Zenanlar we kino sungaty

Zenanlar we kino sungaty
Sara Polli (sagdaky) “Gürrüňdeş zenanlar” filminiň sahna arkasynda

Kino sungaty döräli bäri zenanlar bu sungatyň bir bölegi hökmünde çykyş edip gelýärler. Zenansyz kino sungatyny göz öňünde getirmek mümkinem däl. Irki ýyllarda bu sungatda esasan aktýorçylykdan daşgary köp goşandy bolmadyk zenanlaryň bu günki günde 7-nji sungata goşandy köp dürlüdir. Ýagny häzirki wagtda diňe bir aktýorçylyk ugrundan bolman, ozaldan bar bolan režissýorçylyk, ssenariçilik, grim, makiýaž, bezegçilik ýaly ugurlaryň hataryna soňky ýyllarda operatorçylyk, wizual effektler, montaž ýaly aglaba erkekler tarapyndan ýerine ýetirilýän ugurlar hem goşuldy. Häzirki günde durmuşyň islendik ugrunda, ulgamynda, pudagynda zenanlaryň orny artýar we gün geçdigiçe-de artmagyny dowam edýär. Ýogsam, zenanlara ses bermek ygtyýarynyň berlen günleri-de o diýen daşda däl.

Häzirki wagtda Oskaryň iň uly kemçiligi (aslynda başga-da kemçilikleri bar) hasaplanýan zatlaryň biri-de aktrisa ýa-da grim, çeperçilik bezegi ýaly ugurlardan başga ugurlarda zenanlaryň o diýen köp dalaşgärliginiň ýoklugydyr. Mysal üçin, iň gowy režissýor ugry boýunça Oskaryň taryhynda baýrak gazananlaryň sany bir eliň barmaklarynyň sanyndan, dalaşgär görkezilenleriň sany-da iki eliň barmaklarynyň sanyndan köp däl. Bary-ýogy 7 zenan režissýor 8 gezek dalaşgär görkezilip, şolaryň 3-si ýeňiş gazandy. Ýeňiji bolanlaryň ikisi-de soňky 2 ýylda hasaba alyndy. Beýleki bir tarapdan seretsek, Oskar belki-de şol öňden gelýän ýalňyşyny düzedýän ýaly diýip pikir edip bileris (Ýöne bu ýyl iň gowy režissýor ugry boýunça zenan dalaşgär ýok). Şu ýerde ýene bir zady belläp geçeliň. Elbetde san babatda zenan režissýorlaryň sany erkek režissýorlara garanyňda juda azdyr.

Kino sungaty bilen zenanlaryň arasynda öňden bäri dowam edip gelýän meseleleriň biri-de töleg meselesidir. Mysal üçin, bir aktýor hem-de aktrisa — ikisi-de bir filmde baş keşpleri janlandyrýar. Şolardan aktýoryň alýan tölegi 15–20 million dollar bolsa, aktrisa tölenýän töleg 7 million dollardan köp bolmaýar. Käbir aktiwist aktrisalar bu adalatsyzlygyň aradan aýrylmagy üçin wagtal-wagtal meseläni jikme-jikligine gozgasa-da käbir pursatlar üçin bolaýmasa, entek meseläniň umumylykda çözgüdi tapylanok. Ýöne muňa garamazdan, aktrisalar filmlerde surata düşmegini dowam edýär.

Kino sungatynda zenanlaryň bitiren işleri ummasyz bolup, zenan režissýorlaryň ýa-da tutuşlygyna diýen ýaly zenanlaryň baş keşpde çykyş eden filmleriniň sany az däl. Şol kinolaryň arasynda iň köp ünsi çekýän soňky iki sanysy bilen bu gysgaça makalamy jemläýin. Olar “Zenan şa” (The Woman King, 2022) hem-de “Gürrüňdeş zenanlar” (Women Talking, 2022) filmleridir. Filmleriň ikisine-de zenan režissýorlyk edip, olaryň ssenarisi hem zenanlaryň galamyndan dökülen eserlerdir. “Zenan şa” filmi bu ýyl Oskaryň daşynda galsa-da, beýleki käbir iri baýraklara dalaşgär görkezildi. Jina Prins-Baýtwudyň režissýorlyk eden bu kinosynda Günbatar Afrikada ýerleşýän Dagomeýa şalygy barada gürrüň berilýär. Wiola Dewisiň ussatlyk bilen ýerine ýetiren baş keşbi köpleriň pikirine görä, Oskara-da dalaşgär bolmalydy. Filmde general Naniskanyň (Wiola Dewis) birnäçe kynçylyklara döz gelişi we toparyndaky Aguji urşujylary bilen gulçulyga garşy göreşi barada söhbet açylýar. Filmdäki uruşly sahnalar hem hiç neneň däl. Naniska urşujylaryň ýolbaşçysy bolsa-da, hemişe onuň içinde enelik duýgusy höküm sürýär. Filmi entek görmedikler bar bolsa, haýal etmän bu ekran eserine tomaşa etmeklerini maslahat berýärin.

Beýleki adyny agzan filmimiz bolsa “Gürrüňdeş zenanlar” diýilýän ekran eseri bolup, ony kanadaly zenan ýazyjy Miriam Toewsiň adybir eserine salgylanyp, meşhur zenan režissýor Sara Polli öz ýazan ssenarisi esasynda surata düşürdi. “The New York Times” gazeti tarapyndan “feministlik manifesti” hökmünde görlen bu eserde aýratyn bir ýerde ýaşaýan, öz ynanýan dinlerine-de berk uýýan zenanlar barada söhbet açylýar. Şol zenanlar bir ýere jemlenip, topardaky erkekleriň, ýan ýoldaşlarynyň hökmürowanlygy barada özara gürrüňdeş bolýarlar. Oskarda iň gowy film baýragyna dalaşgär görkezilen bu ekran eseri hem tomaşa etmäge maslahat berilýän kinolaryň biridir.

Bilşiňiz ýaly ertir 8-nji mart, ýagny Halkara zenanlar güni bolup, ähli zenanlary bu halkara gün bilen gutlap, olaryň sungatyň ähli ugurlarynda goşantlarynyň mundanam beýläk ýokary bolmagyny arzuw edýärin.

Read more

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

Ridli Skottyň «Gucci-niň öýi» filminiň çykanyna üç ýyl geçenden soň, «Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder. Filmiň önümçiligine. Jorjio Guççi tarapyndan esaslandyrylan «Alkor Film» hem gatnaşar. «Gaumont Italy» kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri Marko Rozi: «Biz Jorjio Guççiniň teklibini kabul edip, maşgalasynyň ýardamy bilen dünýäde üstünlik gazanan şöhratly «Gucci» hakda

By reňkli+
Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

«Valentino-nyň» öňki kreatiw direktory Pierpaolo Piççioliniň öz ornundan gidenine entek bir hepde bolup-bolmanka, 25 ýyllap «Gucci-de» yhlasly işlän Alessandro Mikele onuň wezipesini eýeledi. Alessandro Mikele bu täzelik bilen bagly «Valentino-nyň» akkauntynda tolgundyryjy teswir goýdy. Teswirde şeýle diýilýär: –«Valentino-nyň» bir bölegi bolmak meniň üçin buýsanç. Men «Gözellik» sözüni taryhynyň bir bölegine

By reňkli+
Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

«Ýetginjekler soňky döwür saglyga howply bolup biljekdigine garamazdan şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Häzir olar muny «TikTok» ýaly sosial ulgamlarda trende öwrüp, ýoň etdiler» diýip, «New York Post» habar berýär. Meşhur blogerler saçlaryny şampun bilen ýuwmakdan ýüz öwürendiklerini aňladýan wideolary köpçülik bilen yzygiderli paýlaşýarlar. Blogerleriň içinde has ähmiýetlileriň biri hasaplanylýan Kaýnoa

By reňkli+