Ýylyň soňky menýusynda 5 film bar

2023-nji ýylyň iň soňky täze filmler makalasynda 3-4 sany täze ekran eseri barada gysgaça, gyzykly maglumatlary siziň dykgatyňyza ýetirmekçi.
Aquaman and the Lost Kingdom
Ilkinji filmimiz “Akwamen we ýitirilen şalyk” diýlip atlandyrylýar. Hollywood-yň iki öňdebaryjy hyýaly gahryman temaly film öndüriijisiniň biri “DC Studios”-yň önümi bolan filme Jeýms Wan režissýorlyk edýär. Hytaýly-malaýziýaly ene-atanyň perzendi bolan 46 ýaşyndaky Wan “Saw” (“Byçgy”) filmi bilen karýerasyna başlap, soňlugy bilen birnäçe gorkunç kinolary surata düşürdi. Akwamen filminiň 1-njisini hem ekranlaşdyran režissýoryň täze kinosynda esasy keşpleri Jeýson Momoa, Patrik Wilson, Ämber Hörd (Jonni Depp bilen bolan skandaldan soň filmde surata düşmezligi üçin ýörite kampaniýa hem geçirilipdi), Ýahýa Abdul-Matin II, Rendall Park, Dolf Lundgren, Nikol Kidman dagy ýerine ýetirýär.
Ylmy-fantastik, uruşly žanryň bir görnüşi bolan film üçin 205 million dollardan gowrak çykdajy edildi. Şol çykdajynyň 130 million dollardan gowragyny toplan filmiň ssenarisini Dewid Lesli Jonson MakGoldrik ýazdy. 124 minutlap dowam edýän film “Warner Bros.” kompaniýasynyň Londondaky studiýasynda ekranlaşdyryldy.
Filmde Black Manta kakasynyň aryny almak üçin ykjam şaýyny tutýar. Ol Akwameniň ýoguna ýanmak üçin gara üç dişli naýzanyň güýjünden peýdalanýar. Akwamen bolsa garaşylmadyk güýçler bilen güýjüni birleşdirmekden başga alajy galmaýar. Ol tussaglykdaky agasy, Atlantisiň ozalky şasy Orm bilen bile hereket etmeli bolýar.
Bu film hem soňky ýyllardaky “superhero” filmleriniň ykbalyny paýlaşýar. Ýagny filme bilermenleriň beren bahasy umumylykda ýokary däl. “Action” kino hökmünde, belli artistleri özünde jemleýän eser hökmünde tomaşa etse bolar. Ýöne adaty tomaşaçylardan filmi halanlaryň sany az däl. Umumylykda 1-nji filme garanyňda, pes hasaplanýan filmiň prokatlardan gazanjagy 300 million dollara-da ýetme diýlip çaklanylýar.
American Fiction
2-nji filmimiziň ady “American Fiction” (“Amerikan hekaýasy”) bolup, bu ekran eseri ony Kord Jefferson surata düşürdi. Bu režissýoryň ilkinji uzyn metražly kinosydyr. Jeffri Raýt baş keşbi, şol sanda Treesi Ellis Ross, Issa Rae, Jon Ortis, Sterling K. Brawn ýaly artistleriň surata düşen komediýa-drama görnüşli filmi ähli babatda ýylyň şowly çykan ekran eserleriniň hatarynda görkezilýär. Gatnaşan festiwalyndan baýraksyz gaýtmadyk kinonyň Jeffri Raýta Oskar dalaşgärligini hem gazandyrmagyna garaşylýar. Altyn globus, Critics’ Choice baýraklarynyň dalaşgärligine hödürlenen film Toronto kino festiwalynda baş baýragy aldy. Bu festiwalyň ýeňijileriniň ozal ençeme gezek Oskarda iň gowy film saýlanandygyna-da köp şaýat bolupdyk. Amerikaly ýazyjy Persiwal Ewerettiň Erasure atly romany esasynda ekranlaşdyrylan filmde häzirkizaman medeniýetimizde ynsanlary biderek stereotaýplara, galyplara salşymyzy barada söhbet açylýar. Raýt filmde Monk atly ýazyjynyň keşbini ýerine ýetirýär. Ol tahallus ulanyp, “Gara” atly kitap ýazýar. Şol kitabyň üsti bilenem ikiýüzlüligiň, kemsidilmegiň jümmüşine eltýär..
Ýylyň iň köp baýrak gazanjak kinolarynyň biri hökmünde görülýän film bilermenlerdenem, tomaşaçylardanam ýokary baha aldy. Ýagny hökman tomaşa edilmeli kinolaryň biri.
Ferrari
3-nji ekran eserimiz, “Ferrari” filmidir. Adyndan hem belli bolşy ýaly, italýanlaryň dünýä belli sport ulagy Ferrari awtomobillerini esaslandyryjy Enzo Ferrari baradaky filmi ussat režissýor Maýkl Mann surata düşürdi. “The Last of the Mohicans” (1992), “Heat” (1995), “Ali (2001), “Collateral” (2004) “Public Enemies” (2009) ýaly köpleriň söýgüsini gazanan kinolaryň režissýoryň täze ekran eserinde baş keşbi – Enzo Ferrariniň keşbini Adam Draýwer janlandyrýar. Oňa Şailin Wudli, Penelope Kruz, Sara Gadon, Patrik Dempsi, Jäk O’Konnell ýaly belli artistler ýoldaşlyk edýär. 95 million dollar býujetli kinoda Ferrariniň şahsy durmuşy, maşgala ýagdaýy, awtoulagy esaslandyryşy barada söhbet açylýar. Filmiň ssenarisini amerika žurnalist Brok Ýeýtsiň “Enzo Ferrari: The Man, the Cars, the Races, the Machine” atly eseri esasynda Troý Kennedi Martin ýazdy.
Film baradaky käbir belliklere seretsek, italýanlar Adam Draýweriň italýançasyny kän bir halamandyr. Gala görkezilişi Wenesiýa film festiwalynda geçirilen ekran eseriniň surata düşüriliş işleri Italiýanyň Modena, Breşiýa ýaly şäherlerinde alnyp baryldy. Filmi ähli zady birýaňa goýsak, režissýoryň hatyrasy üçin tomaşa edäýmeli...
Memory
4-nji kinomyz, “Memory” filmidir. Meksikaly režissýor Mişel Frankonyň surata düşüren kinosy drama žanrynyň nusgasy bolup, onuň ssenarisini režissýoryň özi ýazdy. Mişel Franko mundan öň “After Lucia” (2012), “Chronic” (2015), “April's Daughter” (2017), esasan hem “New Order (2020) ýaly Kannda görkezilen filmler bilen meşhurlyk gazanan ýaş režissýorlaryň biridir.
“Memory” filminde baş keşpleri oskarly aktrisa Jessika Çesteýn bilen Piter Sarsgor, Meritt Wiwer dagy janlandyrýar. Hakyky drama söýüjiler üçin şowly çykan kinolaryň biri bolan bu ekran eseri kinotankytçylaryň göwnünden turup, filmde biri-birilerini söýýän bir jübütiň, är-aýalyň durmuşy barada, olaryň öz aralaryndaky baglanyşygy, ysnyşygy hasam güýçlendirmäge synanyşýarlar. Ýöne şol bir wagtyň özünde-de, ýatkeşlik, huş ýitirme, ynam, ruhy sarsgyn ýaly meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar...
Rebel Moon: A Child of Fire - Part One
5-nji film bolsa “Rebel Moon: A Child of Fire - Part One” bolup, ony “Baş göterýän Aý: alawyň perzendi – birinji bölüm” diýip, türkmen dilinde aýtsa bolar. Ylmy-fantastik žanryň ussady Zäk Znaýderiň režissýorlyk eden kinosy “Netflix”-iň önümidir. Režissýor “Dawn of the Dead”, “300”, “Watchmen”, “Batman v Superman: Dawn of Justice”, “Justice League” ýaly filmler bilen adygandyr. Filmde Sofiýa Butella, Jimon Honsu, Ed Skrein, Anttoni Hopkins, Çarli Hannam, Mişiel Huisman dagy surata düşdi.
Filmiň 2-nji kinosy geljek ýylyň aprel aýynda görkeziler. Umumylykda 2 film üçin 165 million dollarlyk çykdajy edildi.
Ekran eseriniň temasy gysgaça şeýleräk: Galaktikanyň çetki ujundaky Aýa baryp düşlän Kora ýerli ýaşaýjylar bilen ysnyşyp ýaşap başlaýar. Ýöne ýolbaşçy Balisarius we onuň kömekçisi Nobl obalylaryň öz önümlerini Esasy Dünýä garşy gelýän Bloodakses jemgyýetine satýandyklaryny öwrenýär. Şondan soň obalylar bilen Esasy Dünýäniň arasynda göreş başlaýar. Obalylaryň bar daýanjy Kora bolup, ol uly güýje garşy goýmak üçin başga gözlegleri etmeli bolýar.
Film Zäk Snaýdere garamazdan, ýokary baha alyp bilmedi. Howlukmaç düşürilýän ýaly hasaplanýan ekran eseri elbetde, žanryň muşdaklary üçin gürrüňsiz gyzykly bolup biler.
* * *
Ine bulam, 2023-nji ýyl üçin soňkuja makalamyz, bolup, aslynda, sanawa “The Color Purple”, “The Zone of Interest”, “Dunki” (hindi kino), “The Boys in the Boat”, “Freud's Last Session” ýaly kinolary hem goşmakçydym. Ýöne makalanyň uzyn boljakdygyny nazarda tutup, 5 filmi ýeterlik hasaplaýaryn. Ähli okyjylarymyzy Täze ýyly bilen gutlap, 2024-nji ýylyň hakyky, manyly, kinematografik alamatlary özünde jemleýän ençeme filmli, serially ýylyň bolmagyny arzuw edýärin.