Araňyzda žurnalist bar (1): “Arabyň gyzy” barada soňky sözümiz

“Arabyň gyzy” barada ençeme söz aýdylan hem bolsa bu makala ol aýdymyň gelip çykyşy we Azad Seşiň döredijiligi barada gyzyklanýanlar üçin wajypdyr.
11-nji aprelde “Readitstore”-yň geçiren çäresinde Azada we menejeri Baýrama birnäçe sorag bermek mümkinçiligi tapdym. Beren jogaplary boýunça reportaža geçmezden ozal, menejerlik düşünjesiniň oturmaga başlandygyny görmek begendirýär. Belki geljekki artistlara hem ylham berer.
“Arabyň gyzy” aýdymynyň akustik görnüşini ýerine ýetirenden soňra Azad aýdym barada gysgajyk gürrüň berdi. Bir ýyl ozal aýdymy işläp goýandygyny aýdan Azad dogry wagtda çykarmak üçin garaşandygyny beýan etdi. Sesh aýdymyň owazynyň özüne degişlidigine ünsi çekip, “Sözleriň, melodiýanyň we şol wagtky atmosferanyň berýän duýgusynyň netijesinde şeýle häsiýetde aýdym çykdy” diýdi. Azad “Arabyň gyzy” aýdymynyň Atabaý Çarygulyýewiň ýerine ýetirýän nusgawy görnüşini köpden bäri halap diňleýändigini hem sözlerine goşdy.
Soňky makalada hem belläp geçişim ýaly aýdymyň doly görnüşi hökmünde mahabatlandyrylan, ýanýan deprekli klip çykanyndan soňra Azadyň çölde, telpekli we donly klipi hem ýaýramaga başlady. Näme üçin iki klip çykdy? Bu soraga esasan Azadyň menejeri Baýram (a.k.a Vagrant) jogap berdi. Baýram telpekli we donly wideonyň aslynda özleri üçin barlag hökmünde düşürilendigini, aslynda goýberilmeli däldigini, kiçiräk düşünişmezligiň netijesinde ýaýrandygyny düşündirdi. Azad bolsa bu klipi “promo” hökmünde atlandyryp, aýdymyň berýän duýgusy we artistyň başarnyklaryny görkezmek babatynda ýanýan deprekli klipi has halandygyny mälim etdi.
Martyň başynda Azad aýdymyň home studio görnüşini paýlaşanynda “albomdan snippet” hökmünde öňe sürüpdi. Emma “Arabyň gyzy” çykanyndan soňra albomyň galan bölümi barada kän gürrüň edilmedi diýsek hem bolar. Yzy haçan?
Azad bu soraga jogap hökmünde ilki bilen aýdymyň nähili ýazylýandygyny çaga düşündiren ýaly düşündireninden soňra 10 aýdym bardygyny aýtdy; albom däl-de, eýsem, EP görnüşinde ýaýratmagy meýilleşdirýändiklerini belledi. Baýram gürrüňe goşulyp, “Remezan aýy” başlamazdan ozal “Ýandyrar” atly täze single, aý gutarandan soňra bolsa üç aýry single çykjakdygyny aýan etdi. Bu gün Orazanyň dördünji güni we heniz “ýandyrmady.” Azadyň nobatdaky aýdymy üçin Orazanyň gutarmagyna garaşmaly bolarys diýip çaklaýaryn. Sebäbi Baýramyň hem aýdyşy ýaly, olar “Remezanda işlänok.”
Azadyň “Krasnowegas Music”-iň ilkinji artistidigini bellän Baýram, Azad bilen bir ýyl çemesi wagt bäri bile işleýändiklerini aýtdy. Elbetde, Azadyň leýbl bilen şertnamasynyň anyk senesi hakynda maglumatym ýok, ýöne Azad öz “Instagram” bio-synda menejeri we leýbli barada maglumaty näme üçindir home studio wideosy çykandan soňra goşdy. Şu ýerde Türkmenbaşy — ýagny Krasnowodsk — faktoryny hem gözden salmaly däl. Çärede hem bellinilşi ýaly Türkmenbaşy şäherinde aýdym-saz döredijileri biri-biri bilen has ýakyn gatnaşyk saklaýarlar, şeýle hem bu şäherde erkin we brotherly döredijilik gurşawy höküm sürýär. Ýagdaý şeýle bolany üçin dostlaryň arasyndaky raýdaşlygyň haçan professional häsiýet alandygyny anyk aýtmak kynrak.
Üýşmeleňiň dowamynda Azad ýany bilen getiren döwük* gitarasynda birnäçe aýdymlary ýerine ýetirdi. The Weeknd, Rihanna we Hozier ýaly belli western artistleriň aýdymlaryndan käbir böleklerini ýerine ýetiren Azad albomyndaky “Tüni derýa” aýdymynyň hem bir bölegini köpçülige ýetirdi. Baýram aýdymyň “Şasenem — Garyp” dessanyndandygyny aýdyp, sözleriniň Magtymgulyňkydygyny belledi. Bu ýerde Azadyň menejeri Magtymguly Pyragyny göz öňünde tutan bolsa, oňa gynançly habarym bar: sözleri Magtymgulyňky däl. “Şasenem — Garyp” dessany awtory belli bolmadyk anonim dessan bolup, halk döredijiliginiň söýlüp okalýan we diňlenilýän ýadygärligidir. “Tüni derýa”-nyň halk aýdym görnüşi häzirki döwürde hem giňden ýaýrandyr. Bu aýdymy geçen asyrda “Güneş” topary hem ýerine ýetiripdi.
Azadyň häzirki üns merkezi barada aýtsak, ony future funk žanry gyzyklandyrýar. Çagalygyndan rok diňläp ulalandygyna ünsi çeken Azad blues žanrynyň binýadynda döredilen contemporary aýdym-sazy hem ýakyndan yzarlaýandygyny beýan etdi. Sesh dört ýaşynda dutar çalmagy öwrenendigini, Şad Öwez we Abdy Daýy ýaly artistlar bilen bilelikde döreden işleriniň bardygyny, eýýäm mekdep döwründe saz ýazmagy öwrenendigini, ýetginjeklik döwründe wokalynyň üstünde işläp başlandygyny tomaşaçylar bilen paýlaşdy.
Sözümi jemlesem, Azad “Arabyň gyzy” bilen tanalmaga başlanan hem bolsa, onuň döredijilik ýoly çagalyk döwründen bäri dowam edýär. Azadyň ençeme ýylyň dowamynda kämilleşen döredijilik binýady, güýjän aýdym-saz söýgüsi dogry wagtda “Arabyň gyzy” bilen halk köpçüliginiň hem gyzyklanmasyny gazandy.
Baýram özleriniň şou-biznes aladalarynyň ýokdygyny hem aýtdy. Bu barada belli bir zat aýtmak meniň üçin heniz kynrak sebäbi ilkinji aýdymyndan soňra eýýäm birnäçe toýda mikrofon almaga başlan Azadyň beýleki aýdymlaryny ýaýratmaga başlanyndan soňra nähili ýolda dowam etjegini garaşyp göräýmek galýar. Şeýle hem çäräniň dowamynda Azad şahsy durmuşy barada kän aýtmak islemeýändigini beýan etse-de, gatnaşyjylara onuň ýaşy, bilim derejesi, ýaşaýan ýeri, okan ýeri we statusy baradaky maglumatlary bilmek başartdy.
Kiçiräk bellik: sorag-jogap duşuşyklarynda sorag berýäniň — hususan-da žurnalist/blogger/ýazyjy/media işgäri bolsa — sözüniň kesilip, başga temada köpçülige seslenilmegi ýerlikli hasaplanmaýar; sorag berýän özüne äsgermezçilik hökmünde kabul edip biler.
*Çäräniň dowamynda gatnaşyjylardan bir zenan Azadyň haýsy gitarasy bardygyny sorady. Azad soraga “döwük” diýip jogap berdi..