reňkli dolandy

Birnäçe aýdan soň reňkli sahypa täze ady reňkli+ bilen gaýtadan onlaýn. Neşirimiziň adyny üýtgetmeginiň esasy sebäbi, öňki adynyň täze neşir meýilnamasyna gabat gelmeýändigidir.

Hepdelik poçtamyzda bir hepdäniň dowamynda reňkli+ neşirinde ýazylan makalalara ser salarys, şeýle hem geçen döwürde aktuallygyny saklan sungat we medeniýet wakalarydyr habarlaryna göz gezdireris.

Reňkli poçtanyň ilkinji sanyny Hot Skull (Sıcak Kafa) bilen başlap, häzirki zaman türk kinomatografiýasy barada söz açjakdym. Türkiýäniň günorta-gündogarynda emele gelen ýer titreme sebäpli ady agzalan seriala ýüzleý degip, hepdäniň dowamynda neşir edilen makalalara geçmek netijesine geldim.


Türk dilindäki “Netflix”-de 2022-nji ýylyň ahyrynda ýaýlyma berlen “Gyzgyn kelle” türk kinomatograflary we aktýorlary tarapyndan Afşin Kumyň adybir romanynyň esasynda döredildi. Sekiz bölümlik antiutopik serialda ses we aragatnaşyk arkaly geçýän dälilik keseliniň döreden pandemiýa şertlerindäki dünýä barada söz açylýar. Pandemiýa sözi belki henizem durmuşyndan çykyp gitmedik adamlar üçin serialda tanyş zatlar bar; biz maskaly gezen bolsak, olar nauşnikli gezýer sebäbi kesel gulakdan geçýär.

“Gyzgyn kelläň” türk dilindäki serial industriýasynda meşhurlyk gazanmagy we köpler tarapyndan halanylmagynyň netijesinde ikinji sezonynyň hem düşürilmegine garaşylýardy. Emma, gynansakda, fewral aýynyň başynda “Netflix”-iň bu serialyň ikinji sezonyny düşürmegi goýbolsun edendigi belli boldy.

Serialyň esasy gahrymanlardan Antonyň keşbinde oýnaýan Şewket Çoruh öz Twitter hasabynda “Gaty biderek aýrylyk boldy. Bilsedim, beýle ýakyn dostluk gurmazdym. Gysga boldy ýoldaşlygymyz. Özüňi aýap sakla Anton” diýip, bu barada ilkinji bolup mälim etdi.

2023 moda trendleri — giň jinslar, minimalist keşpler, emeli sütükden aksessuarlar

Bu makalada awtor 2023-nji ýylyň moda trendleri barada söz açýar. Makalanyň başynda moda trendleriniň diňe ylham almak üçindigi, her kimiň bu trendleri öz islegine we geýiniş stiline görä sazlaýandygy bellinilip geçilýär. Trendler bilen bilelikde makalada moda sözlügi hem bar. Bu sözlükde makalada ulanylýan, halkara moda industriýasynda kabul edilen adalgalara düşündiriş getirilýär.

K-pop näme, iýilýän zatmy?

Ozal K-pop barada maglumaty bolmadyklar üçin bu makala başlangyç çeşmesi hökmünde hyzmat edip biler. Sebäbi makalany ýazmaga başlanda awtoryň ýeke bilýän zady K-popyň Günorta Koreýada döränligi we ýetginjeklige ýaňy gadam basan gyzlaryň ölemen diňleýän žanry bolmagydy. Şonuň üçin awtor ynamdar çeşmelerden ýygnan maglumatlaryny hemme kişä düşnükli bolar ýaly seljerip, K-popy we onuň taryhyny okyjylar bilen bile öwrenýär.

Howa üýtgeýärmi ýa-da klimat?

Daşky gurşaw bilen adamzadyň gatnaşygyny ele alýan täze bölümimiziň ilkinji makalasy. Internet çeşmelerinde ýa-da, umuman, gündelik durmuşda howanyň ýa-da klimatyň üýtgeýändigi barada maglumatlara gabat gelýänsiňiz. Makalada “howa” bilen “klimatyň” arasyndaky tapawudy mekdep okuwça düşündirýän ýaly düşündirmäge synanyşdyk. Sizde hem “Üýtgeýän haýsy, klimatmy ýa howa?” diýen sorag döreýän bolsa düşnükli jogaby almak üçin makala göz aýlap bilersiňiz.


Hormatly okyjy, nobatdaky poçtamyzy şu ýerde tamamlaýarys.

Hepdelik poçtamyzy bit.ly/renklipocta salgysy arkaly başgalar bilen paýlaşyp bilersiňiz.

Indiki sanlarymyzda görüşýänçäk!

Read more

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

Ridli Skottyň «Gucci-niň öýi» filminiň çykanyna üç ýyl geçenden soň, «Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder. Filmiň önümçiligine. Jorjio Guççi tarapyndan esaslandyrylan «Alkor Film» hem gatnaşar. «Gaumont Italy» kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri Marko Rozi: «Biz Jorjio Guççiniň teklibini kabul edip, maşgalasynyň ýardamy bilen dünýäde üstünlik gazanan şöhratly «Gucci» hakda

By reňkli+
Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

«Valentino-nyň» öňki kreatiw direktory Pierpaolo Piççioliniň öz ornundan gidenine entek bir hepde bolup-bolmanka, 25 ýyllap «Gucci-de» yhlasly işlän Alessandro Mikele onuň wezipesini eýeledi. Alessandro Mikele bu täzelik bilen bagly «Valentino-nyň» akkauntynda tolgundyryjy teswir goýdy. Teswirde şeýle diýilýär: –«Valentino-nyň» bir bölegi bolmak meniň üçin buýsanç. Men «Gözellik» sözüni taryhynyň bir bölegine

By reňkli+
Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

«Ýetginjekler soňky döwür saglyga howply bolup biljekdigine garamazdan şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Häzir olar muny «TikTok» ýaly sosial ulgamlarda trende öwrüp, ýoň etdiler» diýip, «New York Post» habar berýär. Meşhur blogerler saçlaryny şampun bilen ýuwmakdan ýüz öwürendiklerini aňladýan wideolary köpçülik bilen yzygiderli paýlaşýarlar. Blogerleriň içinde has ähmiýetlileriň biri hasaplanylýan Kaýnoa

By reňkli+