“Ýaşyl Buhara” ýa-da iki sany özbegistanly gahrymanlaryň meni ruhlandyran taslamasy

“Ýaşyl Buhara” ýa-da iki sany özbegistanly gahrymanlaryň meni ruhlandyran taslamasy

Meniň şu gezekki ýazjak makalam, beýleki ýazan makalalarymdan has tapawutlanar. Çünki bu günki gürrüň berjek ekologiýa bilen baglanyşykly hekaýam iki sany Özbegistanly biz ýaly ýönekeý adamlaryň amala aşyran işleri.

Men geçen ýylyň oktaýbr aýlarynda Linkedin’de täzelikleri gözden geçirip otyrkam biriniň paýlaşan Uzbekistan's club atly YouTube kanaly ünsümi çekdi. Bu kanalda daşary ýurtda ýaşaýan Özbegistanly ýaşaýjylaryň edýän işleri hakynda gürrüň berilýär. Ol ýerde esasan, NASA, Tesla, Kembrij, Oksford ýaly dünýade adybelli kompaniýalardyr uniwersitetler bilen bagly adamlaryň durmuş ýollary barada dokumental hekaýa suratlandyrylýar.

Gürrüň, esasan, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş bankynyň Azerbaýjandaky başlygy Kamola Mahmudowa we Kembrij uniwersitetinde doktoranturasyny tamamlan, häzirki wagtda kem şol uniwersitetde gözleg asistenti bolup işleýän Temur Ýunusow hakynda bolar we olaryň ýaşyl daşky gurşaw ugrunda amala aşyran işleri hakynda bolar.

Olaryň ikisi daşary ýurtlarda ýaşamagyna garamazdan, öz Watanyna ýaşyl gurşaw ugrunda ummasyz goşant goşdylar. Men özüm dogrymy aýtsam, köplenç ekologiýa bilen baglanyşykly proýektleri görenimde ýa-da konferensiýalar hakynda okanymda belli bir netije çykaryp bilemok, her gezek sorag üstüne sorag emele gelýär. Mysal getiresim gelýär - hiç kime kakdyrjak däl we belli bir guramanyň adyny hem tutjak däl, özüňiz düşünersiňiz - ine ekologiýa bilen baglanyşykly konferensiýa guradylar diýeli, ol ýere dünýädäki ähli ýurtlardan ýokary derejeli adamlar, eko-aktiwistler, diplomatlar geldi diýeli. Olaryň hersi dünýädäki bolýan zatlara syn berdiler, özleriniň kanagatsyzlyklaryny paýlaşdylar, geljekde ony-muny ýerine ýetirmeli diýdiler, emma olaryň hiçisinde netije ýok. Ondan soňky ýerine ýetirilýän işler bar bolsa-da olar ýaly giň meýdançada ýaýbaňlandyrylmaýar ýa-da meniň okaýan köpçülikleýin habar beriş serişdelerimde ýazylmaýar. Garaz, aýtjak bolýan zadym uly guramalaryň ýa-da käbir döwletleriň etmeýän zatlaryny özümiz ýaly adaty durmuşda ýaşaýan ýek-tük birki sany adamlar edýär.

Temuryň aýtmagyna görä, atmosferada näçe kömürturşy gazlary bolsa, şonça-da biziň planetamyz gyzýar. Adatça günden planeta gelýan gyzgynlyk onuň üstüni gyzdyrýar. Öz gezeginde Ýer şarynyň üstünde ýerleşýän ahli zatlar gyzyp, yzyna ol gyzgynlygy kosmosa ugradýar. Edil bu gazlar ýerden çykýan gyzgynlygyň energiýasyny bloklaýarlar, onuň esasynda-da ýyladyşhanalardaky ýaly parnik effekti emele gelýär. Elbetde, biziň planetamyzyň howadan kömürturşy gazlary ýuwutmak mümkinçligi bar. Ýöne bu mümkinçilik tükeniksiz däl. Esasy kömürtyşy gazlaryny sorup alyjylar bolsa agaçlar, ösümlikler we deňizdir okeandaky ösümlik gurşawy. Ýöne Ýer şaryndaky ilatyň köpelmegi esasynda ekin ýerli meýdanlarynyň hem köpelmegine zerurlyk döredýär. Onuň netijesinde bolsa ekin meýdanynyň ýerini ulaltmak üçin giden tokaýlar çapylyp ýok edilýar. Elbetde bu planetamyzyň kömürturşy gazlary ýuwutmak mümkinçliginiň azalmagyna getirýär. Häzir atmosferanyň temperaturasy 1,3 derejä has gyzdy. (2 derejä ýetmek mümkinçiligini alymlar katastrofiki ýokarlanma diýip atlandyrýarlar.)

Temperaturanyň katastrofiki ýokarlanmasynda Ýer şaryndaky biologik görnüşleriniň 90 göterimi hemişelik ýok bolup gidýär. Onuň esasynda tebigy balans bozulýar. Bu diňe bir okena degişli bolman, guryýerlere hem degişlidir. Özbegistan okeandan daşda bolany üçin ol mesele ol ýurda hem degişli däl diýip oturyp bilmeýäris. Ýagny, Merkezi Aziýadaky kontinental klimat özgerşiklere sezewar bolýar.

Özbegistanly alymyň gürrüň berşi ýaly, meselem, baharda ekin möwsüminde klimat birden üýtgär. Bir gün has yssy, beýleki gün bolsa garyň ýagmagy mümkin. Biz şu günler munuň ýaly klimatyň üýtgemeniniň şaýady bolduk. Bu biz üçin täzelik däl, eýsem katastrofik ssenariý. Emma dünýädäki alymlar temperaturanyň üýtgemeginiň 1,5 derejeden geçmezligi barada ylalaşdylar. Eger ol 1,5 derejä ýetse biologik görnüşleriň 60%-niň ýitmegine eltýär. Ol 60%-iň içine diňe haýwanlar girmän, ösümlikler, mör-möjekler, iň bärkisi naharymyza goşýan käbir gök önümlerimiz we miweler girýär. Adamzat welin tebigatda bu görnüşleriň ýekeje görnüşidir.

Tebigatdaky käbir görnüşleriň ýitmegi ekologik bosgunlygy emele getirýär. Aýdyp otursaň gürrüň berere zat kän. Ýöne şu ýerde Ýaşyl Buhara taslamasy barada gürrüň bermekçi.

Kamola Mahmudowa öz watandaşy Kembrijdäki bilogiýa ugry boýunça professor Temur Ýunusow bilen bilelikde has köp kislorod çykarjak we topragy has durnuklaşdyrjak agaç ekmek meýilnamasyny taýýarladylar. Ilkibaşda bu taslama Taşkent şäherinde durmuşa geçirilmelidi, ýöne soňra Özbegistanyň landşaft dizaýny birleşiginiň başlygy olaryň hyzmatdaşy Tatýana Ýugaý ony Buhara geçirmegi teklip etdi.

Bu Ýaşyl taslamany durmuşa geçirmek üçin bu iki özbegistanlylar 100 müň ýewro ýygnamalydylar. Mundan başga-da, olaryň gürrüň bermegine görä, grant almak üçin Kamola ýüz tutmaly ýerlere ýüz tutupdyr we onuň dostlarynyň biri 30 müň ABŞ dollary töweregi pul iberdi. Ol ilkibada 2 müň 700 ABŞ dollarlyk ilkinji puluň düşenligi hakynda haty okanda gaty begenipdir. Ýöne ol şatlykdan nollary dogry okamandyr - aslynda hasaba 27 müň ABŞ dollaryndan hem köpräk pul ugradylypdyr.

Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş bankynyň 50 müň ýewrolyk grantyny utmak üçin Kamola bilen Temura ondan daşary 50 müň ýewro pul ýygnamak gerek boldy. Dedlaýnlar ýakynlaşdy, puly nireden almalydygyny bilmediler. Bir gün Kamola nahar wagtynda jorasy Umida Umarbekowa taslama barada gürrüň berende, ol 10 müň pul geçirjekdigini aýtdy. Emma Kamola onuň takmynan 10 müň ABŞ dollary möçberinde pul geçirer diýip pikir etdi, ýöne Umida 10 müň funt iberipdir!

Gadymy Buhara şäherinde ýedi müňe golaý ýetişen agaçlary, gyrymsy agaçlary we ösümlikleri köpçülikleýin oturtmak işleri geçirildi.

Read more

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

Ridli Skottyň «Gucci-niň öýi» filminiň çykanyna üç ýyl geçenden soň, «Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder. Filmiň önümçiligine. Jorjio Guççi tarapyndan esaslandyrylan «Alkor Film» hem gatnaşar. «Gaumont Italy» kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri Marko Rozi: «Biz Jorjio Guççiniň teklibini kabul edip, maşgalasynyň ýardamy bilen dünýäde üstünlik gazanan şöhratly «Gucci» hakda

By reňkli+
Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

«Valentino-nyň» öňki kreatiw direktory Pierpaolo Piççioliniň öz ornundan gidenine entek bir hepde bolup-bolmanka, 25 ýyllap «Gucci-de» yhlasly işlän Alessandro Mikele onuň wezipesini eýeledi. Alessandro Mikele bu täzelik bilen bagly «Valentino-nyň» akkauntynda tolgundyryjy teswir goýdy. Teswirde şeýle diýilýär: –«Valentino-nyň» bir bölegi bolmak meniň üçin buýsanç. Men «Gözellik» sözüni taryhynyň bir bölegine

By reňkli+
Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

«Ýetginjekler soňky döwür saglyga howply bolup biljekdigine garamazdan şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Häzir olar muny «TikTok» ýaly sosial ulgamlarda trende öwrüp, ýoň etdiler» diýip, «New York Post» habar berýär. Meşhur blogerler saçlaryny şampun bilen ýuwmakdan ýüz öwürendiklerini aňladýan wideolary köpçülik bilen yzygiderli paýlaşýarlar. Blogerleriň içinde has ähmiýetlileriň biri hasaplanylýan Kaýnoa

By reňkli+