reňkli poçta #5

reňkli poçta #5

Bu makala ilkinji gezek 15-nji aprelde reňkli+ neşiriniň BCM sahypasynda paýlaşyldy. Biziň esasy maksadymyz okyjynyň neşri bolmakdyr. Şol sebäpden siziň goldawyňyz biziň üçin örän wajyp: https://www.buymeacoffee.com/renkliplus

Soňky poçtadan bäri geçen döwürde, dogrusy, türkmen sungat industriýasynda ünsümi çeken aýratynlyga gabat gelmedim. Bu poçtada türkmen medeniýetinden çala uzaklaşmagym mümkin. Ýöne kän uzaga däl, bary-ýoga Türkiýä baryp gaýdarys.

Şu günden yzyma seredenimde Türkiýede okaýan döwürlerim düýbünden aýdym wkusymyň ýokdygyna kän göz ýetirýän. Belki bu ýaşa bagly bolmagy hem mümkin. Häzirki wagtda diňleýän türkiýeli aýdymçylarymyň aglabasyny okuwy gutaryp Türkmenistana dolananymdan soň tapdym, has dogrusy özüm üçin üstüni açdym. Ýöne şolaryň arasynda iki aýdymçy iki döwre hem öz täsirini ýetirdi. Olaryň biri Haluk Lewent, beýlekisi hem Teoman. Soňky döwür aýdymdan başga başarnyklary bilen köpçülige çykýan Haluk Lewent barada kän aýdara sözüm ýok. Emma, Teoman beýle däl.

Näme üçin Teoman? Teomanyň durmuşy ýa-da sungat ýoly aslynda her bir adamyň durmuşynda gabat gelýän büdür-südür ýodany ýatladýar. Elbetde, bu adaty görünmegi mümkin, “Her kimiň durmuşynda-da pese gaçyşlar we beýgelişler bolýar” diýýän bolmagyňyz mümkin. Hawa, bu dogry, ýöne Teoman sungatdaky çarkandaklygy öz adaty durmuşy bilen garyşdyryp ýaşaýar. Özümiz barada pikirleneliň, şahsy durmuşymyzdaky kynçylyklaryň işimizdäki täsirini adatça azaltmak isleýäs, hatda täsirini düýbünden aýyrmak isleýäs. Kä halatda hiç kime hiç zat aýtman bu kynçylyklary diňe öz içimizde başdan geçirýäs. Teomanyň beýikli-pesli sungat ýoluny onuň aýdymlaryndan görse bolýar. Belki sungatyň we meşhurlygyň tebigaty şeýle bolany üçindir. Ony diýseňem, hemme aýdymçylarda ýa-da sungat işgärlerinde beýle däl. Sebäbi aýdym-saza industriýa hökmünde garalýandygy üçin, aýdyma ýa-da saza satylmak üçin öndürilen bir produkt hökmünde garalýandygy üçin ýerine ýetirijileriň şahsy durmuşynda çukurlar, büdremeler olaryň işine täsir etmän bilýär. Teoman içse-de halkyň öňünde içýär, çilim çekse-de halkyň öňünde çekýär, aýdymyň sözlerini ýatdan çykarsa-da adaty ýagdaý hökmünde kabul edýär, depressiýa girse-de halkyň öňünde girýär. Garaz, hem özi, hem-de sungaty hemmeleriň gözüniň öňünde üýtgeýär, kämilleşýär, özgerýär.

2014–15-nji ýyllarda telefonymda Teomanyň iküç aýdymy bardy: Gönülçelen, Istanbul’da sonhabar, Paramparça. Aslynda men Teomany şu aýdymlaryň üsti bilen tanamaga başladym. Olaryň ählisiniň hem berýän duýgusy biri-birine meňzeş: durmuşdan doýmak, ulalmak, birazajygam hasrat. Görüp otursam, olaryň üçüsi hem 2000–01-nji ýyllarda ýazylypdyr. Şol ýyllary Teomanyň sungat ýolundaky esasy ýyllarynyň hataryna goşup bolar. Ol hakyky rockstar bolmagyň ýolunda ynamly ädimler bilen öňe barýardy.

Pandemiýa döwründe Teomany täzeden diňlemäge başladym. Esasanam, 2021-nji ýylyň aprelinde çykaran Tek başına atly 1996-njy ýyldan bäri çykaran aýdymlaryny ýerine ýetirýän onlaýn konsertini gaýta-gaýta diňledim; Teoman garrapdyr, ýöne onuň akordlary we tony ýatdan çykarmagy ýa-da çilimini otlamagy şol öňküsi ýaly. Bu konsert bilen Teoman göýä “men garrasamam, sungat düşünjäm özgerse-de, men şol öňki Teoman” diýýän ýaly. Onuň soňky çykaran singly Teomanyň alternatiw žanra doly geçendigini subut edýär. Şu makalada Teoman barada ýazmagymyň esasy sebäbi hem şol bolup durýar. Ýagny, Nevrozumun Zindanı.

Bu aýdymyň düşündiriş bölüminde Teoman şeýle ýazýar:

Bu aýdym 2024-nji ýylyň aprel aýynda çykarmagy göz öňünde tutýan we soňky albomym diýip pikir edýän “Ben, Zargana, Deus Ex Machina” atly albomymyň birinji singly. Bu aýdym size albomyň estetikasy we mazmuny manysynda pikir berer. Ýagny, satuw maksatly däl-de, eýsem alternatiw albomy boljagy barada. Şeýle albomyň aýdym ýazmak boýunça karýeramyň soňky nokadyny goýmak üçin ýerlikli bolar diýip pikir etdim. Aýdymlar taýýar, maý aýynda studio tapgyry başlar. Şeýle žanradaky aýdymlary halaýanlaryň garaşanyna degjek albom bolmasy üçin elimden gelenini ederin.

Aýdym ýedi minutdan gowrak dowam edýär. Ony bir žanra sokmak kyn, sözüň doly manysynda alternatiw. Galanynam aýdymy diňläp, özüňiz baha beriň. Maňa görä, bu aýdym şu wagtky ýaşaýan “turbulentli” durmuşymyzda azajygam bolsa arkaýynlaşmak isleýän adamlaryň manifestosy bolup biler. Ine, men Teomany şunuň üçin hem halaýan. Sungatyň durmuşdan, durmuşyň bolsa sungatdan üzňe bar bolup bilmejegini mese-mälim görkezýär, ýaňlandyrýar. Teomanyň diňe söýgi barada aýdýan aýdymçylarymyza-da ylham bolmagy niýeti bilen 🤞.

Soňky sözlemi bir hili “bizde alternatiw aýdym çykarýan sungat işgärleri ýok” diýen manyda ýazypdyryn. Aslynda, türkmen deilinde hem alternatiw aýdym çykarýan bar. Muňa iň birinji mysallaryň biri hökmünde Şad Owezi (a.k.a 120 bpm) görkezip bilerin. Topar hökmünde ilkinji çykaran albomlary isleýişleri ýaly bolmady. Soňra topar dagady we Şatlyk aýdym ýoluna özbaşyna dowam etmäge başlady. Bu albom indie/country žanryna ýakyn bolmak bilen “Salam” ady bilen 2017-nji ýylda çykdy. Wagtyňyz bolanda diňläp görmegi maslahat berýärin, esasanam, Öz dünýäme men gidýän aýdymyny.

Gynansakda, hem ýerli aýdym-saz industriýamyz, hem-de diňleýjilerimiz alternatiw žanry kän bir halanok. Eýýäm birnäçe aý bäri münen taksimiň nähili aýdym diňlenilýändigini başardygymdan bellemäge synanyşýan. Maşynlarda diňlenilýän aýdymlar ýa türkmen halk aýdymlary, ýa rus dilinde soňky 20–30 ýylda mainstream bolan aýdymlar, ýa-da türkmen dilinde estrada, käte bolsa pop-räp. Elbetde arasynda Tyga, Soledad, Timberlake ýaly günbataryň aýdymçylary hem bardy. Ýagdaýyň şeýle bolmagynyň özi hem aslynda alternatiw žanr baradaky beýanymy subut edýär.

***

Geçen hepde reňkli+ neşirinde çap edilenler

reňkli poçta #4 bäri reňkli+ neşirinde şu aşakdaky iki makala ýerleşdirildi:

Köçeden ýygnandylar: Biraz arakesmeden soňra türkmen hip-hop industriýasyndan ünsümi çeken bir fenomen bilen dowam etmek isleýän. Gep owadanlap oturman asyl meselä geljek bolsam, indi türkmen räpde gangster rap çykarýan adam galmandyr. Iň bolmanda, indi asyl räp ýaly köçe barada aýdýanam ýok diýen ýaly. Türkmen räpiň ýaňy bir ösüp başlan wagtlary, özüni gangster ýaly alyp barýan räper köpdi. Biri-biri bilen battle girip, diss atyp aýdym çykarýanlar köpdi we şol tolkunyň özboluşly, gyzykly waýby bardy…

Eko-durmuş ýörelgesi şeýle ýönekeý: Belki, her kim şeýle bir ýagdaýy ýadyna düşürer: çyra ýanyp dur, ýöne otagda hiç kim ýok, ýa-da telewizor ýanyk, ýöne hiç kim oňa tomaşa edenok. Mesele nämede diýip pikir edersiňiz? Ýer ýüzünde näçe adamyň ýaşaýandygyny göz öňüne getiriň. Her kim çyrany ýa-da telewizory öçürmegi ýadyndan çykarsa, 100 sany güýçli elektrik stansiýasynyň üpjün edip biljek elektrik togy ýitirilýär. Her bir elektrik stansiýasynyň işlemegi üçin bolsa köp mukdarda gazylyp alynýan ýangyç gerek bolýar. Bir ýanýan çyranyň nähili gymmata düşýändigini görýäňizmi?…

***

Hormatly okyjy!

Teklipleriňizdir pikirleriňizi berdiyevbatyr@gmail.com adresine ugradyp bilersiňiz.

Eger reňkli poçta heniz agza bolmadyk bolsaňyz, hem agza bolmak üçin, hem-de reňkli+ neşirini goldamak üçin şu linke basyp bilersiňiz: https://www.buymeacoffee.com/renkliplus

Indiki sanlarymyzda duşuşýançak sag boluň!

Read more

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

Ridli Skottyň «Gucci-niň öýi» filminiň çykanyna üç ýyl geçenden soň, «Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder. Filmiň önümçiligine. Jorjio Guççi tarapyndan esaslandyrylan «Alkor Film» hem gatnaşar. «Gaumont Italy» kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri Marko Rozi: «Biz Jorjio Guççiniň teklibini kabul edip, maşgalasynyň ýardamy bilen dünýäde üstünlik gazanan şöhratly «Gucci» hakda

By reňkli+
Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

«Valentino-nyň» öňki kreatiw direktory Pierpaolo Piççioliniň öz ornundan gidenine entek bir hepde bolup-bolmanka, 25 ýyllap «Gucci-de» yhlasly işlän Alessandro Mikele onuň wezipesini eýeledi. Alessandro Mikele bu täzelik bilen bagly «Valentino-nyň» akkauntynda tolgundyryjy teswir goýdy. Teswirde şeýle diýilýär: –«Valentino-nyň» bir bölegi bolmak meniň üçin buýsanç. Men «Gözellik» sözüni taryhynyň bir bölegine

By reňkli+
Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

«Ýetginjekler soňky döwür saglyga howply bolup biljekdigine garamazdan şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Häzir olar muny «TikTok» ýaly sosial ulgamlarda trende öwrüp, ýoň etdiler» diýip, «New York Post» habar berýär. Meşhur blogerler saçlaryny şampun bilen ýuwmakdan ýüz öwürendiklerini aňladýan wideolary köpçülik bilen yzygiderli paýlaşýarlar. Blogerleriň içinde has ähmiýetlileriň biri hasaplanylýan Kaýnoa

By reňkli+