
aýdym-saz
Köçeden ýygnandylar
Biraz arakesmeden soňra türkmen hip-hop industriýasyndan ünsümi çeken bir fenomen bilen dowam etmek isleýän. Gep owadanlap oturman asyl meselä geljek bolsam, indi türkmen räpde gangster rap çykarýan adam galmandyr. Iň bolmanda, indi asyl räp ýaly köçe barada aýdýanam ýok diýen ýaly. Türkmen räpiň ýaňy bir ösüp başlan wagtlary, özüni gangster