reňkli poçta #4
Bu makala ilkinji gezek 5-nji aprelde reňkli+ neşiriniň BCM sahypasynda paýlaşyldy. Hepdelik poçtamyzy ilkinjileriň hatarynda okamak üçin biziň “buy me a coffee” sahypamyza agza boluň: https://www.buymeacoffee.com/renkliplus

Bir hepdäniň dowamynda türkmen medeniýeti we sungatyna degişli birnäçe material okaýan, görýän, diňleýän. Bulardan daşary türkmenistanlylaryň sungat önümlerinden peýdalanma endiklerini hem başardygymdan yzarlamaga synanyşýaryn. Sungat önümleri diýenimde, esasan, aýdym-saz, kino we şuňa meňzeşleri göz öňünde tutýan. Ýagdaý şeýle bolany üçin, aňymda yzygiderli birnäçe pikirdir seljermeler döreýär. Käte öňden bäri gözleýän jogabymy tapsam, kä ýagdaýda birnäçe wakalary birleşdirip, özümçe bir netije çykarýan. Reňkli poçtada ýazyljak temalar hem esasan şu pikirdir seljermeler, şeýle hem çykaran netijelerim barada bolar.
Bu poçtada türkmen halk aýdymlarynyň (ýa-da halk aýdyma öwrülen eserleriň) syýahaty barada çykaran netijelerimi paýlaşmak isleýärin.
“Köne güzer” aýdymyny diňläp görmedigiňiz ýok bolsa gerek. Bu aýdym adatça “Köne güzer” görnüşinde atlandyrylsa-da, “Gelin” aýdymy hökmünde paýlaşylýan ýagdaýlaryna hem gabat gelmek bolýar.
“Köne güzer” aýdymy gözbaşyny Nurmuhammet Andalybyň “Ýusup-Züleýha” dessanyndan alyp gaýdýar. Internetde ýaýraw bolan dessanyň türkmençe görnüşinden ugur alsam, bu aýdymyň sözlerini Züleýha Ýusuby ilkinji gören badyna “maksadym hasyl boldy” diýip, Ýusuba bagyşlap beýan edýär. Dessanda aýdymyň sözleri şeýle görkezilipdir:
Maksatly köňül içre,
Bir apaty-jan geldi,
Müžgänleri hanjar dek,
Hem gaşy keman geldi.
Birniçe zaman ýyglap,
Çeşmim doly gan ýyglap,
Äşgär-u nyhan ýyglap,
Ýarym bu zaman geldi.
Janymda parahat ýok,
Onsuz maňa rahat ýok,
Hiç özge hekaýat ýok,
Çün ruhy-rowan geldi.
Hem derdimedir derman,
Janymdyr oňa gurban,
Öldürse budur perman,
Hem şahy-jahan geldi.
Yşkynda onuň zaram,
Ýolunda giriftaram,
Ölinçä hyrydaram,
Ol serwi-rowan geldi.
Ol serwi kaddyň jany,
Ýandyrdy Züleýhany,
Şährimiziň myhmany,
Döwletli zaman geldi.
Andalybyň döredijiliginden çykan Züleýhanyň sözleriniň haçan ilkinji gezek aýdyma geçirilendigi barada anyk maglumaty maňa elýeter bolan çeşmelerden tapyp bilmedim. Belki gelejekde sazşynaslar bilen gürrüň etmek mümkinçiligim bolsa, ana şonda anyk maglumat tapdyrmagy mümkin. Elbetde, ilkinji kimiň aýdyma geçirendigini bilmesemem, onuň “ömrüni uzadanyň” Şamämmet Bäşimowdygy mese-mälim.
“Köne güzer” aýdymy eýýäm “Güneş” ansamblynyň ony täzeden işläp, ýazgy etmezinden ozal halk aýdym derejesini alypdy. Ýagdaý şeýle hem bolsa, şu güne çenli geçen döwürde bu aýdymy ýerine ýetirenleriň ählisiniň şol bir aýdymy ýerine ýetirendigini (ýetirýändigini) aýtmak kyn.
“Köne güzeriň” dutar we gyjakda ýerine ýetirilip, ýazgy edilen görnüşlerinden tapyp bilenlerimiň arasynda iň irkisi Geldimämmet Orazgulyýewiň aýdan görnüşidir. Orazgulyýew aýdymyň ýokardaky sözlerinden diňe birinji, dördünji, bäşinji we soňky topbaklaryny ýerine ýetirýär. Elbetde, doly meňzeş aýdýar diýip bolmaz; arasynda saza görä sazlanýan ýerleri, aýdyma görä goşulyp, aýrylýan setirleri bar.
“Güneş” ansamblynyň täzeden işlän görnüşi barada gürrüň etsek, ol ansamblyň “Melodiýa” studiýasy tarapyndan çykarylan plastinkasynda “Köne güzer” ady bilen ýaýradylýar. Şol plastinkada aýdymy Berdimyrat Berdiýew ýerine ýetirýär. “Güneş” topary barada düşürmäge synanyşan dokumental kinomyz üçin Berdimyrat aga bilen söhbetdeş bolanymyzda Şamämmet Bäşimowyň aýdymy täzeden işläp, ýerine ýetirmegi üçin özüne teklip edendigini aýdypdy. Elbetde, “Köne güzer” barada başga birnäçe maglumat beripdi, ýöne filmiň ykbaly henizem nämälim bolany üçin olary ýazmagy makul bilmedim.
Berdimyrat Berdiýewiň ýerine ýetiren görnüşinde aýdymyň sözleriniň dessandakydan üýtgeýän ýerleri bar. Ol birinji we dördünji topbaklaryny Orazgulyýewiňkä meňzeş aýdýar, ýöne soňky topbagyň ýarysyny dagy üýtgedýär:
Ýandyrdy Hatyjany,
Köýdürdi Züleýhany
Şährimiziň myhmany,
Döwletli zaman geldi.
“Güneşiň” täzeden işlän görnüşinde ozalky görnüşlerinden tapawutlylykda, saz gurallaryndan beter, esasy ünsüň aýdymçynyň wokalyna berlendigini görmek bolýar. “Köne güzeriň” “Gelin” aýdymy hökmünde bilinmeginiň sebäpleriniň biri “Güneşiň” täzeden işlän görnüşinde Berdimyrat Berdiýewiň “geldi” sözüni aýdyşy bolup biler. Türkmen dilinde adatça “ld” harplary bir ýere gelende ikisi hem “ll” görnüşinde okalýar: gelli (geldi), bolly (boldy). Aýdymda halypa “gelleý” diýmän “gel’deý” diýip aýdýar. Ol bolsa “gelin” diýen ýaly eşidilýär. Bu diňe “Güneşiňkide” däl, eýsem Hajy Ýazmämmedowyň aýdýan görnüşinde hem “gelin” ýaly eşidilýär. Elbetde, bu meň pikirim, ylalaşman bilersiňiz.
Soňky birnäçe ýyllykda ýerine ýetirilenlerden birnäçesini diňläp gördüm. Olaryň arasynda hem dutardyr gyjak bilen ýa-da başgarak gurallar bilen halk aýdym görnüşini aýdan bagşylar, hem-de “Güneşiň” täzeden işlän görnüşini aýdýanlar bar. “Köne güzeriň” sözlerini bolsa henizem her kim her hili ulanýar. Mysal üçin, Läle Begnazarowa dutar bilen aýdanda aýdymyň “Güneşiň” işlän görnüşindäki sözleri ulansa, Hajy Ýazmämmedow “Güneşiň” işlän aranžirowkasy bilen dessanyň edil özündäki sözleri ulanyp, “Köne güzeri” ýerine ýetirýär. Özüňiz hem diňläp görseňiz aýtjak bolýanyma has gowy düşünersiňiz.
Olaryň ählisinde-de adatça dessandaky birinji, dördünji, bäşinji we soňky topbaklary aýdym edilip aýdylýar. Ýöne dessandaky sözlere iň ýakyny Hajy Ýazmämmedowyň 2017-nji ýylda aýdan “Köne güzeridir.”
Sözleriniň biri-birinden tapawutly aýdylmagy, esasan hem halk aýdym görnüşinde, türkmen bagşyçylyk sungatynyň tapawutly ýollary bilen bagly bolmagy hem mümkin. Türkmen bagşyçylyk sungatynda damana, ahalteke, salyr-saryk, çowdur, ýomut-gökleň, etrek-gürgen ýaly ýollar bar. Muny aýtmagymyň sebäbi salyr-saryk ýoly bilen aýdýan (wideonyň adynda bellenen) Göwher Tuhyýewanyň “Köne güzeriniň” beýlekilerden az-kem tapawut edýändigini görüp bolýar.
Sözümi jemlesem, bir aýdymyň birnäçe tapawutly görnüşleriniň bolmagy hem onuň halk tarapyndan halanyp diňlenilýändigini görkezýär, hem-de onuň ömrüniň uzyn bolmagyna getirýär.
Geçen hepde reňkli+ neşirinde çap edilenler
reňkli poçta #3 bäri reňkli+ neşirinde şu aşakdaky iki makala ýerleşdirildi:
- Köçä zyňmaň! renkli+ ýazdy
- Polo 90 ýaşady | Emeli aň? | Moda industriýasynyň mart daýjesti Enar Rejepowa ýazdy
Hormatly okyjy, nobatdaky poçtamyzyň hem soňuna geldik!
Teklipleriňizdir pikirleriňizi berdiyevbatyr@gmail.com adresine ugradyp bilersiňiz.
Indiki sanlarymyzda duşuşýançak sag boluň!