Zaratuştra şeýle isledi — ýerli heavy metal topary barada

Album cover by Serdar Salihow

Black Sabbath bilen başlan “heavy metal rock” tolkuny bize degmän geçdi diýsek ýalan bolar. Aýdym-saz industriýamyz üçin underground bolan bu žanr entegem ýeriň astynda dowamlylygyny goraýar, emma bu žanrda çykyş edýän toparlaryň ömri uzak sürmeýär.

Türkmenistanyň aýdym-saz industriýasynyň gara almazlarynyň biri bolup geçen Relicts topary barada aýdyp geçmekçi. Hard rock ýa-da heavy metal rock žanrynyň özi adyndan hem belli bolşy ýaly agyr, düşünmesi kyn bolan bir žanr. Bu žanra düşünmek we ony söýmek üçin rowaýatlara, mifologiýa, mistika özüňi bermek gerek. Haçanda birileri köpçüligiň öňüne çykyp möjek-jäjek, söýgi-möýgi barada agyzlaryny gymyldadyp, frazalaryň ýa-da ideýalaryň gymmatlygyny gaçyranlarynda, başgalary garažda ýa-da ýerzeminlerde döredýän sazlarydyr sözleri bilen sanaýmaly adamlaryň içinde penjireler açýarlar. Bu zatlaryň sebäpkärleri bolsa şol köpçülik bolup durýar. Durmuşlaryny diňe toýdan-toýa sanap geçirýänler. Olar diňe toýda diňläp boljak aýdymlary gözleýärler we şeýdip, elleriniň aşagynda ýatan almazy görmän kömüre ýapyşýarlar.

Sözüni etmekçi bolýan Relicts toparymyza gelsek, bu topar — Soýuzyň ýykylmagy bilen dünýa açylan — öňki SSSR döwletlerinde bolşy ýaly daşarydan gelen sungat akymlarynyň täsiri astynda galyp, ol akymlary öz medeniýetlerine garyp, exotic, başgalaryna meňzemeýän eserler bilen gün ýüzüne çykdylar. Şol sanda şeýle toparlaryň köpüsi ýeriň astynda ýitip gitdiler. Relicts hem şol ýitip gidenlerden biri. Relicts, 1997-nji ýylda Aşgabatly birnäçe ýaş rock n roll söýüjileriň birleşmegi netijesinde gurulýar. Üýtgän topar agzalaryny hem sanasak: Serdar Salyhow, Ýuriý Arakelow, Wladimir Osipow, Witaliý Litwinow, Witaliý Kozin, Ýan Gordienko, Arseniý Konstantinow, Aleksandr Koçetow, Andreý Alferow bolup durýar.

Relicts ilkinji demo aýdymlaryny 2000-nji ýylda “Apocalypse” ady bilen, ikinji aýdymlaryny bolsa 2003-nji ýylda “Religion” ady bilen çykardylar. Ondan soňra 2008-nji ýylda Aşgabatly başga bir rock topar bolan Elembus bilen bilelikde feat etdiler. Ýene şol ýylda Relicts özüniň doly görnüşli “12 on the Richter Scale” (Richter ölçeginde 12-nji) atly albomyny diňleýijilere ýetirdiler. Bu albom olaryň ilkinji we iň soňky doly görnüşli albomlary bolup durýar. Gürrüňiň dowamyny diňe şol albom we onuň aýdymlary hakynda dowam etmekçi.

Albomyň adyna gelsek, Richteriň ölçegi ýer titremelerini ölçemek üçin seýsmologiýada ulanylýan ölçeg birligidir. Richteriň ölçeginde 12-nji diýmek, bu bolup biljek ýer titremäniň iň güýçlisi we iň ulusy. Toparyň bu albomy ýokarda hem aýdyşym ýaly mistikalar bilen bezelen. Albomyň başyny “Vendidad” aýdymy çekýär. Vendidad aslynda Zarasturizmiň gurujysy bolan Zaratuştranyň Awesta kitabyndan daşary ýazan (ýa-da oňa inen, haýsysyny halasaňyz) bir kitaby bolup durýar we bu kitap erbet ruhlara, jynlara garşy ýazylan kod (doga diyibem bilersiňiz). Birinji aýdym bize albomyň näme baradalygy hakynda maglumat berýär.

Albomyň ikinji aýdymy “Anthill” (garynja ketegi) Merkeiz Aziýa sazlarynyň motiwinde başlap duýdansyz ähli energiýasyny bokurdak sesi bilen üstüňize dökýär. Ikinji aýdym adyndan hem belli bolşy ýaly mör-möjekleri metafor şeklinde ulanyp, olaryň üsti bilen adamlar hakynda aýdýar.

Üçünji aýdym bolan “Desert” (çöl) sizi edil Indiana Jones hakyndaky filmler ýaly çölüň içinde oýaryp, birdenem apy-tupanyň içine sokar. Indi bolsa dördünji aýdyma geleliň, aýdymyň ady “Haoma”. Haoma, bu Zarasturizm dininde ady geçýän beýhuş ediji ylahy ösümlik bolup, “şol ösümligiň suwyny içen gysgaça nirwana barýar” diýlip rowaýat edilýär. Aýdym hem şol ösümlik we onuň şiresiniň dindäki orny barada. Albomda Haomadan soňra ýer alan eserimiz “Sacred Fire”, bu diňe sazdan ybarat bolup durýar we death metal diňleýjileriň köpüsine tanyş gelip biljek nemes death metal motiwlerini özünde saklaýar, meselem: powerwolf, helloween, blind guardian. Üns çekmek üçin we sizi toparyň aýdymlaryny diňlemäge itermek üçin albomyň galan aýdymlary hakynda söz açmakçy däl. Özümiň şahsy dar görüşim bilen albom hakynda kommentariýa etjek bolsam, topar potensiýal güýjini albomyň üçünji aýdymy bilen görkezip başlaýar. Elbetde tehniki ýetmezçiliklerden ýaňa käbir ýerlerde arassa sesleriň çykmaýan ýerleri bar, emma bu, topara sungatyny görkezmäge hiç hili päsgel bermändir.

Gepiň gysgasy bu žanr, topar, albom aýdym, saz gaty agyr we düşnüksiz gelip biler, ýöne siz ýene-de düşünmäge dyrjaşyň. Eger onda-da bolmasa sesiňizi çykarmanjyk öňki halaýan ogurlyk aýdymlaryňyzy diňlemäge dowam edip bilersiňiz. Sözümi Relicts toparynyň öňki agzasy bolan Litwinowa, gysga gürrüňi üçin sag bolsun aýdyp, jemlemek isleýärin. Şeýlelik bilen hoş, sag boluň mähriban ildeşler, saglykda görüşeliň.

Read more

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

Ridli Skottyň «Gucci-niň öýi» filminiň çykanyna üç ýyl geçenden soň, «Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder. Filmiň önümçiligine. Jorjio Guççi tarapyndan esaslandyrylan «Alkor Film» hem gatnaşar. «Gaumont Italy» kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri Marko Rozi: «Biz Jorjio Guççiniň teklibini kabul edip, maşgalasynyň ýardamy bilen dünýäde üstünlik gazanan şöhratly «Gucci» hakda

By reňkli+
Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

«Valentino-nyň» öňki kreatiw direktory Pierpaolo Piççioliniň öz ornundan gidenine entek bir hepde bolup-bolmanka, 25 ýyllap «Gucci-de» yhlasly işlän Alessandro Mikele onuň wezipesini eýeledi. Alessandro Mikele bu täzelik bilen bagly «Valentino-nyň» akkauntynda tolgundyryjy teswir goýdy. Teswirde şeýle diýilýär: –«Valentino-nyň» bir bölegi bolmak meniň üçin buýsanç. Men «Gözellik» sözüni taryhynyň bir bölegine

By reňkli+
Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

«Ýetginjekler soňky döwür saglyga howply bolup biljekdigine garamazdan şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Häzir olar muny «TikTok» ýaly sosial ulgamlarda trende öwrüp, ýoň etdiler» diýip, «New York Post» habar berýär. Meşhur blogerler saçlaryny şampun bilen ýuwmakdan ýüz öwürendiklerini aňladýan wideolary köpçülik bilen yzygiderli paýlaşýarlar. Blogerleriň içinde has ähmiýetlileriň biri hasaplanylýan Kaýnoa

By reňkli+