YearCompass we onuň jadyly güýji

Eger biz öň Täze ýylda diňe arzuw edýän bolsak, häzirki döwürde Täze ýylda ýylyňy jemläp, ol barada sosial mediýada ýazmak, Instagramda paýlaşmak gaty meşhur boldy. Adamlar diňe bir tamamlanýan ýylyň dowamynda ýeten üstünlikleri barada gürrüň bermän, eýsem olaryň köpüsi geljek ýyla goýan maksatlary bilen hem paýlaşýar. Aslynda bu öran gowy endik. Statistikanyň görkezmegine görä köp adamlar Täze ýylyň öň ýany ýa-da ondan soň hyjuw bilen öz üstünde işläp başlaýar, ýagny sport zala ýazylýarlar, dürli abunalary satyn alýarlar, kitap okap we dil öwrenip başlaýarlar. Käbir çeşmeleriň aýtmaklaryna göra Duolingo programmanyň iň köp ýüklenilýän döwri ýylyň başyndadyr.

Adamlaryň edýän bu başlangyçlary meni diýseň begendirýär. Özüm barada aýtsam men soňky iki ýyl bäri YearCompass gönükmäni ýerine ýetirýärin. Bu kitapça wengriýaly topar tarapyndan döredilen we ony islendik dilde olaryň resmi sahypasyndan mugt ýükläp bolýar. Bu geçen ýylyňy jemläp, täze ýylyňy meýilleşdirmek üçin örän güýçli gural. Ol hyýalyňyzdaky durmuşa ýetmek üçin gaty gowy kömek edip biler.

Şu makalada kitapçadaky soraglaryň üstünde durup geçmek isleýärin.

Kitapça iki bölümden ybarat bolup, birinji bölümi geçen ýyla bagyşlanan, ikinji ýarysy bolsa geljek ýyla. Ol “Geçen ýylky kalendaryňy gözden geçir, hepdelere aýratyn seret. Eger-de wajyp wakany, maşgala üýşmeleňi, dostlaryňdyr joralaryň bilen gowy geçiren wagtyň ýa-da wajyp taslamalaryň ýadyňa düşse, olary aşakda ýaz” diýen ýumuş bilen başlaýar. Eger-de siz kalendar ulanmaýan bolsaňyz, onda geçen ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, telefonyňyzdaky suratlary gözden geçiriň. Görnükli zatlaryň ählisini ýazyň. Indiki sahypalarda siz durmuşyňyzyň dürli, ýagny şahsy durmuş, maşgala, okuw we iş, dostlaryňyz we joralaryňyz, hobbi, saglyk we sport ýaly  jähtlerde bolup geçen wakalar barada has düýpli pikirlenersiňiz. Sizi geçen ýyl haýsy endikler kesgitleýärdi? Iň gowy sorag bolsa: “Siz şu ýyl dünýäni öňküsinden has hem gowulandyrmak üçin näme etdiňiz?” Meniň pikirimçe dünýäni gowulandyrmak üçin gowy dost, işdeş, ýoldaş bolmak hem ýeterlikdir. Bu kitapçany gowy görmegimiň iň esasy sebäbi ol adamyň durmuşyndaky şeýle bir zerur bolan, emma ol barada şeýle bir az bilim berilýän balansy saklamaga kömek edýär. Bu soraglara birden jogap bermek aňsat däldir, käbirlerine jogabam tapylmaýar.

Indi bolsa birnäçe sözlemleri tamamlalyň:

  1. Meniň iň parasatly çözgüdim...
  2. Meniň iň uly öwrenen sapagym...
  3. Meniň iň uly eden töwekgelligim...
  4. Ýylyň iň uly garaşylmadyk sowgady...
  5. Başgalar üçin eden iň wajyp zadym...
  6. Meniň iň uly ýerine ýetiren işim...

Pikirlendirýär gerek? Aşakdaky soraglara jogap bermek hem aňsat däl:

  1. Seniň iň köp buýsanýan zadyň näme?
  2. Saňa iň köp täsir eden üç adam kim?
  3. Seniň iň köp täsir eden üç adamyň kim?
  4. Sen şu ýyl  näme zady ýerine ýetirip bilmediň?
  5. Özüm barada öwrenen iň gowy zat näme?
  6. Seniň iň uly minnetdar zadyň näme?

Bu soraglara jogap beren soň, kitapça siziň şatlykly pursatlaryňyz barada pikir etmegiňizi maslahat berýär: “Geçen ýyl bolup geçen iň gowy we şadyýan wakalaryňy suratlandyr. Şu sahypada olaryň suradyny çek. Sen näme duýduň? Seniň ýanyňda kim bardy? Sen näme edýärdiň? Nähili yslar, sesler ýa-da tagamlar ýadyňa düşdi?”

Soňra kitapçada üstünlükleriňiz we kynçylyklaryňyz barada birnäçe sözlemleri tamamlamaly. Adama ähli zady ýadyndan çykarmak mahsusdyr, şonuň öz ýylyňy seljermek örän peýdaly. Indiki sahypalarda bolsa geçirimlilik we bagyşlamak bilen baglanyşykly ýumuşlar bardyr. Birinji bölümiň soňy ýyly jemlemek üçin gaty güýçli psihologik soraglar bilen tamamlanýar.

Ikinji bölüm geljek ýyly meýilleşdirmäge, dogry maksat goýmaga bagyşlanan. Adatça Täze ýyla täze maksatlar goýulanda, biz ýüzleý pikirlenýäris. Olary doly düşünip pikirlenmeýäris. Ikinji bölüm şu soraglar bilen başlanýar: “Geljek ýyl saňa nähili görünýär? Iň gowy ýagdaýda näme bolup geçer? Ol näme üçin juda gowy bolar? Aşakda olar barada ýaz, surat çek, arzuwlaryňa ýol ber we arzuw etmäge gorkma”.

Indi bolsa “Öz durmuşyň dürli ugurlaryna (ýagny  ýokarda agzap geçilen şahsy durmuş, maşgala, okuw we iş, dostlaryňyz we joralaryňyz, hobbi, saglyk we sport) seret we olaryň hersi üçin gejek ýylda ýetjek maksatlaryňy kesgitle. Olary sahypaň ýüzüne geçir - bu olary amala aşyrmak üçin ilkinji ädim.” Ýokarda biz durmuşymyzyň agzalan jähtlerinde wajyp bolan wakalar barada ýazan bolsak, häzir bu jähtlerde ýetmek isleýän maksatlarymyzy, niýetlerimizi ýazmalydyrys.

Indiki sahypalarda “Geljek ýylyň jadyly üçemleri”, “Geljek ýylym barada alty sözlem”, “Geljek ýyl üçin meniň saýlan sözüm” we “Gizlin arzuwym” atly ýumuşlar bilen dowam edýär.

Kitapçany gol çekip, senäni ýazyp tamamlamalydyr. Bu bolsa özboluşly psihologik tärdir, ýagny adam öz-özi bilen şertnama baglanyşýar. Meniň pikirimçe bu gönükmeler adama pozitiw täsir edýär.

Öňdäki aýlaryň dowamynda hakykatdan-da uly bir işi ýerine ýetirip bilersiňiz diýip umyt edýärin.

Read more

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

Ridli Skottyň «Gucci-niň öýi» filminiň çykanyna üç ýyl geçenden soň, «Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder. Filmiň önümçiligine. Jorjio Guççi tarapyndan esaslandyrylan «Alkor Film» hem gatnaşar. «Gaumont Italy» kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri Marko Rozi: «Biz Jorjio Guççiniň teklibini kabul edip, maşgalasynyň ýardamy bilen dünýäde üstünlik gazanan şöhratly «Gucci» hakda

By reňkli+
Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

«Valentino-nyň» öňki kreatiw direktory Pierpaolo Piççioliniň öz ornundan gidenine entek bir hepde bolup-bolmanka, 25 ýyllap «Gucci-de» yhlasly işlän Alessandro Mikele onuň wezipesini eýeledi. Alessandro Mikele bu täzelik bilen bagly «Valentino-nyň» akkauntynda tolgundyryjy teswir goýdy. Teswirde şeýle diýilýär: –«Valentino-nyň» bir bölegi bolmak meniň üçin buýsanç. Men «Gözellik» sözüni taryhynyň bir bölegine

By reňkli+
Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

«Ýetginjekler soňky döwür saglyga howply bolup biljekdigine garamazdan şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Häzir olar muny «TikTok» ýaly sosial ulgamlarda trende öwrüp, ýoň etdiler» diýip, «New York Post» habar berýär. Meşhur blogerler saçlaryny şampun bilen ýuwmakdan ýüz öwürendiklerini aňladýan wideolary köpçülik bilen yzygiderli paýlaşýarlar. Blogerleriň içinde has ähmiýetlileriň biri hasaplanylýan Kaýnoa

By reňkli+