“Grammy”-ni kim alsa şol alsyn, bize “arabyň gyzy” bolsa bolýar

Billi Aýliş we dogany Finneas | The Recording Academy

Beýonseden Teýlor Swifte, Leýdi Gagadan Billi Aýlişe, Dua Lipadan Imanbege. Duşanbe güni heniz Gün dogmanka (Aşgabat wagty bilen) paýlanyp başlan 63-nji “Grammy” baýraklarynyň ýeňijileriniň sanawynda kän bir üýtgeşiklik ýok; artistleriň atlarydyr ýeňiji bolan aýdymlar köpçülik ýerlerinde ýa-da sosial mediada hökman gulagyňyza/gözüňize ilendir.

Nobatdaky “Grammy” dabarasy zenanlaryň dabarasy boldy diýsek örän jaýdar bolar. Ýarym-onlaýn geçirlen iwentde dört ugurda Beýonse “iň gowy” saýlanmak bilen gramafon heýkeljikleriniň sanyny 28-e ýetirdi. Onuň “uýasy” Megan Thee Stallion bolsa, “NY Times” aýtmyşlaýyn, gijäniň M.V.P.-si. “Iň gowy rap aýdymy” baýragyny almak üçin sahna çykanynda Beýonseni kiçiliginden bäri nusga alýandygyny aýdan Megana “ýylyň täze aýdymçysy” ugrunda hem “Grammy” aldy.

Beýonse we Megan “iň gowy rap aýdymy” üçin sahnada | The Recording Academy

Megana ýene bir goldaw gijäniň esasy baýragy bolan “ýylyň ýazgysy” kategoriýasynda “Everything I Wanted” aýdymy bilen ýeňiji bolan Billi Aýlişden geldi. “The Beatles”-iň deprekçisi 80 ýaşly Ringo Stardan gramofon heýkeljigini almak üçin sahna çykan Aýliş bu baýraga Meganyň mynasypdygyny aýtdy.

Dabaryny tomaşa edýärkäm, esasan, Post Malona nebsim agyrdy. Her ýeňijiniň sahna çykyş pursatynda üç ugurda — ýylyň ýazgysy, ýylyň albomy, ýylyň aýdymy — dalaşgär görkezilen Post Malonyň el çarpyşynyň ekrana getirilmeginiň täsiri hem bolmagy mümkin.

Amerikanyň geçen ýylky syýasy-jemgyýetçilik ýagdaýy “Grammy” baýraklaryna hem täsirini ýetirdi. H.E.R edebi lakamyny ulanýan Gabriella Sarmiento Wilsonyň “Black Lives Matter”-e bagyşlap ýazan “I can’t breathe” aýdymy “ýylyň aýdymy” baýragyna laýyk görüldi.

Subýektiw nukdaýnazarymdan “Grammy” barada aýtjaklarym häzirlikçe ýokardakylardan ybarat. Ýeňijileriň doly sanawyny okamak isleýänler Akademiýanyň saýtyna ýüz tutup bilerler.

Geleliň arabyň gyzyna. Türkmenistanly aýdym-saz döredijisi Azad Seş 4-nji martda “Arabyň gyzy” türkmen halk aýdymynyň başgaça nusgasyny öz sahypasyna ýükledi. Bu aýdymy “öz garaýşynyň” esasynda ýazandygyny beýan eden Azad ýakynda aýdymyň doly görnüşini hem çykarjakdygyny mälim etdi. Gowy kontente gabat gelen diňleýjiniň sabry barmy näme?! Azadyň eseri birnäçe günüň içinde türkmenistanly internet ulanyjylarynyň arasynda viral boldy. “The Weeknd”-iň “Blinding Lights” we “Save Your Tears” aýdymlaryny ýada salýan häzirki zaman “arabyň gyzy” aýdymyna şu wagta çenli 500-den gowrak TikTok wideosy düşürildi. Milýarddan kän ulanyjysy bolan bir platforma üçin bu mukdar az bolsa-da, ýerli häzirki zaman aýdym-saz sungatymyz üçin bellärlikli öňe gidişlikdir.

Ýyllar öň ýazylan meşhur türkmen aýdymlaryny täzeçe işläp, diňleýjilere ýetirmek täze trend däl. Ýanwar aýynyň başynda HABIB Sabo Artykowyň “Gara saçyň” aýdymyny “öz stiline geçirip, döwrebap elektron sazlar bilen bezäp” trap görnüşinde çykardy. Täzelikde bolsa, Emir Aýas Nury Meredowyň “Eneşim” aýdymyny “täzeçe öwüşgin bilen ýerine ýetirmäge çalyşdy”.

Azad, Habib we Emiriň üçüsi hem birnäçe ýyl bäri dürli aýdymlar üçin sazdyr söz ýazyp gelýärler. Şeýle häsiýetli döredijilik işleriniň höwri köp bolsun!

Täzeden işlemek diýlende “Grammy” baýraklarynda “iň gowy remiks ýazgysy” hökmünde gazagystanly Imanbek Zeýkenowyň “SAINt JHN”-yň “Roses” aýdymyna işlän remiksi saýlandy. Eger işjeň TikTok yzarlaýjysy bolsaňyz bu remikse ençe gezek gabat gelensiňiz.

Geçen ýedi günüň dowamynda bolup geçen esasy wakalaryň biri hem kino industriýasynyň sabyrsyzlyk bilen garaşýan “Oskar” baýraklarynyň nobatdaky dalaşgärleriniň mälim edilmegi boldy. Ussa Hajyýewiň dalaşgärler barada ýazjak seljermesini ýakynda Reňkli sahypada okap bilersiňiz.

Garaz, “Oskar”-y ýa-da “Grammy”-ni kim alsa şol alsyn, bize “arabyň gyzy” bolsa bolýar.

Read more

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

Ridli Skottyň «Gucci-niň öýi» filminiň çykanyna üç ýyl geçenden soň, «Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder. Filmiň önümçiligine. Jorjio Guççi tarapyndan esaslandyrylan «Alkor Film» hem gatnaşar. «Gaumont Italy» kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri Marko Rozi: «Biz Jorjio Guççiniň teklibini kabul edip, maşgalasynyň ýardamy bilen dünýäde üstünlik gazanan şöhratly «Gucci» hakda

By reňkli+
Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

«Valentino-nyň» öňki kreatiw direktory Pierpaolo Piççioliniň öz ornundan gidenine entek bir hepde bolup-bolmanka, 25 ýyllap «Gucci-de» yhlasly işlän Alessandro Mikele onuň wezipesini eýeledi. Alessandro Mikele bu täzelik bilen bagly «Valentino-nyň» akkauntynda tolgundyryjy teswir goýdy. Teswirde şeýle diýilýär: –«Valentino-nyň» bir bölegi bolmak meniň üçin buýsanç. Men «Gözellik» sözüni taryhynyň bir bölegine

By reňkli+
Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

«Ýetginjekler soňky döwür saglyga howply bolup biljekdigine garamazdan şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Häzir olar muny «TikTok» ýaly sosial ulgamlarda trende öwrüp, ýoň etdiler» diýip, «New York Post» habar berýär. Meşhur blogerler saçlaryny şampun bilen ýuwmakdan ýüz öwürendiklerini aňladýan wideolary köpçülik bilen yzygiderli paýlaşýarlar. Blogerleriň içinde has ähmiýetlileriň biri hasaplanylýan Kaýnoa

By reňkli+