Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

«Ýetginjekler soňky döwür saglyga howply bolup biljekdigine garamazdan şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Häzir olar muny «TikTok» ýaly sosial ulgamlarda trende öwrüp, ýoň etdiler» diýip, «New York Post» habar berýär.

Meşhur blogerler saçlaryny şampun bilen ýuwmakdan ýüz öwürendiklerini aňladýan wideolary köpçülik bilen yzygiderli paýlaşýarlar. Blogerleriň içinde has ähmiýetlileriň biri hasaplanylýan Kaýnoa Lam öz wideoýazgysynda şampun ulanmagy bes edenden soňra, gaýta saçynyň has gürelendigini aýdyp, hemmeleri geň galdyrdy.  Şol bir wagtyň özünde, bloger Humza Islam şampun bilen saç üçin  kondisionerden ýüz öwüren hem bolsa, saçyny her gün suw bilen arassalaýandygyny boýun aldy.

Şeýle-de bolsa, lukmanlar neşiriň okyjylaryna bu tendensiýa eýermegiň ýüze çykaryp biläýjek netijeleri barada duýduryş berdiler. Şolaryň hatarynda dermatolog Anastasiýa Terianu häzirki wagtda şampun ulanmazlygyň, soňlugy bilen kelle derisini bejerýän şampuny ulanmaga sebäp boljakdygyny belledi.

Lukman bu hakynda beren gürrüňinde: «Kelläňizi talabalaýyk arassalamasaňyz, mikrobioma ýa-da kelle derisinde ýaşaýan bakteriýalaryň we gurçuklaryň toplumy deňagramlylygy ýitirip, deride gyjyndyrma we gijilewük döreder. Munuň üstesine, saçyň ýaglanmagy we  kirlemegi follikullary böwetläp, saçyň ösmegini togtadar» diýip, jikme-jik düşündirdi.

Read more

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

Ridli Skottyň «Gucci-niň öýi» filminiň çykanyna üç ýyl geçenden soň, «Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder. Filmiň önümçiligine. Jorjio Guççi tarapyndan esaslandyrylan «Alkor Film» hem gatnaşar. «Gaumont Italy» kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri Marko Rozi: «Biz Jorjio Guççiniň teklibini kabul edip, maşgalasynyň ýardamy bilen dünýäde üstünlik gazanan şöhratly «Gucci» hakda

By reňkli+
Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

«Valentino-nyň» öňki kreatiw direktory Pierpaolo Piççioliniň öz ornundan gidenine entek bir hepde bolup-bolmanka, 25 ýyllap «Gucci-de» yhlasly işlän Alessandro Mikele onuň wezipesini eýeledi. Alessandro Mikele bu täzelik bilen bagly «Valentino-nyň» akkauntynda tolgundyryjy teswir goýdy. Teswirde şeýle diýilýär: –«Valentino-nyň» bir bölegi bolmak meniň üçin buýsanç. Men «Gözellik» sözüni taryhynyň bir bölegine

By reňkli+
7-nji mart güni agşam sagat 7: bu size hiç zat ýatladanokmy?!

7-nji mart güni agşam sagat 7: bu size hiç zat ýatladanokmy?!

Owadan «Gül zamanyň» banket zaly, mart aýynyň 7-si, agşam sagat 7. Bu senäniň, göräýmäge nähilidir bir jady bilen baglanyşygy bar ýalymy? Ýogam däl. Sene bilen bagly maglumatlarda zenanlaryň şol gün içerini arassalamak, öýde tämizlik işlerini geçirmek ýaly ýüregedüşgünç işleri etmeli däldigi, gaýtyp, olaryň zenanlar bolup üýşüp, göwün açyp, gülşüp-degşip oturmalydygy,

By Selbi Selimowa