“Köşküň jalaýyny” göreniň barmy?

“Köşküň jalaýyny” göreniň barmy?

K-pop barada ýazan makalamyzy okan bolsaňyz, ol makalada awtoryň nähili usul ulanandygy ýadyňyzda bolsa gerek. Bu makalada menem şol ýoldan gidip, türk seriýaly Yalı Çapkını* barada ýazmakçy.

Türk pop-kulturasyny yzarlanym üçin, häli-şindi bu seriýaldan bölekler, bu seriýala ýaňsytmalar öňümden çykýar. Türkmenistanda hem bu seriýalyň muşdaklarynyň bardygyny “Google”-yň maglumatlary tassyklaýar.

Ýagdaý şeýle bolany üçin şu gün ýörite oturyp, soňky bölümine tomaşa etdim. Iki sagatdan gowrak dowam eden seriýalda onuň meşhur bolmagy üçin gerekli bolan ähli aýratynlyklar bar: söýgi, pul, wepasyzlyk, ýalan, intriga.

Umuman aýdanyňda seriýal atasynyň (kakasynyň kakasy) guran şalygynda gamsyz we görenine göz gyrpýan jalaý ýigidiň töwereginde aýlanýar. Gelni, gelniniň we öz öňki söýgülileri, gelniniň aýal dogany, gelniniň aýal dogany bilen işgärleriniň arasyndaky gatnaşyk, kakasy, kakasynyň beýleki zenanlar bilen gatnaşygy, atasy, atasynyň nusgawy däp-dessurlary dowam etdirmäge bolan islegi, atasynyň öz gelniniň daýzasyna simpatiýasy, atasynyň guran firmasynda kakasynyň pyssy-pyjurlyklary… Garaz, aýdyşym ýaly, näme diýseň bar. Öýüň hyzmatçylarynyň arasynda-da aýratyn intriga bar, ýöne bir bölümde oňa doly düşünip ýetişmedim.

Žurnalistikada okaýan döwürlerim bir sapagyň synagy hökmünde Muhteşem Yüzyıl seriýalynyň dört bölümini görmeli bolupdym. Yalı Çapkını hem şol döwürleri ýada saldy. Aslynda ikisiniň arasynda meňzeşlik ýok diýsem jypdyrdygym bolar.

Yalı Çapkını tomaşaçylardan dürli synlary aldy. Bölüme tomaşa edenimden soňra tomaşaçylaryň ýazan teswirlerine göz gezdirdim. Käbirleri seriýaly gyzykly we özüne çekiji hasaplaýarlar, beýlekiler muny aşa, öz-özüni gaýtalaýan we zäherli (toksik) diýip häsiýetlendirýärler. Gaýtalanýan tankytlaryň biri, ýaramaz gatnaşyklaryň ele alnyşy, esasanam, erkek baş gahryman Feritiň wepasyzlygy we agressiýasy. Seriýal hakyky söýgä öwrülmek mümkinçiligi bolan galp nikalaşýan Ferit bilen Seýranyň hekaýasynyň binýadynda emele gelse-de, olaryň gatnaşygy Feritiň eýýäm uzak möhletli gatnaşykda bolmagy we seriýalyň beýleki zenanlary bilen iş salyşmagy bilen çylşyrymlaşýar. Mundan başga-da, Feritiň agressiw we gabanjaň häsiýeti, Seýran bilen dartgynlylygyň çeşmesi bolup, seriýalyň dowamynda birnäçe gazaply sahnalara sebäp bolýar.

Käbir tomaşaçylar seriýaly adaty we häzirki zaman gymmatlyklarynyň garyndysy hökmünde häsiýetlendirýärler. Muňa garamazdan, beýlekiler seriýaly zäherli erkekligi, esasanam, Feritiň wepasyzlygynyň we Seýrana garşy agressiýasynyň adatylaşdyrylýandygy üçin tankytlaýarlar. Birnäçe tomaşaçy bolsa ssenariýde şol birzatlaryň süýndirilýändigini tankytlaýar.

Bu tankytlara garamazdan, käbir tomaşaçylar seriýaldan lezzet alýandyklaryny ýazýarlar, esasanam baş gahrymanlaryň arasyndaky himiýadan, aktýorlaryň we aktýorlygyň hilinden. Şeýle-de bolsa, tomaşaçylar ssenariýniň özüne çekiji däldigini we hakykatdan daşdygyny boýun alýarlar.

Bu seriýala garşy aýdylýan tankytlaryň biri hem aýallaryň keşbiniň görkeziliş şekli — Feritiň olara bolan özüni alyp barşyny kabul etmekleri. Birnäçe tomaşaçy zenan keşpleriň erkek ýoldaşlarynyň kemsidiji hereketlerine çydaýan, umytsyz, çäresiz görnüşde şekillendirilýändigine üns çekýärler. Mundan başga-da, birnäçe erkek gahrymanyň hem kemsidiji ýa-da zäherli şahslar hökmünde şekillendirilýändigi hem käbir tomaşaçylardan tankyt alýar.

Yalı Çapkını seriýalyndan garaşsyz, türk telewideniýasyndaky seriýallaryň bir bölüminiň näme üçin henizem iki sagatdan geçýändigine düşünmek kyn. Aslynda jogaby aňsat — “tomaşaçy we kanal şeýle isleýär.” Tomaşaçy üçin halaýan seriýaly näçe uzyn bolsa şonça gowy, seriýal näçe uzyn boldugyça hem içindäki reklama köpelýär, hem-de kanal köp girdeji gazanýar. Ýöne meň düşünmeýän tarapym, aktýorlar nädip muňa boýun bolýar. Sebäbi bir hepdede iki sagatdan geçýän seriýal düşüräýmek aňsat däl. Bu elbetde seriýalyň hiline hem täsir edýär; hindi kinony ýatladýan sahnalar, ýakyn kadrlar, dramatik sazlar.

Aslynda şu soňky aýdanym üçin hem halanýan bolup biler. Bir döwür hindi kino görülýän bolsa, indi türk seriýal.

Eger siz hem bu seriýala tomaşa eden bolsaňyz, pikirleriňizi biz bilen paýlaşyň!


*Türk dilinde yalı sözi adatça deňziň kenarynda gurlan we ýörite arhitektura aýratynlyklary bolan kotežlere aýdylýar. Istanbul şäherinde Marmara we Gara deňizlerini biri-birini baglaýan bogazyň kenaryna gurlan taryhy arhitekturasy bolan kotežleriň aglabasyna yalı diýilýär. Seriýalyň adyny türkmen diline terjime etsem, “Köşküň jalaýy” diýip terjime ederdim, ýöne ýerli tomaşaçylaryň aglabasynyň aňynda bu seriýal hakyky ady bilen ýaşaýar.

Read more

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

Ridli Skottyň «Gucci-niň öýi» filminiň çykanyna üç ýyl geçenden soň, «Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder. Filmiň önümçiligine. Jorjio Guççi tarapyndan esaslandyrylan «Alkor Film» hem gatnaşar. «Gaumont Italy» kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri Marko Rozi: «Biz Jorjio Guççiniň teklibini kabul edip, maşgalasynyň ýardamy bilen dünýäde üstünlik gazanan şöhratly «Gucci» hakda

By reňkli+
Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

«Valentino-nyň» öňki kreatiw direktory Pierpaolo Piççioliniň öz ornundan gidenine entek bir hepde bolup-bolmanka, 25 ýyllap «Gucci-de» yhlasly işlän Alessandro Mikele onuň wezipesini eýeledi. Alessandro Mikele bu täzelik bilen bagly «Valentino-nyň» akkauntynda tolgundyryjy teswir goýdy. Teswirde şeýle diýilýär: –«Valentino-nyň» bir bölegi bolmak meniň üçin buýsanç. Men «Gözellik» sözüni taryhynyň bir bölegine

By reňkli+
Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

«Ýetginjekler soňky döwür saglyga howply bolup biljekdigine garamazdan şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Häzir olar muny «TikTok» ýaly sosial ulgamlarda trende öwrüp, ýoň etdiler» diýip, «New York Post» habar berýär. Meşhur blogerler saçlaryny şampun bilen ýuwmakdan ýüz öwürendiklerini aňladýan wideolary köpçülik bilen yzygiderli paýlaşýarlar. Blogerleriň içinde has ähmiýetlileriň biri hasaplanylýan Kaýnoa

By reňkli+