Ýetmeýän ýerleri ýok: "BLACKPINK" Bukingem köşgünde agşamlyk naharyny edindiler

"BLACKPINK" topary indi resmi taýdan Günorta Koreýanyň iň meşhur şahsyýetleri hasap edilip bilner. Sebäbi olar indi ýurt baştutanlarynyň maşgalalary bilen bilelikde resmi jemgyýetçilik çärelerine çagyrylýar. Golaýda k-pop ýyldyzlary Bukingem köşgünde guralan dabaraly agşamlyk naharyna bardylar we Şa Karl III-iň hut öz dilinden aýdylan tosta mynasyp boldular.
"BLACKPINK" ady bilen has giňden tanalýan Jennini, Jisuny, Lisany we Rozeni öz ägirt köp sanly diňleýjilerine durnuklylygyň ähmiýetini düşündirmäge çalyşýandyklary üçin alkyşlaýaryn. Men olaryň öz öňlerinde şeýle wajyp meseleleri çözmegi maksat edip goýsalar-da, barybir dünýä derejeli super ýyldyzlar bolup galmagy başarýandyklaryna buýsanýaryn – diýip, Şa Karl III aýratyn belledi.
"BLACKPINK" ýöne ýere şa maşgalasynyň huzuryna myhman çagyrylmady. Gyzlar Angliýada geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça 26-njy konferensiýanyň resmi ilçileri boldular. Mundan başga-da, olar BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň aktiwistleri bolmak bilen, bu wezipäni Aziýa boýunça iň ilkinji ýerine ýetirijilerdir!