaly bolmady. Alypbaryjysyz (eýýäm 3-nji ýyly we däbe öwrülip barýar), hatda Dolby teatrsyz diýen ýaly geçirilen dabaranyň şeýle geçmeginde elbetde baş günäkär hökmünde pandemiýa görlüp biler. Ýöne diňe bir pandemiýa däl ýaly.

“Altyn globus” baýraklaryny ýadyňa salýan dabaranyň geçirilen ýeri-de aýratyn bellärliklidir. Ýagny 93-nji Oskar dabarasy birnäçe filmiň käbir sahnalarynyň surata düşürilen Los Anjelesdäki “Union Station” binasynda (şäheriň wokzaly) geçirildi. Dabarany film ýaly edip ekranlaşdyrmakçy bolýarys diýen meşhur režissýor Stiwen Soderberg we ýoldaşlary Steýsi Şer hem-de Jessi Kollins 93-nji Oskar baýraklarynyň prodýuserleri hökmünde çykyş etdiler. Aslynda dabara olaryň diýşi ýaly wide angle kameralar arkaly surata düşürildi we 2.35:1 ratio bilen tomaşaçylaryň dykgatyna ýetirildi. Questlove tarapyndan ýerine ýetirilen janly soundtrack, geçen ýylyň ýeňijilerinden Rejina Kingiň açylyşdaky ýeňijini mälim edýän pursatyna çenli hemme zat ýerbe-ýer ýalydy. Hatda bu aýdanlarymyz kino estetikasyny ýadyňa salmanam duranokdy. Ýöne soňy ýene-de öňki-öňkülik, hatda ondan hem pesräk derejede geçdi diýip, bilermenler belleýärler.

3 oskarly 6-njy artist

Dabaranyň iň gowy aktrisa we aktýor baýraklary bilen jemlenmegi garaşylmadyk pursat boldy. Ilki iň gowy aktrisa baýragyny agzap geçeliň. Özboluşly aktrisa Fransis Makdormand karýerasyndaky artistçilik ugrundan 3-nji, umumylykda-da 4-nji (Nomadland kinosynyň prodýuserleriniň biri hökmünde) Oskaryny gazandy. Ol artistçilik ugrundan 3 Oskary bolan az sanly artistleriň (Walter Brennan, Ingrid Bergman, Jäk Nikolson, Daniel Deý-Lewis hem-de Meril Strip) hataryna goşuldy. Ýeri gelende bellesek, artistçilik ugrundan diňe meşhur aktrisa Katerine Hepbörniň 4 Oskary bar. Fransis Makdormand sylagyny alan mahaly hemmeleri ‘haýal etmän öz eý görýänleri bilen bilelikde kinoteatrlara baryp filmlere tomaşa etmäge’ çagyrdy.

Öňki Oskaryny 16 minutlyk keşp bilen gazanypdy, bu gezek uklap ýatyrka

Garaşylmadyk ýagdaýda Oskar gazanan Antoni Hopkins dabara baryp bilmedi. Garaşylmadyk diýmegimiziň sebäbi baýragy awgust aýynda aradan çykan Çedwik Bouzmanyň almagyna garaşylýardy. Ýogsam ussat aktýoryň “performance”-y bilen baglanyşykly mesele ýok. Britaniýaly aktýor dabara Zoom arkaly gatnaşmak isledi. Ýöne akademiýa onuň Londondaky göni ýaýlym merkezine baryp biljekdigini aýtdy. Netijede, Antoni Hopkins dabara hiç hili ýagdaýda baryp bilmedi. “People” žurnalynyň habar bermegine görä, ussat aktýor baýragy alandygynyň mälim edilýän pursatynda uklap ýatan ekeni. Hopkins ertesi güni özi üçin garaşylmadyk pursat bolandygyny, baýragy Bouzmanyň almalydygyny, hatda onuň almagyna garaşýandygyny aýdyp, muňa garamazdan, özüni sylandyklary üçin akademiýa köp sagbolsun aýtdy. Ýeri gelende belläp geçesim gelýär: Antoni Hopkins mundan ozal “Guzularyň dymyşlygy” filmindäki 16 minutlyk keşbi üçin iň gowy aktýor ugrundan Oskar alyp, iň gysga wagtlyk keşp bilen Oskar alan aktýor hökmünde rekord goýupdy.

Şu ýerde akademiýa bilen aktýorlar gildiýasynyň (SAG) iň gowy aktrisa we aktýor baýraklarynyň gabat gelmändigini hem agzap geçeýin. SAG Wiola Dewis bilen Çedwik Bouzmany saýlapdy. Akademiýa bolsa arzyly heýkeljikleri Makdormand bilen Hopkinse gowşurdy. Bu bolsa mundan soň, SAG tarapyndan iň gowy diýlip saýlanan artistleriň Oskar alyp bilmezliginiň mümkindigini görkezýär.

Iň gowy film baýragyna seretsek, tutuş baýrak gowşurylyş möwsüminde hiç hili sýurprizsiz diýen ýaly ähli sylaglary çöplän “Çarwadarlaryň mekany” (Nomadland) kinosy baýrak möwsüminiň jemini Oskar bilen jemledi. Pandemiýa sebäpli ozalky ýyllara garanyňda iň gowy film dalaşgärleri pesräk hem bolsa, “Çarwadarlaryň mekany” kinosy Oskar baýragyna laýyk kinomyka diýýärin. Pandemiýa sebäpli käbir filmler, käbir artistler üçin (elbetde hemme kinolar ýa-da artistler üçin däl) adaty ýagdaýda gazanyp bilmejek dalaşgärliklerini gazanan hem bolsalar, “Çarwadarlaryň mekany” kinosy meniň pikirimçe bu kategoriýanyň daşynda galýar. Hemişe bolşy ýaly dabaranyň iň esasy ýeňijisi soňunda mälim edilýärdi (edil palowdaky etiň soňuna saklanylyşy ýaly). Ýöne bu gezekki Oskarda beýle bolmady. Iň gowy film baýragynyň ýeňijisi iň soňunda mälim edilmedi. Soňky gezek 1972-nji ýylda Oskar dabarasynyň iň soňky baýragy iň gowy film baýragy bolmandy. Şol ýylky dabarada Çarlin Çaplin dabaranyň ahyrynda hormat sylagy bilen sylaglanypdy.

Iň gowy filmiň režissýory 39 ýaşyndaky hytaýly Hloe Çžao iň gowy režissýor baýragyny aldy. Ol bu baýragy alan ikinji zenan bolmak bilen bir hatarda, bu hormata laýyk görlen akýagyz bolmadyk ilkinji zenan hökmünde taryha girdi. Oskaryň taryhynda şu wagta çenli 5 zenan iň gowy režissýor baýragyna dalaşgär görkezildi. Olaryň ikisi-de şu ýyl bolup, Çžaodan öň Ketrin Bigelow “The Hurt Locker” filmi bilen iň gowy režissýor ugry boýunça Oskary gazanypdy.

Çžaonyň ýörite bezenip-beslenmän, makiýažsyz diýen ýaly adaty ýagdaýda sahna çykmagy-da metbugatyň üns merkezinden düşmedi.

Dabaranyň garaşylmadyk ýeňijilerinden Antoni Hopkinsi belläp geçipdik. Iň gowy operator ugry boýunça baýragy Çarwadarlaryň mekany filminiň almagyna garaşylýardy, ýöne baýragy Mank filmi gazandy. Iň gowy aýdym ugrundan hem “Maýamide bir gije” (One Night in Miami) filmindäki “Speak Now” aýdymy ýeňiji bolar öýdülýärdi. Ýöne akademiýa “Iuda we Judas Black Messiah” filmindäki “Fight For You” atly aýdym üçin belli aýdymçy H.E.R.-i sylaglandyrdy.

Dabarany ilkinji gezek #Oscarsowhite kategoriýasyna salman bileris. Ýöne bu ugurda entegem nogsanlyklar bolup, umumylykda ozalky ýyllara garanyňda düýpli öňe gidişlikler göze ilýär. Taryhda ilkinji gezek makiýaž we saç bezegi ugry boýunça garaýagyz biri Oskar baýragyna laýyk görüldi.

Taryhyň iň az tomaşa edilen dabarasy boldy

Sözümi dabarany näme üçin az adamyň tomaşa edendigi bilen baglanyşykly setirler bilen tamamlamakçy. ABŞ-da 9,85 million adamyň tomaşa eden dabarasy Oskaryň taryhyndaky iň az tomaşa edilen baýrak gowşurylyş dabarasy boldy. Geçen ýylky 26 million tomaşaçyly dabara hem pes görülýärdi. Bu gezekki görkeziji welin, juda pes boldy. Eýsem bu nämedenkä?! Ilki bilen jemgyýetiň pandemiýa sebäpli “ibaly” filmiň ýokdugy baradaky pikirde bolmagy, Oskar dabaralarynyň ozalky ýyllardaky ýaly ünsi çekmeýändigi, şol bir formatda (ýeňiji mälim edilýär, ýeňiş gazananam öz tanyş-bilişlerine sagbolsun aýdýar ýa-da gündelik durmuş bilen baglanyşykly beýanat berýär), ýeňiş gazanjak filmleriň, artistleriň azda-kände öňünden bilinmegi (mysal üçin halk köpçüliginde “Çarwadarlaryň mekany” filminiň Oskara gelýänçä 150-ä golaý baýrak almagy, eýýäm Oskary-da onuň aljakdygyna bolan ynamyň döremegine getirdi), tehnologiki täzelikler, ýagny ynsanlar dabarany islendik wagtda, islendik ýerde, islendik platformada tomaşa etmek mümkinçiliginiň bolmagy, ozalkylar ýaly wagtynda görüp oturasy iş ýok diýen düşünjäniň bolmagy ýaly sebäpleri agzamak bolar.

Indiki Oskar ýa-da beýleki kino gürrüňleri baradaky makalalarda duşuşýançak…

Redaktordan: Makalany gijiräk bermegimiziň sebäbi sahypanyň saýlan ýoly bilen hem baglanyşyklydyr. Ýagny, wakalary şol pursatda, gyzgyn habar hökmünde ýazman, eýsem, wakalardan soňky gep-gürrüňleriň hem azalmagyna garaşýarys. Aslynda bu proses Oskarly makalada adatdakydan uzak sürdi. Kino kino bolýar-da; her kimiň bu barada aýtmaga sözi bar. Edward Marrouň keşbini janlandyrýan Dewid Streteýrniň hem aýdyşy ýaly “Good night, and good luck.”

Read more

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

Ridli Skottyň «Gucci-niň öýi» filminiň çykanyna üç ýyl geçenden soň, «Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder. Filmiň önümçiligine. Jorjio Guççi tarapyndan esaslandyrylan «Alkor Film» hem gatnaşar. «Gaumont Italy» kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri Marko Rozi: «Biz Jorjio Guççiniň teklibini kabul edip, maşgalasynyň ýardamy bilen dünýäde üstünlik gazanan şöhratly «Gucci» hakda

By reňkli+
Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

«Valentino-nyň» öňki kreatiw direktory Pierpaolo Piççioliniň öz ornundan gidenine entek bir hepde bolup-bolmanka, 25 ýyllap «Gucci-de» yhlasly işlän Alessandro Mikele onuň wezipesini eýeledi. Alessandro Mikele bu täzelik bilen bagly «Valentino-nyň» akkauntynda tolgundyryjy teswir goýdy. Teswirde şeýle diýilýär: –«Valentino-nyň» bir bölegi bolmak meniň üçin buýsanç. Men «Gözellik» sözüni taryhynyň bir bölegine

By reňkli+
Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

«Ýetginjekler soňky döwür saglyga howply bolup biljekdigine garamazdan şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Häzir olar muny «TikTok» ýaly sosial ulgamlarda trende öwrüp, ýoň etdiler» diýip, «New York Post» habar berýär. Meşhur blogerler saçlaryny şampun bilen ýuwmakdan ýüz öwürendiklerini aňladýan wideolary köpçülik bilen yzygiderli paýlaşýarlar. Blogerleriň içinde has ähmiýetlileriň biri hasaplanylýan Kaýnoa

By reňkli+