Ussa Hajyýew

Uncategorized

Aziýalylaryň Oskary we garaşylmadyk dalaşgärler

Mundan 2 hepde öň Amerikan kino sungaty we bilimleri akademiýasy (AMPAS) 95-nji Oskar baýraklarynyň dalaşgärlerini mälim etdi. Dalaşgär görkezilenleriň arasynda garaşylmadyklaryň bolşy ýaly, garaşylýanlaryň ýoklugy hem aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Onsuzam her ýylky dalaşgärleriň arasynda hökman uly sýurprizler bolýar. Soňky ýyllarda bolşy ýaly, ýene-de aziýalylaryň şemalynyň belentden öwüsýän Oskar dabarasy boljaga

By Ussa Hajyýew

Uncategorized

Näme üçin uruşly, atyşykly kinolar Oskar alanok?!

Kino sungatynyň iň uly baýragynyň Oskardygy hemmä mälim. Şu günler Oskar baýraklarynyň gürrüňleriniň köp edilýän döwri bolup, menem şol gürrüňlere ýene bir ýola goşulmagy ýüregime düwdüm. Başda-da belleýşimiz ýaly ýedinji sungatyň iň uly baýragy hasaplanýan Oskar baýraklary öz gözbaşyny 1929-njy ýyldan alyp gaýdýar. Şol ýylyň 16-njy maýynda “Hollywood Roosevelt” myhmanhanasynda

By Ussa Hajyýew

Uncategorized

Oskary kim alar, çarwadarlarmy, çikagolylarmy, boratmy ýa-da mank; belki-de aziýalylar

Kino sungatynyň iň uly sylagy hasaplanýan Oskar baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi. Pandemiýa sebäpli “meňki bolsun” diýäýjek kinolaryň azdygyna garamazdan, amerikan kino akademiýasy barja filmlerden öz kriteriýalaryna esaslanyp, öňe saýlananlary dalaşgärlige hödürledi. Dalaşgärlere umumylykda seredenimizde, akademiýa hemişe tankyt edilýän tarapyna aýratyn esewan etmäge çalşypdyr. Ýagny hemişe akademiýa köpdürlülikden daşda bolmagy bilen

By Ussa Hajyýew

Uncategorized

Kino sungatynda “streaming” söweşi ýa-da “HBO Max”, “Warner Bros.” we beýlekiler

2020-nji ýyl adamzat taryhy üçin ýatdan çykmajak ýyllaryň biri boldy. Hatda adamzadyň ýatdan çykarmak isleýän ýyly boldy diýsegem ýalňyş bolmaz. Galagoply we başagaýlykda geçen ýylda Ýer şarynyň çäklerinde COVID-19 sebäpli zyýan çekmedik adam, pudak, ulgam ýok diýen ýaly. Adamzadyň durmuşynyň öňküler ýaly bolmajakdygy ilki-ilkiler görnetin mälim bolmasa-da, soňlugy bilen, öňki-öňküligiň

By Ussa Hajyýew

Uncategorized

78-nji “Altyn globus” baýraklarynyň analizi (seljermesi)

Kino sungatynda uly baýraklaryň berlip başlandygyny aňladýan “Altyn globus” baýraklary 78-nji gezek öz mynasyplaryna gowşuryldy. Adatça ýanwar aýynyň ilkinji hepdelerinde geçirilýän Hollywood-daky daşary ýurtly žurnalistler bileleşiginiň (HFPA) guramaçylygynda gowşurylýan baýraklar hem pandemiýadan öz nesibesine düşen paýy aldy. Şolaryň biri baýragyň adaty ýagdaýdakydan iki aýa golaý gijä galmagy, şol sanda ýeňijileriň

By Ussa Hajyýew